| Özümiziňki Gulmahrem [off] (01.01.1970 / 05:00)
|
Wagt ýitirip okanyňa görä, özüne çekiji, many-mazmuna ýugrulan saýlama eserlerden mowzuk goýulaýsa gowy boljak. Saýtdaşlarmyzyň içinde-de köp, döredijilik bilen meşgullanýanlarymyz. Nämüçindir paýlaşmaýarlar. Hekaýadyr, goşgular ýazmakda bäsleşikler geçirilse gyzykly bolardy. Dürli tarapdan mowzuk açylsa-da gowy. Men-ä esasy, tertip-terbiýe bilen baglanşykly mowzuklary halaýan. Wagyzlar goýulsa, arasynda degişmeler bolsa, öz aramyzda gülküli başdan geçirmelerimizi gürrüň berip, göwün açyşmalar bolsa, gowy bolaýjak ýaly, meniň pikirimçe.