“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
“After meeting you, I always smiled. You always made me smile.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

MAÝYP
Premium
 BAYOGUL [15s]
 23.04.2024 / 15:19
 ,,Daş" kä bir adamlaryñ ýüreginden ýümşakdyr !

20:29Maýyp
MAÝYP

Ol doguldy we ulaldy. Dogulmak bilen ulalmagyň arasyndaky çagalyk wagtlary hakda onuň ýatlasam gelenokdy. Ýatlasa diňe kakasy göz öňüne gelýärdi. Ýogsa-da onuň bu gün kakasy aýryldy. Mähelle üýşdi öýüne. Perzent hökmünde kakasynyň baş ujuna geçip aglamalydy welin ol jaýyň bir burçuna geçip otyrdy. Şol jaýyň şol burçy, hemişeki gizlenilýän burç. Göýa ol burç ony ähli howp-hatardan goraýan ýalydy. Näçe daňlar agarypdy ol burçda. Kakasynyň aýlyganç sesinden gorkup, ejesiniň yzyny üzmän, gygryp aglaýyşlaryndan gaçyp sygynylýan ýerdi ol ýer. Bu gün kakasy şol jaýda, şol ýatýan ýerinde ýene ýatyr. Onda bolsa şol çagalykdan galan gorky bar. Kakasynyň ýanyna barsa ýene ony elinden tutup süýräp zyňaýjak ýalydy.
Tabydy galdyrmalydy. Ýöne hiç kim el urasy gelenok. Ol pikirlerinden daşlaşyp töweregine göz aýlady. Biri kellesi bilen ümlese, beýlekisi göz-gaşy
bilen ümleýär. Biri-birine salyşyp durlar. Şol wagt ejesi:
---Ölýänçä-hä süýrediňiz, indi tabyt götermäge gezek gelende bir-biriňize salýaňyzmy?
---Bagyşlaň ýeňňe – diýip gapdalda duranlaryň biri tabyda tarap ýöredi. Ondan soň ýene ik-üç sany adamlaryň hersi bir tarapyndan tutup tabydy galdyrdylar.
Tabyt galdy, ol bolsa tabydy galdyran adamlara seredip ýene oýlandy.. Hawa, bular şol adamlar. Kakasy lul-gammar serhoş bolan wagty şol
adamlar getirýädi öýüne. Bu gün ýene şolar iň soňky ýola alyp barýar. Täsin dünýe...
Ses etdiler...
---Waý, doganjygym gitd-ä-ä-ä...
---Waý, arkamyň dagy gitd-ä-ä-ä...
---Waý, oglum, söýenjim, daýanjym gitd-ä-ä-ä...
Tabyt salynan ulag ýuwaşyk bilen gözden ýitdi. Sesler bolsa heniz ýatanok. Garry enesi henizem: “Wah, oglum gitd-ä-ä-ä, söýenjimdi, daýanjymdy” diýip ses edip aglaýady. “Özüni söýäp bilmeýän adam seni nädip söýesin ene?! Özün dälmi: “Ölmedem, dynmadymam” diýip ýören?!” diýesi geldi. Ýöne dymdy. Şol wagt:
---A, gyz ataň öldi, ataň. Nä ýedi ýadyň aýadyna geldiňmi? Ýalandan bolsa-da aglan bolarlar. Eý heleý, gyza nähili terbiýe berdiň sen? – diýip kakasynyň
aýal dogany gygyrmaga durdy. Ol sesini çykarmady, özüne diýilmeýän ýaly äwmezçilik etdi.
---Gyz meňki, nähili terbiýelejegimi senden soramaryn. Çagada ýürek goýduňyzmy gyýylyp aglar ýaly. Çagalykdan görýäni uruş, taýak, sögünç. Mähir görüpdirmi çagam. Ne il hatary okuw okady, ne il hatary garny doýdy çagamyň. Ne il hatary geýim geýdi. Atasy tapanyny serhoşlardan geçirdi. Iller bir manat tapsa öýüne elter. Ol tapanyny köça taşlady. Humar oýnady. Kim gürlese-de sen gürleme – diýip ejesi içigip-içigip aglady.
Ol bolsa henizem pikirlenýär, çagalygyny ýatlaýar. Hawa ol
çagalygyny ýatlaýar eger oňa çagalyk diýip bolýan bolsa. Iller çagalygyny ýatlasa ilkinji geýen köýnegini, ilkinji geýen köwşüni ýa-da ilkinji oýnan oýunjagyny ýatlar. Ýa bolmasa-da ilkinji mekdebe baryşy, ejesi, kakasy bilen gezelenje
giden ýerlerini ýatlar. Ol bolsa daýzasynyň gyzynyň geýýän köwüşleri könelensoň şolary iki gat jorap bilen geýişi, özüne uly bolan eşikleriň ýeňlerini çermäp geýişi göz öňüne geldi. Şonda-da ol mekdebe barýanyna begenýädi. Sebäbi diňe şol ýerde ol özüni arkaýyn duýýardy. Onuň çagalygyndaky iň gowy pursatlary diňe şol kiçijek oba mekdebinde bolupdy. Oňa mugallymlaryň öwgüli sözleri, alýan oňat bahalary teselli berýärdi.
Mähelle dargady. Ol bolsa henizem şol ýerde, henizem geçmişinden çykyp bilenok. Bir tarapdan özüniň aglap bilmän oturşuna gahary gelýädi.
Dogry-da, kakasy aradan çykarda haýsy gyz perzent aglaman durar?! Birdenem mugallymynyň: “Maýyplyk diňe beden taýdan bolmaýa. Ruhy maýyplyk hem bolup biler. Ýüreginde duýgusy ýok adamyň maýypdan tapawudy ýok.” diýen sözleri ýadyna düşdi. Ol özüniň name üçin aglap bilmän oturanyna göz ýetirdi. Ýüreginde hiç hili duýgy galmadygyna düşündi. Ol çaga bolmady, ullakan çaga boldy. Özi sagdyn emma ruhy maýyp çaga boldy. Ýeri, onuň günäsi näme?!

