“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Her derde deva olan şey; sarımsak mıydı, sarılmak mıydı? Karıştırdım.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ajaýyplyk
Premium
 Admin [on]
 05.01.2024 / 18:19
 Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!

Ajaýyp diýende ajaýyp zatlar göz öňüňe gelýär: irdenki gözüňe düşýän günüň şöhlesi, ýagyşyň şybyrdapjyk ýagýan sesi, ýagyşdan soňky älemgoşar , biri-birine meňzemeýän garjagazlar we ş.m. Bularyň ählisi gözüň bilen görseň ajaýyplykdyr. Ýöne ajaýyplygy görüp ýa-da duýup bilmeýän adamlaram ýok däl(Bikemi ýatlap).Şu sebäpden ajaýyplyk kitapda ýerleşendir diýip çak edýän. Ol çaklamamdaky ajaýyplygy tapyp bilmedim (häzirlikçe) ýöne gözlemämi dowam edýän. 'Inä şu ajaýyp' diýip dostuma görkezýän, ýöne ýene bir ajaýyp jümle gözüňe ilýär. Bularyň soňy ýok. Ýöne okamany dowam etdirmeli.Esasy zat hem şol ajaýyplygy görüp, duýup başarmaly.

Kitapdaky daglaryň üstündäki garlaryň, baýyrlaryň üstündäki çopantelpekleriň ýanynda ýaly özüňi duýmaly. Edil şu pursatda dostumyň bir sözüni ýatlaýyn' Hiç görmedik zatlaryňy kitapda görýäň. Meselem:taryhy kitaplarda Jelaleddiniň mangollara garşy söweşinde sen hem Jelaleddiniň nökerleriniň biri ýaly iň öňdäki hatarda durup onuň sözlerini diňläp duran ýaly... we beýlekiler' we soňunda ' eýýý seredä Daýy' diýişi hiç göz öňümden gitmeýär.

Bir ýerde goşgy okapdym şonda:
- Dünýäniň syryny çözledim welin,
Ol uzalyp dünýäni aýlanyp geldi.
Ýene dowam etdim ol çözlemämi,
Indi ol bu dünýäden çykaýjak ýaly
-diýen jümleler ýadyma düşýär. Munda hem ýazyjy dünýäniň syry diýip dünýäniň ajaýyplygyna düşündimikä diýýän. Olary çözlände bolsa ýene meniň aklyma kitaplar gelýär.

Hiç bir meseläni formulasyz, düşünjesiz çözüp bolmaýar. Anha şol ujypsyzja düşünjeler kitaplarda bar.

Durmuşda sizi gynandyrjak ýeketäk zat: ' iň gowy görýän kitabyňyzyň soňky sahypasy bolsun'.

Meniň maslahatym okaň, ýenede okaň. Dünýäniň syryny, ajaýyplygyny kitaplardan gözläň, ol hökman şol ýerdedir...

Awtor: Piriýew Sähetnazar


57

8

3

3

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 12.02.2024 / 10:52

+0

like

 Premium
 BAYOGUL [off]
  ,,Daş" kä bir adamlaryñ ýüreginden ýümşakdyr !
 01.05.2024 / 17:42

+0

Mlds

 Täzeje
 10asevdali [off]
  Жизнь-это не игра #
 02.05.2024 / 23:27

+0

Like

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dünýä tasinlikleri


Говы экен сонкыларда копирак зенанлардакы артыкмачлыклары горкезленми (шутка)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
Мерет (Şugün, 16:40)

Senden başga bu dünýäde kimim bar


Апп Берекелла Говы...dowamy...

MEN — ÝÜREGINE URLUP GÖZI GÖGEREN"


Ммм бах!...dowamy...

soygi we dostluk


Bolonok!...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
HAKYKAT (Şugün, 16:34)

Shahyr


Ммм бах..!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Shahyr
Мерет (Şugün, 16:33)

soygi we dostluk


"Танышдан дост тутун, ятлардан таныш" дияями Шахырам..!...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
Мерет (Şugün, 16:29)

Hic kime nesip etmedik gyz 1


Ай билмедим оза..... говы кен !...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hic kime nesip etmedik gyz 1
Мерет (Şugün, 16:27)

Hic kime nesip etmedik gyz 1


Mlds gowy eken...dowamy...

Kerim Gubannepesow -Ömrüme pent


Шахырын камиллигни субут эдян гошгыларнын бири!!...dowamy...

Kerim Gubannepesow -Ömrüme pent


Malades bir like menden Men barada asjak diyip aldawcy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика