“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Kimin nira gideni gyzykly dal mana esasy zat kimin men in bn galmagy#Maxrim_MV

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Döwletleriň atlarynyň nähili manysy bar?
Premium
 Admin [on]
 11.01.2024 / 22:20
 Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!

Bu sowal köpüňizi gyzyklandyrýan bolsa gerek. Dünýä döwletleriniň köpüsi bilen-ä tanyşsyňyz?! Eýsem, olaryň atlary nähili manyny aňladýar? Bilesiňiz gelýärmi? Baş üstüne!

Ýurtlaryň atlary örän gadymdan gözbaş alýar. Olaryň köpüsi ýerleşýän ýerine, tebigatyna, halkyna görä atlandyrylypdyr. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyşlyk açalyň.

Meselem, Norwegiýa. Gadymy iskandinaw dilinde ýurduň ady «Norýegr». Bu «demirgazyga tarap ýol» diýmegi aňladýar.

Islandiýa. «Ice land» – «Buzlaryň ýurdy» ýa-da «Buzly ýurt» diýmegi aňladýar.

Müsür. Bu at Arabystan ýarymadasynyň we alynky Aziýanyň halklarynyň gadymy «Misr» sözünden döräpdir. Bu olaryň dilinde «ilatly ýer» diýmekdir. Olar biri-birine ýakyn bolan şäherleriň, obalaryň köp bolandygy üçin bu ülkäni şeýle atlandyrypdyrlar. Müsürlileriň özleri we dünýäniň köp ýurtlary bu ýurdy şol at bilen atlandyrýarlar. Emma Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde Müsüriň gadymy greklerden galan Ýegipet ady ýörgünlidir.

Awstriýa. Bu gadymy «Österreich» diýen nemes sözünden gelip çykyp, «Gündogar ýurdy» diýmegi aňladýar.

Hytaý. Hytaýyň ýerli ilaty öz ýurduny Çžungo diýip atlandyrýarlar. Çžungo – «ortadaky döwlet» manysyny berýär. Hytaý ady ýurduň demirgazygynda ýaşan kidan taýpasynyň adyndan galandyr diýip çaklanylýar. Türkmenler kidanlara gara-hytaýlylar diýipdirler.

Braziliýa. Gymmatbaha gyzyl agajyň portugal dilindäki adyndan gelip çykandyr.

Eýran. Ýurduň häzirki ady Awestadaky Ariýana adyndan gaýdýar. Ol «Ariýleriň ýurdy» diýmegi aňladýar.

Lýuksemburg. Bu nemes dilinden terjime edilende «lucilinburch», «kiçi şäher» diýmekdir.

Bahreýn. Pars aýlagy sebitinde ýerleşen monarhiýa gurluşly döwletdir. Ýurduň ady «Iki deňiz» diýen manyny berýär.

Tailand. Ýewropalylaryň koloniýasy bolmandygy üçin, bu ýurdy «erkinleriň ýurdy» diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň Tailand ady ýewropalylaryň dakan ady. Ol «taýlaryň ýurdy» diýmegi aňladýar. Taý «erkin», «azat» diýmegi aňladýar.

Sudan. Bu at araplaryň «Bilad as-sudan», ýagny «Garalaryň ýurdy» diýen sözünden döräpdir.

✏ "Turkmengazet".


54

14

4

4

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  Ayyrylman diyip yone aldan ekeni
 12.01.2024 / 03:37

+0

Gen galdyrdyrjy ekeni

 Premium
 Dreamfull [off]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 12.01.2024 / 14:46

+0

Islandiýa. «Ice land» – «Buzlaryň ýurdy» ýa-da «Buzly ýurt» diýmegi aňladýar.

Onem bilodum suny

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 12.02.2024 / 11:33

+0

 Premium
 BAYOGUL [off]
  ,,Daş" kä bir adamlaryñ ýüreginden ýümşakdyr !
 01.05.2024 / 18:08

+0

Gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hic kime nesip etmedik gyz 1


Mlds gowy eken...dowamy...

Kerim Gubannepesow -Ömrüme pent


Шахырын камиллигни субут эдян гошгыларнын бири!!...dowamy...

Kerim Gubannepesow -Ömrüme pent


Malades bir like menden Men barada asjak diyip aldawcy...dowamy...

Kerim Gubannepesow -Ömrüme pent


İn halayan gosgym su👍👍...dowamy...

soygi we dostluk


Gorkunç jenaýatlaryň, ýitirim bolup soň geň görnüşde tapylanda gaty üýtgän kişileriň, iň gorkunç ölümleriň, 13 çagasyny günde 20 sagat zynjyrlaýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
Muawiye (Şugün, 12:58)

Hic kime nesip etmedik gyz 1


mlds gowy mowzuk eken...dowamy...

soygi we dostluk


...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
Kicxikge (Şugün, 12:54)

Hic kime nesip etmedik gyz 1


...dowamy...

soygi we dostluk


Soraga bir dâl iki jogap bolar. Dostluk hem bolup biler, hem bu dostluk sôygâ ôwrûlûp biler. "Howa bolya" yada "yok bolonok" diyp bolmayar. Bu og...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
EpifiZ (Şugün, 12:38)

MEN — ÝÜREGINE URLUP GÖZI GÖGEREN"


Mlds...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика