“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Taryha hiç kim bolup gelmeli, her kim bolubam ýaşamaly.#setdars

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Elektron Poçtam Bar Bolanda...
 Öwreniji
 EpifiZ [off]
 17.03.2024 / 18:19
 "Hello Everybody, My Name İs..."

Bir adam Microsoft-da işlemek üçin yüz tutýar. Microsoft bolsa ol adam üçin diňe hajathana arassalamak işini tabşyrýar, adam kabul edýar. Soň Microsoft gerekli maglumatlary alyşyp-berişmek üçin adamdan onuň elektron poçtasyny soraýar. Adam elektron poçtasynyň ýokdygyny aýdýar. Şeýlelik bilen Microsoft ony işe almaýar. Adam bu ýagdaýa gaty gynanýar. Emma özüni ýitirmeýär, jübüsindäki barja puly bilen ülje satyn alyp olary satyp başlaýar. Bu adama birbada köp pul gazandyrmasada az-azdan girdeji bolýardy. Wagtyň geçmegi bilen adam dükan açýar we üljelerini, beýleki miwelerini dükanynda satyp başlaýar. Ýyllar geçýär we hälki ülje satyn alyp satyp ýören adam, ýylyň ähli möwsüminde her dürli görnüşdäki miweleri ösdürüp ýetişdirýän, ýurt içine we daşarky ýurtlara miwelerini eksport edýän uly kärhananyň eýesi bolýar. Başga şereketiň eýesi bu adam bilen bile işleşmegi meýilleşdirýär we gerekli maglumatlary paýlaşmak üçin adamyň elektron poçtasyny soraýar. Adam elektron poçtasynyň ýokdygyny aýdýar. Şereketiň eýesi ýylgyryp oňa "Elektron poçtasyz şu derejä ýeten bolsaňyz, elektron poçtaňyz bar bolanda kim biler näme bolardyňyz?!" diýýär. Adam hem ýylgyryp oňa şeýle jogap berýär: "Elektron poçtam bar bolanda şu wagt Microsoft-da hajathana arassalardym"

Hekaýadan çykaryp boljak manylar:
1) Durmuşda ýykylanyňyzda bes etmän dowam etmegi başarmak
2) Üstünlik hemişe siziň pikir eden ýerleriňizde dälde, garaşylmadyk ýerlerde duş gelip biler. Esasy zat dogry we ynamly hereket etmek
3) Kemçiligiňiz bolsada üstünlige ýetmegiň ýollary bardyr. Esasy zat, başarýançaňyz üznüksiz dowam etmek


83

28

5

8

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 halmyradov [off]
  #Singer
 17.03.2024 / 18:46

+0

 Täzeje
 Mekan02 [off]
  Onunden akyan suwun gadyry yok
 17.03.2024 / 18:51

+0

Okamaga yaltanyan dos nadip yazdyna


Öwreniji
EpifiZ  (17.03.2024 / 19:11) 

Mekan02,

 Täzeje
 Muawiye [off]
 18.03.2024 / 15:59

+1

Hudaý bar şu "okamaga ýaltanýan" diýýänleri itden beter ýigrenýändä. Okamaga ýaltanar ýaly näme bar şu ýerde. Bir sahypada bolmaz häzir şu. Şuny okamaga ýaltanýan bolsaň mowzuklara girmegiň näme peýdasy bar. Soňam näme üçin ýaşlar beýle diýýärler, iki agyz zady okap bilenoklar, kitap okarlarmy onsaň...

 Täzeje
 Muawiye [off]
 18.03.2024 / 16:02

+0

Hekaýada biraz fantastiçeski wremýa bolupdyr. Başarjaňlyk, edil mowzukdaky başarjaňlyk bes etmezlige, ynamly hereket etmege bagly däl, esasy şansa bagly, şertlere bagly. Baý bolmagy bir hekaýa sygdyraýýarlar, diýenoklar "8 milliard adamyň ýarsyndan gowsy garyp" diýip 😁 Beýle aňsat däl bu zatlar. Eden işine ynanyp, bes etmän dowam edip, başaryp bilmedik gaty kän adam bar. Ynam hemme zady çözmeýär, hatda köplenç hereketem çözmeýär.

 Gytyndan
 Adminka [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 20.03.2024 / 06:35

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Betbagyt gyz 7


Mlds gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 7
BAYOGUL (Şugün, 20:41)

Betbagyt gyz 7


Yzyn goýaýda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 7
orazovaa (Şugün, 20:19)

Dünýä tasinlikleri


Haladym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
HAKYKAT (Şugün, 01:09)

Senden başga bu dünýäde kimim bar


Men edern ...dowamy...

Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)


гоуязпсн...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)
Ейжежик05 (Düýn, 22:56)

Dünýä tasinlikleri


Haladym like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
EpifiZ (Düýn, 22:51)

Dünýä tasinlikleri


hmm bah...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
Yekejelai (Düýn, 22:51)

Dünýä tasinlikleri


Halasañyz like basmagy unutmañ ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýä tasinlikleri
Prenses (Düýn, 22:50)

Namaz


Ýoýup gürrüň bermäge ýaman ökde bular ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Namaz
Agzamen (Düýn, 21:50)

Namaz


Ýüzüni eli bilen ýapyp duran stiker......dowamy...
Erkin mowzuklar | Namaz
Muawiye (Düýn, 21:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика