Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
zveezda : "Durmuşda herkim birini tapar, emma bir-biriňi tapmak örän az adama miýesser eder" _zveezda

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Beýnimiz barada Gyzykly maglumatlar
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 08.04.2024 / 11:41
 Durmuş doly yenil kelleden#

1) Gujaklaşmak peýdaly. Öňler diňe ýakynlaň bilen gujaklaşmak peýdaly hasaplanýanam bolsa soňky wagtlarda ýakymly hasaplaýan islendik adamyňyz bilen gujaklaşmagyň beýnä gowy täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Şeýtmek bilen söýmek we baglanmak duýgulary peýda bolýar. Mundan başga-da gujaklaşmak immuniteti ýokarlandyryp, nerw sistemasyny rahatlandyrýar.





2) Beýni öwrenýärkä ulalýar. Muňa derek, täze öwrenilýän başarnyk üçin beýni ýer boşadýar diýsek has dogry bolar. Meselem braýlda okap bilýänleriň beýnisinde şol başarnygyň ýerine ýetirilýän böleginiň has ulalýandygy subut edildi.






3) Beýniniň 2 ýarymşary aýry-aýrylykda işlemeýär. Kähalatlarda hatda ýönekeýje hereketi ýerine ýetirmek üçin hem beýniniň birnäçe bölegi şol bir wagtda herekete geçýär. Meselem, okalýan mahalynda beýniniň görüş we kabul ediş, maglumatlary işläp, olary gysga wagtlyk ýada goýýan bölekleri bilelikde işleýär.






4) Adrenaliniň täsiri zyýanly. Dartgynly ýagdaýlarda bedende stress garmonlary bolan – noradrenalin we adrenalin peýda bolýar. Olar bedeni gaçmaga we gaýtawul bermäge taýýarlaýar. Ýöne munuň bilen birlikde, gan basyşy ýokarlandyrýar.


231

18

8

5

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 08.04.2024 / 14:01

+0

Adam beýnisi barada.

Çal dokumalar adam beýnisiniň 40% -ini tutýar.

Adam beýnisindäki ak maddalar  beýniniñ meýdanyň 60 göterimini tutýar.

Ýag adam ýüregine zyýanlydyr.  Emma beýni üçin gaty peýdaly.

Adam beýnisiniň ortaça agramy 1, 3 kilogram.

Beýni bedenimiziň 3 göterimini tutýar.  Ýöne alýan kislorodymyzyň 20 göterimine eýeçilik edýär.

Beýni özünden gaty köp mukdarda elektrik energiýasyny öndürýär.  Aslynda, uklaýan beýniniň elektrik togy 25 wattlyk lampany ýakyp bilýär.

Ukymyz tutanda beýni salkyn çekýär.  Ukusyzlyk we ukyň ýetmezçiligi beýniniň temperaturasyny ýokarlandyrýar.

Alymlaryň pikiriçe, adam beýnisinde  günde ortaça 70,000 sany pikirler aýlanýar.

Beýniniň içindäki maglumatlar sagatda 1,5-den 440 kilometre çenli islenýän nokada iberilýär.

Lukmanlar beýniniň ösüşiniň 25 ýaşa çenli dowam edýändigini aýdýarlar.

Ikinji beýni diýilýän zat adamyň aşgazanynda höküm sürýär.  Keýpiňi we işdäňi dolandyrýar.

Mindalin beýniniň bir bölegi bolup, onuň işi gorky duýgusyny dolandyrmakdyr.  Ol aýyrylsa, adam gorkynyň nämedigini bilmez.

Adam näçe akylly bolsa, beýni bilen baglanyşykly keseliň döremek howpy şonça pesdir.

Beýnimizdäki ak maddalaryň 70% -ì we çal maddalaryň 84% -ì suwdyr.

Beýniñi ýokary derejede işletmek üçin has köp suw içmeli.

Her minutda adam beýnisinde 750 millilitr gan aýlanýar.

Adam beýnisiniň 60% -i ýaglardan durýar.

Maglumatlary ýatdan çykarmak beýnimize oňyn täsir edýär we nerw ulgamynyň çeýeligini ýokarlandyrýar.

Jübi telefonlaryny aşa köp ulanmak beýniniň düwnük keseline sebäp bolýar.

Adam beýnisi hiç wagt dynç almaýar.  Hatda ukuda-da işleýär.

Çagalar bilen köp gürleşmek we kitap ýa-da gazetleri  sesli okamak beýniniň ösmegine kömek edýär.

Beýnimiziň çep ýarym şary bedeniň sag tarapyny, sag ýarym şary bolsa bedeniň çep tarapyny dolandyrýar.

Beýni 6 minutlap kislorodsyz ýaşap bilýär.

Çeşme:Türkmeniň ýüpek ýoly gazetinden alnan maglumatlar.

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 09.04.2024 / 00:51

+0

Gujaklaşmak peydaly eken, şuny dagyn bilemogamda men


Gytyndan
Yekejelai  (10.04.2024 / 03:12) 

BAY-HAN, Sen dagyn bilmela sxony

 Öwreniji
 zveezda [off]
  Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl
 09.04.2024 / 03:56

+0

Gujaklasmak peydaly bolsa omruni uzaltyandyr

 Öwreniji
 zveezda [off]
  Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl
 09.04.2024 / 03:56

+0

Yygy yygydan gujaklasyp durun yakynlarnyz bn

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 10.04.2024 / 03:12

+0

Gyzykly zatlar

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 11.04.2024 / 02:08

+0

Gujaklaşmak peýdaly diýilse her öňüňizden çykanyň üstüne bökäýmäň

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 11.04.2024 / 02:12

+0

waý waýeý

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Mlds onda bolya ol...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
BAYOGUL (Şugün, 05:56)

)😁Degisme


...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
BAYOGUL (Şugün, 05:55)

Uzak yasa Epifiz dade.


Nache yashadyna...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
rexha (Şugün, 01:13)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Mlds. Sheyle dowam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
rexha (Şugün, 01:11)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Boljak boljak...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Luckyboy (Düýn, 23:10)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Aziýa ligany utdyňyka...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Brend (Düýn, 22:16)

)😁Degisme


Serce özüne gelip daş töweregine seredip şeýle diýipdir:"Wah men motorly adamy kakyp öldürip türmä dusipdirnow Serçe ýebanutymy ýa?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Düýn, 22:12)

)😁Degisme


Motorlykaň serçäni kakmak... Oň özünden gitmegi... Özünden giden serçäni öýüňe getirmek... Özünden giden serçäni iýmitlendirmek... Iýmitlendirmek...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Düýn, 22:11)

)😁Degisme


Gygyryp guldimda...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
rexha (Düýn, 21:54)

Muny Bilmek Gyzykly !


Bilÿănler gűler bilmeÿănem biler....dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
@menin_dunyam (Düýn, 21:44)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика