Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : "Dözemok saña" diýýärdiñ, seret nähili hala getirdiñ meni..

Forum | SAÝT BARADA | Saýt täzelikleri

Üns beriň: TÄZE MODERATORYŇ DÜZGÜNLERI
Premium
 Belki [off]
 27.06.2025 / 10:56
 Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!

HEMMÄNIŇ DYKGATYNA!

Salam, gadyrly agzalar! Şu gün saýta täze moderator
bellendim. Men wezipäm boýunça agzalaryň köpçülikde özüni alyp baryşlaryna seredýärin!
Eger kimde-kim saýtyň içinde (forum ýa pikirler parhy ýok) edep-tertip çäginden çykyjy sözler aýtsa ýa-da şahsyýeti kemsitse bir gezek duýduryş beriljekdir. Duýduryşy nazara almadyk ýagdaýynda wagtlaýyn (wagtyny indi kesgitlejek) ban beriljekdir.
Her gezegem düzgün bozulma ýagdaýynda wagtlaýyn banyň möhleti artdyryljakdyr.
Galyberse-de şahsy hatda aýdylýan sözlere biz jogapkärçilik çekmeýäris. Eger bimaza bolsaňyz şahsyňyzy ýapyp, ýa-da gara sanawa goşup bilersiňiz!
Bu düzgünleri okamazlygyňyz sizi jogapkärçilikden boşatmaýar!

Hormatlamak bilen täze moderator @Belki.


161

60

28

8

3

1

3
Mowzugy vip edenler:
Bezzat - 7 sagat vip etdi!
(27.06.2025 / 14:39)
Teswirler:
 Premium
 BAY-HAN [off]
  Derdi beren Alla dermanyny hem berer
 27.06.2025 / 11:00

+3

Dunye kimlere galdy


Premium
Bezzat  (27.06.2025 / 14:28) 

BAY-HAN, atam giňrak bol


Betinden
Sebap  (27.06.2025 / 23:54) 

BAY-HAN, erbet dala ol agzada

 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 27.06.2025 / 11:02

+0

Ýene bir bellemeli zat: Asla şahsy meselelerim üçin agza banlamaryn. Mundan arkaýyn bolup bilersiňiz.Edepsiz sözler aýtsaňyz, islendik kişä sögseňiz, şahsyny kemsitseňiz (muňa menem degişli) ban aljaksyňyz.
Ikitaraplaýyn sögünç sözler aýdylyp başlanan ýagdaýynda ilkinji aýdyp başlana duýduruş beriljekdir. Eger dowam edilse, ilkinji başlana ban, jogap hökmünde sögene duýduryş beriljekdir.
Iň esasy zadam: Meniň gelen netijelerimiň üstünden @Permana we beýleki moderatorlara arz etme mümkinçiligiňiz ýokdur. Öz ban beren kişimi diňe men bandan açyp bilerin!


Premium
Bezzat  (27.06.2025 / 14:32) 

Belki, arz etmejegime soz berýan hormatly morderatorymyz elmydama janyňyz sag başyňyz dik bolsun!


Premium
Belki  (27.06.2025 / 14:41) 

Bezzat, duzelyan ) minnetdar!


Premium
BAY-HAN  (27.06.2025 / 15:38) 

Bezzat,

 Täzeje
 Olya [off]
  Işiňiz bolmasyn
 27.06.2025 / 11:04

+0

Sepäp nirde


Premium
Belki  (27.06.2025 / 11:11) 

Olya, onki moderatorlaryn hijisem ayrylanok.


Betinden
Sebap  (27.06.2025 / 12:55) 

Olya, bargy menem

 Täzeje
 Maleficent [off]
  Злая фея с добрым сердцем...🖤
 27.06.2025 / 11:08

+0

Eşitdiňizzämi?


Premium
Belki  (27.06.2025 / 11:10) 

Maleficent, cozdummi ya cozmedimmi sony ayt ))


Täzeje
Maleficent  (27.06.2025 / 11:11) 

Belki, daş etdiň

 Täzeje
 Felicity [1m]
  Не знаю как вы но я очень люблю дождь...
 27.06.2025 / 11:09

+0

Wööh

 Täzeje
 Felicity [1m]
  Не знаю как вы но я очень люблю дождь...
 27.06.2025 / 11:10

+0

Indi men polna bozgaklyk etjekdirin sen sayanda


Premium
Belki  (27.06.2025 / 11:12) 

Felicity, goni ban 😁


Täzeje
Felicity  (27.06.2025 / 11:13) 

Belki, sur bihh men betcilik açjak bolup otyryn sen sayanda


Täzeje
Felicity  (27.06.2025 / 11:14) 

Belki, Mahym mana edenini et diydi


Premium
Belki  (27.06.2025 / 11:20) 

Felicity, sur diyenin ucin duydurys!

 Täzeje
 Felicity [1m]
  Не знаю как вы но я очень люблю дождь...
 27.06.2025 / 11:11

+0

Maña volya


Premium
BAY-HAN  (27.06.2025 / 11:13) 

Felicity, sen zor-a tüweleme


Täzeje
Felicity  (27.06.2025 / 11:15) 

BAY-HAN,

 Täzeje
 Felicity [1m]
  Не знаю как вы но я очень люблю дождь...
 27.06.2025 / 11:12

+0

Oglanlara azar berjega indi


Premium
Power  (27.06.2025 / 22:36) 

Felicity, menden başgamy))


Betinden
Sebap  (Düýn, 07:01) 

Felicity, olara ber gunlerine goymagyn

 Täzeje
 Galaxy [off]
  хочется быть медузой...🪼
 27.06.2025 / 11:12

+0

Ine bu başga gep!

 Täzeje
 Mennabileyin [off]
 27.06.2025 / 11:20

+0

Ustunlik arzuw etyas
Felicity banla azar berya maña😁😁😁😁

 Täzeje
 Khanture00 [off]
  Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran
 27.06.2025 / 11:36

+0

Malades!!!

 Täzeje
 Ahmal [off]
 27.06.2025 / 11:56

+0

Şeýdip saýtyñ aktiwligini peseltjekdä onda, ýada diñe çaga üýşürjek


Premium
BAY-HAN  (27.06.2025 / 11:57) 

Ahmal,


Premium
Belki  (27.06.2025 / 12:48) 

Ahmal, yekeje sogyan bar, sol sogyanin gelmani bilen sayt nama yitiryar?


Täzeje
Ahmal  (27.06.2025 / 12:57) 

Yeke dal kan we moderator bolanyn ucin gozune dine sowyanler goruner


Premium
Belki  (27.06.2025 / 12:58) 

Ahmal, yekejesi bar


Täzeje
Ahmal  (27.06.2025 / 13:00) 

Belki, Dannymy


Premium
Belki  (27.06.2025 / 13:00) 

Ahmal, adyny aytmayyn ban beremde gorersin )

 Täzeje
 DonKihot [off]
 27.06.2025 / 13:42

+0

Maňa ban bermekçi bolýansyň sen. ýekejesi bar diýip mei aýydýansyň sen. ýöne özüň birinji bolup sögünýän adam. Seniň özüňe ban bermeli. Meniň üçin bolsa parhy ýok. bu saýtdan başgada saýt köp. Bu saýta gözüm uçyp duranok. bolmandada özüm gitjek bolup otyrdym.


Premium
Belki  (27.06.2025 / 14:13) 

DonKihot, men sizin soguneninizi goremok heniz. Size aytmadym muny. Siz bilen hic hili dusmancylygymam yok. Gitip gitmezlik oz elinizde.


Täzeje
Candi  (27.06.2025 / 21:58) 

Belki, Muawiye agza õýdýän şi.

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 27.06.2025 / 14:06

+0

Gutly bolsun täze käriň. Sen gelen bolsaň, mowzuklaram tertibe gelerdä. Bäsleşikler gurnalsa, bimany mowzuklary aradan aýyrsaň gowy boljak.


Premium
Belki  (27.06.2025 / 14:13) 

Gulmahrem, sag bol. Hany goreli.

 Täzeje
 Watjik [off]
  rexha agza sizi dostlar sanawyndan bozdy!
 27.06.2025 / 15:17

+2

Heh modertor boldunmy dun damay ozun sogunup gyz halyna galboy diyip otranyn bugun adam bolupdyr alkasyn sony molla diyyalera su bolupdyrda sendenem bir moderator bolarmay su bolsa menem indi geljekdal


Premium
Belki  (27.06.2025 / 15:24) 

Watjik, bu nikin bilen-a isim yok yone gitmakan kan goze dussen beyleki nikinem banlaryn.

 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 27.06.2025 / 17:35

+0

Aýtmagy ýatdan çykarlan düzgün: Şol bir pikri gaýta-gaýta ýanjaýan we hiç söz ýazman diňe stikerli pikirler açan agza birinjide duýduryş, ikinjide ban aljakdyr.


Täzeje
 (27.06.2025 / 18:21) 

Belki,


Betinden
Sebap  (27.06.2025 / 21:09) 

Belki, olar yaly zat nirde yazylan men habarym yokla


Premium
Belki  (27.06.2025 / 21:12) 

Sebap, meň goýan düzgünim.


Premium
Power  (27.06.2025 / 22:39) 

Belki, bula birhiliräk


Betinden
Sebap  (Düýn, 01:49) 

Belki, admin habary barmy bul mowzuklar var


Premium
Belki  (Düýn, 02:03) 

Sebap, howwa nesip bolsa sayt duzgunnamasyna-da gosmakcy.


Betinden
Sebap  (Düýn, 02:04) 

Belki, onda vul duzgunini yokaty geçirsen gowy bolar


Özümiziňki
halmyradov  (Düýn, 03:51) 

Belki, Senä balaga girip başladyň…


Betinden
Sebap  (Düýn, 07:03) 

Belki, men duzgunim diyme sebabi biz duzgun goyup bilemzok agzalar yannys pikirler etyaler

 Täzeje
 Boniya [off]
 27.06.2025 / 18:51

+0

Erbet däl

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 27.06.2025 / 20:02

+0

Gutly bolsun!
Mende bir kiçiräk tekliplerem bady, gabady gelende ýazaryn diýip ýatyrdym. Neme, Ýatdan çykmaka soraýynla: Şahsda "ls" söwüşip, ýa söwüp ýazsaň bolýandyra? Ol 2 adamyň arasyndaky dawwalar elbetde diňe ýazyşanlar biläýmese biri aýdaýmasa. Diýjek bolýanym, size žalyb gelse näme çäre görýäňiz? ýa ol gara sanawa salyp goýaýmalymy? Ýene bir zat. Şu ban ýa duýdyryş alan agzalar üçin ýörite bir mowzuk açyp şo ýerde näme üçin, we nähili ýagdaýda ban ýa duýduryş alany ýazylsa nähiýlek bolardy? Soňra şo mowzugyň yzy doldurylup onam düýp mogzuga taşlaýmaly bor. täze biri ban alsa... Äý garaz, kimiň näme üçin ban alany meniň üçinä gyzykly!
Indi pikirlere geçsek, o ýerdede azajyk ütgetme girizip temada pikir alyşsak gaty gowy boljak. Bolmasa diýänä, menä bir salam gowymy, gowy, şeýlede ýokarda ýazlan ýürekdeş sözlerden başga zada seýrek gabat gelýän.
Agzalar, bu meniň şahsy pikirim, hiçkimiň göwnine degmek netim ýokdyr... Emma, sizem pikiriňizi paýlaşyň, bile


Premium
Belki  (27.06.2025 / 20:06) 

Fantom, Agam sahsda bolan zatlara gosulamzok diyip, mowzukda yazylgy durandyr. Ban meselesinde howwa, seytsegem boljak, gowy teklip.
Pikir alysmagam name men-a goldayan, beylekilerem goldasa bolar gidibir-da.

 Premium
 Bezzat [off]
  Özim hor ýöne işdäm gowy)
 27.06.2025 / 20:25

+0

Banda duranlaram gorunyan edsedi admin sayttyň bir çüňkinde sebabi bn nç gun galanyny gyzykly bolardy biz ýaly gepçiler üçin😁


Gytyndan
Aixcam_nx  (27.06.2025 / 21:24) 

Bezzat, 😁🤝dogry

 Öwreniji
 GuGaPRO [off]
 27.06.2025 / 20:38

+0

Noldan galdyñaý

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Aaýal açlykda erkek doklukda özini tanadar aýdyp geçipdirler könelerimiz. Uzak kommmentariýa ýazmagy halamok....dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Garrybay (Şugün, 00:53)

Seniň adyň näme?(3)


meňki P...dowamy...
Erkin mowzuklar | Seniň adyň näme?(3)
Sebap (Şugün, 00:27)

Seniň adyň näme?(3)


Meñki H welin. Guramaçlylykly işleri hic gowy yoredip bilyan daldirin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Seniň adyň näme?(3)
Pechine (Şugün, 00:18)

Seniň adyň näme?(2)


him menkide a bar...dowamy...
Umumy | Seniň adyň näme?(2)
Sebap (Düýn, 23:59)

Yşkyň hyýaly


erbet däl eken...dowamy...
Umumy | Yşkyň hyýaly
Sebap (Düýn, 23:57)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Ey, na ba:ryn emeli ana, terjima kelle agyrdypsynyz. Aydylyan maglumata seredip, pikrinizi aydayyn how. Nahili bold-ay bi?!...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Belki (Düýn, 23:28)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Gemmini bolya mugt chatgpt bolya...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Watjik (Düýn, 23:19)

Unudyp bilemok.


Ozun duzzunmay...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
General (Düýn, 23:14)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Bozuklyk:/...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Kesxa (Düýn, 23:11)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Google-de admin islemeyami...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
General (Düýn, 23:10)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика