Içeri gir Agza bol
"ŞYGYRÝET AGSHAMY" basleshiginin netijeleri!

Forum | Gürrüňdeşlik | Erkin mowzuklar

Habar

1.  Turbojyk Täzeje [off]
12.03.2018 / 19:53
Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen
bir pursatlyk söýüň siz meni.

Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.

Söýüň meni — ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.

Söýüň meni siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý,
Men size bahasyz serpaý ederin —
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.
+ (3): siosiam, Gumlygelin, Aşyk Gurban,
Sag bolsun aýtdy (2): siosiam, Aşyk Gurban,
2.  SöSäM Täzeje [1022s]
12.03.2018 / 19:55
Kalp sesimdi Li Ya Kun, Sen berdin ylmy ledun.
In gowy goryan goshgym
3.  SöSäM Täzeje [1022s]
12.03.2018 / 19:57
Kalp sesimdi Li Ya Kun, Sen berdin ylmy ledun.
Yuz gezek okapdym doymandym muny
Mun gezek okabam doymaryn muny

wWw.Yurekdesh.Ru 2017-2018 ýyl
Türkmenistandaky ýeke-täk forum saýt
© by Aly Ilamanow
Statok.net