“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
zveezda : "Durmuşda herkim birini tapar, emma bir-biriňi tapmak örän az adama miýesser eder" _zveezda

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"ENE WE OGUL"
 Täzeje
 Shirin [off]
 27.03.2024 / 22:04
 《《Мама-свет моей жизни》》

" Ene we Ogul" 😢

Men gürrüň bereýin, gulak goý senem.
Hiç haçan adymy tutmazdy enem.

Köçelerde oýnap, oýnap günuzyn.
Gelemde diýerdi: açsyn sen guzym.

“Köşegim” diýerdi,  diýerdi “iner”, 
Diliňize gurban bolsañ eneler! 

-Eje! – diýenimde, diýerdi “jana!” 
Nan salyp, okuwçy mata bukjama, 

Meni ýatymlyga ugradýan dek ol 
Diýerdi “sag git-de, sag-amanja gel!”

Fronta ugraljak şol agyr günem, 
Meniň öz adymy tutmady enem . 

Goşhaltama salyp tapan tupanyn, 
Gördüm eli bilen ýüzün ýapanyn.

“Mert bol, eje”.. – diýip, yzyn ýuwutdym, 
Çaga däl – on ýedi ýaşan ýigitdim.

Bu söze has beter bozuldy käbäm: 
“Seni öýeribem bilmedim, balam”.

Ol maňa bakýardy, göýä ýazykly, 
Bu bakyş hem agyr hemem näzikdi. 

Men turdum... enem hem des-deň dikeldi, 
Gujaklanda bir dem demi tükendi.

Beýik hesret bilen birsellem dymdy,
Syrylan kelläme gözýaşy damdy.

-Nowbahar perzendim, nowça çynarym!
Diýip, bir ah çekdi – yrandy tärim.

Meň boýnuma bukaw boldy goşary,
Badaşan dek bolup çykdyk daşary.

Uruşdyr, kim galar, kimlerem öler.
Agram bolsa size düşýär eneler!

Moskwaň düýbünde, gazaply gyşda,
Bir ölüp direldim agyr söweşde.

Gardan kepen ýapylypdyr üstüme,
Dört sagatdan gelipdirin essime,

Gözüm açypdyryn, gijäniň ýary,
Otyr başujumda halatly biri.

Bir zat diýjek boldum – gurapdyr dilim,
Bolsa-da namartlyk etmändir ölüm...

Begendim: Ellerim bitindi bitin!
A, sag aýak saralgydy büs-bütin.

Ýazmalymy, ýokmy – bolan zat hakda,
Zäherli ok galan eken uýlukda.

Aýagy kesjekler, bu belli eýýäm,
Bir ýazaýyn, birem ýazmaýyn diýýän.

Ýüregimde arman, gözlerimde nem,
Muny hat-habarsyz duýupdyr enem!

Özümden öňürti ýazypdyr käbäm:
“Düýşümde bir dişim gopdy-la, balam.

Sen bolsa şeýle şat bir gülýämişiň,
Jan ogul, ne güne uçrady başyň?!”

Men gürrüň bereýin, gulak goý, senem:
Öýe gelsem eýýäm... ýok eken enem.

Öýde dyzym epmän ýanyna gitdim,
Çaga däl, on sekiz ýaşly ýigitdim.

Bardym mazarlyga pişegmi süýräp,
Süýndüm guburyna maňlaýy diräp.

Başujuny saklap, ýatdym günuzyn,
Seslenen bolmady: “açsyň sen guzym”.

A men tebsiräpdim hem örän açdym,
Sebäp, ejem ýaşdy, özümem ýaşdym...

Awtor: Berdinazar Hudaynazarow 📜


93

15

6

6

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 27.03.2024 / 22:06

+0

'69gez okayshymo olip halayan gosgymo


Täzeje
Shirin  (27.03.2024 / 22:06) 

Dreamfull,
Goý dogan goý


Premium
BAY-HAN  (27.03.2024 / 22:10) 

Dreamfull, wah waheeý, 69 gezek

 Täzeje
 Orhideya [off]
 27.03.2024 / 22:20

+0

Öň okamandym bu goşguny

 Özümiziňki
 halmyradov [off]
  Durmush doly yenil kelleden#
 28.03.2024 / 05:01

+0

 Gerekli
 Adminka [off]
  Жизнь шутит а мне не смешно
 28.03.2024 / 05:25

+0

 Täzeje
 EpifiZ [off]
  "Life Without Reality"
 28.03.2024 / 14:52

+0

 Täzeje
 Ezi [off]
 28.03.2024 / 15:54

+0

........... duygylarny dogram dogram edyan goshgy!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sorag jogap alyşalyň


Daniel bu meñ adym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Daniel (Şugün, 20:27)

Sorag jogap alyşalyň


Vector_pro esasan, ulanyjynyň tehniki ugurlarda ýokary hünär derejesine eýedigini görkezmek üçin ulanylýar.Şoñ üçin şuny sayladym....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Vector_Pro (Şugün, 16:10)

Sorag jogap alyşalyň


Men öz nikimiñ manysy:Akyl ýetirmeklik taýdan adamda bar bolan tebigy ukyp, talant. Haladym we so niki sayladym soñ ucn!ukyp basarnygymyñ ady Тал...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Талант (Şugün, 14:00)

Sorag jogap alyşalyň


Bezzat @senyorita ...dowamy...

Sorag jogap alyşalyň


Men oz adym yylym boldu...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Mekan02 (Şugün, 13:05)

Sorag jogap alyşalyň


Salam. Nigimiň manysy terjime edilende aňladýan manysy. Saýta öňem agza boljak bolupdym ýöne agza bolup bilmändim. Bu gezek "Aý, ýene bir synanşy...dowamy...

Hekaya


Dowamyna garashyas...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekaya
yurekdesh (Şugün, 11:54)

Sorag jogap alyşalyň


Oz nikimin manyshyna bilemok yapon sozden br zat oza...dowamy...

Hekaya


mlds👌...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekaya
Aylar77 (Düýn, 20:33)

Seniñ salamyñam almak islämok…


Salama jogap bermeli...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->