Ýürekdeş sözler!
Машарипова : maybe in another life you'll be mine.#.fileo
Köne heñ
Gytyndan yurekdes [off] 05.04.2024 / 22:20 Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...
KÖNE HEŇ
Birden tanyş heň ýaňlandy radioda:
“Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!”
Oňa hiňlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.
Irkilen deý süýji düýşüň içinde,
Gözüm ýumup, gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heň
Özüm üçin ýazylan deý hamana.
Senem hiňleneňde köpüň ugruna
Öňkülerden has-da ünsli diňledim.
“Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!”
Ýöne, nämüçindir, gitdiň, gelmediň.
Eliňden uçursaň arzyly guşuň,
Nepi degmez asla ahmyr-ahlaryň.
Köşeşdi:re Tahyry-da bolmansoň,
Özi aglap, özi diňýär Mahymyň.
...Ýyllar soňra kalbym gozgan köne heň
Giň pursat döretdi ýürek dökmäge.
Oýuňa gelmesin ýazgarýar diýip,
Aýby ýokdur duşan bolsaň “Zöhräňe”.
© Mahym NURGELDIÝEWA
Teswirler:
Gytyndan Aypipijik [off] Durmuş doly yenil kelleden# 05.04.2024 / 23:00+0onat
Gerekli imissyou [off] Sylag hemme kişä,söýgi laýyk bolana!!! 05.04.2024 / 23:45+1
Täzeje Dreamfull [off] 07.04.2024 / 06:43+0Süpersin!
Gytyndanyurekdes (07.04.2024 / 19:10) Dreamfull, sende?
Soňky teswirler
)😁Degisme
Serce özüne gelip daş töweregine seredip şeýle diýipdir:"Wah men motorly adamy kakyp öldürip türmä dusipdirnow
Serçe ýebanutymy ýa?!...
dowamy...)😁Degisme
Motorlykaň serçäni kakmak... Oň özünden gitmegi... Özünden giden serçäni öýüňe getirmek... Özünden giden serçäni iýmitlendirmek... Iýmitlendirmek...
dowamy...
Ýokaryk