“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Bir wagtlar gowuşmak üçin doga eddigim birini, bu gün unudmak üçin doga edýärin..#.fileo

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

REMEZANYŇ SOWGADY
 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 08.04.2024 / 20:03

Ertir şu ýyldaky mübärek Oraza aýynyň soňky güni. Geçen wagtyň dowamynda daň atandan Gün batýança aralykda iýip-içmekden saklanyp, agyz beklemegiň esasy talaplarynyň birini ýerine ýetirendiris. Oraza aýy diňe bir iýip-içmekden saklanmak däl, eýsem özümiziň ýaramaz endiklerimizden hem saklanmak, özümizi saklap bilmekligiň bir aýlygydyr. Ýagny, Oraza tutmak diňe agyz beklemek däl, özümize ählitaraplaýyn erk etmek aýydyr. Aý dogan mahaly turuwbaşdan berk niýet edip, Oraza tutmagy ýüregimize düwen bolsak, soňra yhlas bilen ýerine ýetiren bolsak, bu özümize erk edip bilýändigimiziň, özümize hem diýen etdirip bilýändigimiziň aýdyň subutnamasy. Diýmek, bir zady ymykly ýüregimize düwsek, biz şony bitirip biljek ekenik. Remezan orazasynyň mysalynda biz juda köp zatlar dogrusynda netije çykaryp bilýäris. Remezan aýy bize nämeleri öwredip bildi? Biz bu öwrenen zatlarymyzy nähili özleşdirmeli? Nähili dowam etmeli? Remezanyň tutuş ömre ýetjek peýdalarynyň käbirlerini ýatlalyň: Remezan özümize erk etmegi öwretdi. «Özüne erk edip bilýän, ömrüne hem erk edip biler» diýen jümle bar. Otuz günläp öwrenen zadymyz, öwrenişen häsiýetimiz hemişelik endigimize öwrülse, geljegimizi dogry-dürs kesgitlemek, asylly maksatlar üçin aýgytly gadam urmak, ykbalymyza, durmuşymyza erk etmek bize başardar. Remezanyň öwreden zatlarynyň ýene biri — ir turmak endigi. Diňe biziň halkymyzda däl, eýsem, dünýäniň ähli halklarynda hem ir turmagyň bereketi hakynda juda köp zatlar aýdylýar. Ir oýanmagyň, ir turmagyň tutuş durmuşyňyza neneňsi täsir edýändigini has düýpli öwrenmek isleseňiz, Hel Elrodyň «Säheriň jadysy» atly eserini okamagy maslahat berýäris. Türkmen halkynda hem «Rysgalyň ondan dokuz bölegi säher wagty paýlanarmyş, galan bir bölegi tutuş günüň dowamynda çöplenilýär» diýilýär. Şonuň üçin, täze öwrenen zadyňyzy — Remezanyň bu ajaýyp sowgadyny — ir turmaklygy endigiňize öwrüň, ýene-de ir turmaga dowam ediň! Bu rysgal-bereketiňiziň has-da köpelmegine sebäp bolar. Remezan aýynda ýaramaz endiklerimiziň köpüsinden, has dogrusy ählisinden diýen ýaly hem saklanandyrys. Oňlanylmaýan pişelerden, gylyksyz häsiýetlerden otuz günläp saklanyp bilen bolsak, ýene bir otuz gün, soňra ýene bir otuz gün saklanyp bileris. Şonuň üçin, Remezandan öňki bar bolan ýaramaz häsiýetlerimizi ýa-da endiklerimizi Oraza aýy tamamlanandan soňra hem asla gaýtalamajak bolalyň. Gerekmejek endiklere dolanmalyň, yza dönmäliň. «Ähmiýet ýok zatlary terk etmeklik hakyky musulmançylygyň bir alamaty» diýen paýhasly jümle bar. Hiç hili peýdasy, ähmiýeti ýok zatlary belli-külli goýbolsun edip, Remezanda özümizi nähili alyp baran bolsak, ýene şeýle röwüşde dowam etmegimiz gerek. Iň agyr düşýän zatlaryň biri — iýip-iýmekden saklanyp bilmek. Remezan orazasynda artykmaç iýip-içmekden saklanyp bilýändigimizi görkezdik. Diýmek, nahar-tagamda isrip etmekden, yrýa etmekden, aşgazana agram salmakdan saklanyp bilýändigimiz; Bu häsiýetimizi ýene-de dowam etmeli. Üstesine, islendik zat babatda, esasanam iýip-içgide, sowalgada öte geçmek, ýagny gereginden artyk mukdarda garbanmak ýa-da zerur bolmasa-da täze-täze zatlary satyn alyp ýörmeklik isripdir. Isrip — ilki bilen gazanç-girdejiniň, soňra bolsa tutuş ömrüň bereketini köýdürip bilýär. Şonuň üçin edýän amallarymyzyň, hereketlerimiziň, iýip-içgilerimiziň, gazanç-girdejilerimiziň, tutuş ömrümiziň has-da bereketli bolmagy üçin isrip etmejek bolmaly. Remezan aýynda haýyr-sahawat etmek, ýagşylyk etmek, mätäçlere, hassalara, ýarawsyzlara kömek etmek, olaryň hal-ýagdaýyny soramak, ýakyn garyndaşlarymyzdan habar alyp durmak, garyndaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek ýaly asylly häsiýetlerimizi ýene-de dowam etmegimiz gerek. Çünki bu zatlar diňe özümize däl, eýsem, ýedi arka nesil-neberämize haýry-sogaby ýetýän ýagşy amallardyr. Remezan orazasy ynamymyzy güýçlendirýän, yhlas etdirýän aýlaryň biri. Şol yhlaslylygy özümiz bilen dahylly beýleki asylly işlerimizde hem yzygiderli dowam etmeli. Yhlas bilen bitirilen işleriň haýry-höziri, bereketi has köp bolýar. *** Remezan orazasynyň bize öwreden zatlary sanardan köp. Öwrenen zatlarymyzy özleşdirmek, özümizde endige öwürmek arkaly biz Remezanyň bereketini tutuş ömrümize ýaýyp bileris.

44

12

4

4

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 08.04.2024 / 20:48

+0

 Gerekli
 imissyou [off]
  Ben kabuk tutan yaramı bir kez daha Kanatmam..!!!
 09.04.2024 / 00:07

+1

 Öwreniji
 zveezda [43s]
  " Durmuşda özüňi gowy alyp bar! "
 09.04.2024 / 03:40

+0

Sagbol

 Betinden
 rexha [off]
  Рaзочарована, но них*я нe удивлена🗿
 11.04.2024 / 02:35

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Betbagyt gyz 7


Mlds gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 7
BAYOGUL (Şugün, 20:41)

Betbagyt gyz 7


Yzyn goýaýda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 7
orazovaa (Şugün, 20:19)

Dünýä tasinlikleri


Haladym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
HAKYKAT (Şugün, 01:09)

Senden başga bu dünýäde kimim bar


Men edern ...dowamy...

Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)


гоуязпсн...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)
Ейжежик05 (Düýn, 22:56)

Dünýä tasinlikleri


Haladym like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
EpifiZ (Düýn, 22:51)

Dünýä tasinlikleri


hmm bah...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
Yekejelai (Düýn, 22:51)

Dünýä tasinlikleri


Halasañyz like basmagy unutmañ ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
Prenses (Düýn, 22:50)

Namaz


Ýoýup gürrüň bermäge ýaman ökde bular ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Namaz
Agzamen (Düýn, 21:50)

Namaz


Ýüzüni eli bilen ýapyp duran stiker......dowamy...
Erkin mowzuklar | Namaz
Muawiye (Düýn, 21:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика