“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
verdigin sozlerin sahibi değilsin)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Halaýan gyzyña goşgy ýazmak #degişme
 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 14.01.2024 / 12:02

Salawmaleýkimler. Goşgy ýazmak gowy zat, şeyle dälmi? Ýazyp bilseň. Hasam halaýan gyzyňa ýazmak? Ýöne hemme wagt beýle bolmaýar...

6-njy klasda okap ýörin. Klasda bir gyz bar, birbirimizi halaýas. Halaýas diýşimem duşuşyk zat yok, agşam öyde hat ýazyp ertesi güni birbirimizin kitabymyza ya-da sumkamyza goýýarys. Toýda zatda uzakdan birbirimize seredip gülüşýäs. Bar bolanam şu. Bir gün gyz bilen söwüşdik. Näme üçin söwüşenimem bilemok, bolgusyz samsyk zat bolmaga çemeli. Gyz menin bilen gürleşenok, hat berenok. Men hat ýazyp kitabynyň arasyna goýýan, sumkasyna oklaýan welin bolar ýaly dal, okamanjyk ýyrtýa nazlije söýgilim. 1 hepde ýaly gürleşmedi meniň bilen. Näme etsem goýsamkam diýip pikirlendim, nädemde gyz menin bilen ýaraşar? İň soňunda kelläme bir pikir geldi; Gyza goşgy düzmek ve düzen goşgymy okap kasseta ýazdyryp gyza bermek pikri. Şuwagt içinizden diýýänsiňiz, haý samsyk, beýle-de bir pikir bormy? Sebäbi men özüm diýýäan. Ýöne ol wagtlar ol pikir örän ýerlikli diýip pikir edipdim, hatda özim bilen buýsandym.Goşgyny ýazdym. Goşgy diýmäge dilim baranok. İlkinji-je kupleti häzirki ýaly ýadymda;

Sen meniň söygilimdiň,
Näme boldy öýkelediň?
Hatym almasaň ýazmaryn
Ýüzüňe-de seretmerin...


Görşüniz ýaly, kupletiň başdaky iki setirinde gyza it ýaly ýalbarýan, näme öýkelediň diyyän. Soňky iki setirde-de hatmy almasan ýüziňe-de seretmerin diyyän. Şolar ýaly gowy goşgy. Gyz bu goşgyny eşitse ýaraşmaga beýlede dursyn, obadan göçer. Goşgyny okap ýazdyrdym magnitafona. Goşgy gutardy, kassetada-da entek ýer köp. Ýene ýazga dowam etdim, gyza güjük ýaly ýalbarýan, Hatyjaaa, ýaraş meniň bileenn, men bir kesele duçar boldym we indiki hepde operassiýa bolýaaan ýaşap ýaşamajagymam belli däääl diyip jögisireýän. Ynansyn diýip aram aram burnumy çeken bolýan. Aý garaz masgaraçylyk. Şeýdip, aglap eňräp kassetaň bir tarapyny doldurdym. "B" tarapy entegem boş. İndi bir dur ahyry samsyk, onça samsyklyk etdiň? Ýok dostlar durmadym. Duryp bilmedim. Kassetaň "B" tarapynada Nury neressaň ilkinji albomyndaky ''Hatyja'' diyen aýdymyny ýazdyrdym, Seydiniň goşgysy;


Göziňe sürme ýaraşar,
Biliňe tirme ýaraşar.
Saçyňa örme ýaraşar,
Saçlary şamar Hatyja

Ertesi güni okuwa gitdim. Klasa girdim kitaplarymy stola goyup daşary çyktym. Kasseta-da ýanymda, nädip bersemkam diyip pikirlenýän. Borlaý, bir ýagdaýyny tapyp bererin diyip klasa geldim. Kitaby açdym welin, Hatyjanyň hatyny gördim. Menin bilen ýaraşdy, şeýlelik bilen kassetany bermedimem...

Aradan birnäçe ýyl geçdi, okuwy gutardyk, Hatyja başgasy bilen durmuş gurdy. (Zarba atly makaladaky gyz) Bizem näme, gulluk, okuw diyip aladalanyp ýöris. Kasseta-da yatdan çykdy Hatyja-da. Kim bilýä nira goýdym kassetany, Huday bilsin. Bir gün it yaly kaňkap agşamara öýe geldim. Köwşümi çykaryp durkam eýwandan bir owaz gelyar. Sesi garganyň sesi ýaly ýetginjek bir zatlara samyrdaýa. ''Hatyjaaa, ýaraş meniň bileeenn, men operassiya bolýaaan, men ölýäänn''. Bah haýsy arwahyň sesäý bu diýip içeri girsem, öýdäkiler meniň şooool dolduran kassetamy tapyp dinläp otyr ekenler. Men öýe girdim welin gülkileri asmana galdy. Ejem, jiglem hemmesi gyrylýa. Entegem kakam ýokdy öýde, agzyma deperdi ýogsa. (Agzyma deperdi diýsem, agzyma aýagyny goýup yuwaşja itip goýberedi, soňam aýagy bilen şapbatlardy) Bu nämay, name edýäňizay siz, adamçylygynyzam ýokmaý, utandyrmaňdarow diýip, ylgap magnitafony öçürdim. Adamçylyk priçem bärde? Näbiläýin, näme diýjegimi bilmän samradym-da bir zatlar. Soňam kiçikge çagalar ýaly torsarylyp Ak otagyma gitdim. Otagymda otyryn ejemiň sesi eşidilýä, telefonda gürleşýä; hahaha, a gyz Aýgözel, meniň oglym şahyr bolup kasseta çykarypdyr, hökman alyň daşary çykan wagtynyz haha... Gülmekden gürläp bilenok.

Ana şeýdibem menin şahyrlyk karieram gutardy. Her kim öz edip bilýän işini etmeli. Men kim goşgy kim.
Ajykdym.


By : AdamOgly


59

15

5

5

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 14.01.2024 / 13:55

+0

Men däli bolsam zynjyrym sensiň

maňa düzülen goşgyny ýatlatdy bu waka soňky setiri ýadymda galypdyr)


Öwreniji
EjegyzS  (14.01.2024 / 22:52) 

Arzuw, Size düzülen goşgyny okama mümkinçiligimiz barmy?)


Özümiziňki
Arzuw  (15.01.2024 / 02:24) 

EjegyzS, ýitip gitdi ýatdada soňky setiri galdy)


Öwreniji
EjegyzS  (15.01.2024 / 09:59) 

Arzuw, düşnükli 😄

 Premium
 Dreamfull [off]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 14.01.2024 / 15:07

+0

haha.....hey bolyada.Herkimin yatlamasy ozine suyji diyshi yaly kopzad tasir edijem dal.Yylgyrtdy)


Öwreniji
EjegyzS  (14.01.2024 / 22:52) 

Dreamfull, Ýylgyran bolsaň bolýa-la,täsir etdirp näme etjek 😂🔫


Premium
Dreamfull  (14.01.2024 / 22:54) 

EjegyzS, Kopbilme)Aha


Öwreniji
EjegyzS  (14.01.2024 / 22:57) 

Dreamfull, Bibi gowworýän seni)


Premium
Dreamfull  (14.01.2024 / 22:57) 

EjegyzS, Menem seni(gymmadlym)


Öwreniji
EjegyzS  (14.01.2024 / 22:59) 

Dreamfull,


Premium
Dreamfull  (14.01.2024 / 23:02) 

EjegyzS,


Öwreniji
EjegyzS  (14.01.2024 / 23:09) 

Dreamfull, wiýý o smaýlik başgaça ekena men ýañagyndan ogşaýandyr diýip ugradypdym masgaraaa


Premium
Dreamfull  (14.01.2024 / 23:11) 

EjegyzS, Shon un aljyrap durunda menem😅


Öwreniji
EjegyzS  (15.01.2024 / 00:05) 

Dreamfull, Gaty utandymoow🗿

 Özümiziňki
 Perman [off]
  ▪ Ýylgyr, gussalarñy unut bir sellem◀
 15.01.2024 / 03:37

+0

Ony

Gowja makala, ýarady:like+
Köneçil we şunuñ ýalja ýatlamaly hemem soragçyl (teswirläniñe degãýjek zdlar bolsa hasam gowy) zadlar ýazylan makala bolsa gowy.. LIKE PLUS


Öwreniji
EjegyzS  (15.01.2024 / 10:01) 

Perman, Üns berip okanyñyz üçin sagboluñ 🙃

 Özümiziňki
 King-official [off]
  Yamaçlarından sapsarı saçlarından avuçlarından A❤️
 15.01.2024 / 08:12

+0

javascript:tag('', '')



cxoto javascript kotlamasy basyldy ayyrybam bolonok

 Premium
 BAYOGUL [44s]
  ,,Daş" kä bir adamlaryñ ýüreginden ýümşakdyr !
 01.05.2024 / 18:04

+0

Dogry

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kerim Gubannepesow -Ömrüme pent


Шахырын камиллигни субут эдян гошгыларнын бири!!...dowamy...

Kerim Gubannepesow -Ömrüme pent


Malades bir like menden Men barada asjak diyip aldawcy...dowamy...

Kerim Gubannepesow -Ömrüme pent


İn halayan gosgym su👍👍...dowamy...

soygi we dostluk


Gorkunç jenaýatlaryň, ýitirim bolup soň geň görnüşde tapylanda gaty üýtgän kişileriň, iň gorkunç ölümleriň, 13 çagasyny günde 20 sagat zynjyrlaýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
Muawiye (Şugün, 12:58)

Hic kime nesip etmedik gyz 1


mlds gowy mowzuk eken...dowamy...

soygi we dostluk


...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
Kicxikge (Şugün, 12:54)

Hic kime nesip etmedik gyz 1


...dowamy...

soygi we dostluk


Soraga bir dâl iki jogap bolar. Dostluk hem bolup biler, hem bu dostluk sôygâ ôwrûlûp biler. "Howa bolya" yada "yok bolonok" diyp bolmayar. Bu og...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
EpifiZ (Şugün, 12:38)

MEN — ÝÜREGINE URLUP GÖZI GÖGEREN"


Mlds...dowamy...

soygi we dostluk


Howwa bolup biler...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
BAYOGUL (Şugün, 12:28)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика