| Öwreniji Kesxa [off] (01.01.1970 / 05:00) Amorf we metamorfoz, oňatlyk. |
Öňem bir daşary ýurt degişmesi bara...
Bir döwletde syýasy gapma-garşylyklaryň güýçlenen günlerinde bir edara işgäri ikiýüzlilik edip kommunistleri nahara çagyrypdyr. Öýündäki totuguşynyň kapasasynyň üstüni mata bilen basyryp goýupdyr. Nahara gelenlerinde öý eýesiniň totuguşy "Kommunistler güm bolsun ýaşasyn kapitalizm" diýip gygyrypdyr. Myhmanlar öý eýesini ýenjip gidipdir. Aradan biraz wagt geçenden soň bu sapar kapitalistleri nahara çagyrypdyr. Totuguş indi kapitalistlara sögünip gygyrypdyr. Ýene öý eýesi taýak iýip, köpçülik bilen arsy açylypdyr. Totuguşynyň ýeleklerni ütüp towuk ketege towuklaň ýany dykypdyr welin, towuklar totuguşyň üstünden gülüpdir. Totuguşyň gahary gelip "Men siz ýaly loly bolup basylmadym, syýasy pikirlem sebäpli tussag edildim" diýipdir.