Awtory:Aýsapar EMELOWA


28

7

3

1

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Aiperilai [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 23.04.2024 / 20:36

+0

 Betinden
 rexha [off]
  Рaзочарована, но них*я нe удивлена🗿
 23.04.2024 / 22:03

+0

Şol Aýsapar dzlymy?


Premium
BAYOGUL [15s] (23.04.2024 / 22:03) 

rexha, bilmedim


Betinden
rexha  (23.04.2024 / 22:05) 

BAYOGUL, Hmm

 Betinden
 rexha [off]
  Рaзочарована, но них*я нe удивлена🗿
 23.04.2024 / 22:05

+0

Söz ýokla eserlerine

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Betbagyt gyz 7


Mlds gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 7
BAYOGUL (Şugün, 20:41)

Betbagyt gyz 7


Yzyn goýaýda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 7
orazovaa (Şugün, 20:19)

Dünýä tasinlikleri


Haladym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
HAKYKAT (Şugün, 01:09)

Senden başga bu dünýäde kimim bar


Men edern ...dowamy...

Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)


гоуязпсн...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)
Ейжежик05 (Düýn, 22:56)

Dünýä tasinlikleri


Haladym like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
EpifiZ (Düýn, 22:51)

Dünýä tasinlikleri


hmm bah...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
Yekejelai (Düýn, 22:51)

Dünýä tasinlikleri


Halasañyz like basmagy unutmañ ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
Prenses (Düýn, 22:50)

Namaz


Ýoýup gürrüň bermäge ýaman ökde bular ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Namaz
Agzamen (Düýn, 21:50)

Namaz


Ýüzüni eli bilen ýapyp duran stiker......dowamy...
Erkin mowzuklar | Namaz
Muawiye (Düýn, 21:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика