Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ynam
 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 08.04.2024 / 14:45

...Kynçylyk ýok ejizlik bar dünýede
G. Ezizow


Durmuşda maksadymyza ýetmek üçin ýa-da haýsyda bolsa bir işi etjek bolanymyzda ähli zatdan öň özümize bolan ynamymyz iň uly ýaragymyzdyr. 1000000 sanynyň öňündäki birlige ynam diýsek onda onuň yzyndaky nolluklar ukyplarymyz we başarnyklarymyzdyr. Öňündäki birlik bolmasa nolluklaryň sanynyň näçe köp bolanynyň peýdasy ýok, ol şol nollugyna galýar. Emma öňündäki birlik barka yzyna goşulan nolluklar arkaly sanyň mukdary has hem artýar. Edil şonuň ýaly hem näçe başarnygymyz, ukybymyz bolup, özümize ynamymyz bolmasa bary bir köpük. Ukyp-başarnyklarymyz bilen ynam bir-biri bilen baglanşyklydyr. Özümize ynandygymyzça başarnyklarymyz köpelýär, başarnyklarymyz köpeldigiçe özümize bolan ynamymyz artýar. Şonuň üçin adam bir ýeten menzilinde durmaly dälde diňe öňe ymtylmaly. Adam bir ýerde durdugyça özüne bolan ynamy kemeýär.
Halypamyz Kerim Gurbannepesowyň „Ýürek“ poemasynda: 
Ertir bolmaz ýaly dilleriň peltek,
Täze menzillere ýetmeli entek,
Duşsa-da ýoluňda müň dürli kötek,
Diýme: „Dynç gulagym,
Aç başym besdir!“

Haýwana mahsusdyr aç baş, dynç gulak
Ynsana mahsus zat-döretmek, gurmak
Döredilýän ýerde dynç almaz gursak,
Öň ene bagrynda 
Dynç alyşyň besdir.
Diýip danalyk bilen belläp geçişi ýaly, adam öňe ymtylmagy bes eden güni pese gaçmak bilen bolýar. Öňe ymtylyp, täze menzillere ýetmek bolsa diňe özüne berk ynanýan adamlara mahsusdyr. 
Bilermenler öz-özüňe bolan ynamy artdyrmak üçin Affirmasiýa usulyny ulanmagy maslahat berýärler. Affirmasiýa usuly-öz özüňe öwgüli sözler aýdyp, özüňe ýokary baha bermek we özümizi öňümizde goýan maksadymyza ýetip biljekdigimize ynandyrmakdyr. Şeýle hem bilermenler bu sözleri öz ýanymyzdan birnäçe gezek gaýtalamagy maslahat berýärler. Ýöne elbetde özümizi öwýän wagtymyz diýýän sözlerimize özümiz hem ynanmaly, özümizde bar bolan gowy häsiýetleri we ukyplary öwmeli. Ýogsam öz başarnygymyza bolan ynamymyzyň artmagynyň deregine öz-özümize gaharymyz geler. Egerde biz özümize kembaha garap gelen bolsak, özümize näçe öwgüli sözleri aýtsak hem aňasty pikirlerimiz muny kabul etmez. Öz-özüne kembaha seredýän adam ilki bilen öz güýjüne, başarnygyna, zehinine ynanmagy öwrenmelidir. Adamyň özüne öwgüli sözler aýdyp, bir zady başarjakdygyna ynanyp soňam elini gowşuryp oturmagy hem dogry iş däldir. „Ýagşy niýet-ýarym döwlet“ diýilşi ýaly, döwletiň ýarysy ýagşy niýet, öz başarnygyňa bolan ynam bilen ýetilýän bolsa, ýarysyna hereket bilen ýetilýär. Öz başarnygyna berk ynanmak bilen adam maksadyna ýetmek ugrunda ýoluň ýarysyny geçýär. Ýoluň beýleki ýarysy bolsa maksada ýetmek üçin edilýän işlerden ybaratdyr. 
Durmuşda „Illeriň-kä çüwýä, meniň öňüme bolsa hiç pursat çykanok.“ Diýýän adamlar hem az däl. Beýle adamlaryň öňünden pursat hiç wagyt hem çykmaz. Sebäbi maksadyna ýetmek üçin taýýarlykly bolan adamyň öňünden pursat çykýar. Sen taýynlygyňy görüber! Pursat bir gün gapyňy kakar. Daşary ýurda gidesiň gelýämi? Oturma-da şol ýurduň dilini, medenýetini we taryhyny, şol ýurtda bolup geçýän wakalary öwren. Ine görersiň sen taýyn bolanyňda şol ýurda gitmek üçin pursat dörär. Ulag edinesiň gelýämi? „Elime haçan pul düşer-kä?“ diýip oturma! Şol ulagyň kysymyny we aýratynlyklaryny öwren. Ulag saklar ýaly jaý taýýarla. Bu sizi geň galdyrmagy hem mümkin. „Entäk almadyk ulagyňa ýer taýýarlamagyň nämä peýdasy bar?“ diýmegiňiz hem mümkin. Ýöne entäk maksadymza ýetmänkäk oňa taýynlyk görmek şol maksadymyza ýetjekdigimize has hem ynam bilen garamagymyza sebäp bolar.


103

14

5

3

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 08.04.2024 / 17:12

+0

hmbah, ýeri bolýar

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 08.04.2024 / 20:59

+0

onat

 Öwreniji
 zveezda [off]
  " Durmuşda özüňi gowy alyp bar! "
 09.04.2024 / 03:42

+0

Berekella gowy

 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 11.04.2024 / 02:54

+0

Ajaýyp

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bar eýle!


Oz goşgyñyzmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bar eýle!
@menin_dunyam (Şugün, 01:58)

💎💎💎💎


Ustinlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Ýüregimiň armanydyr


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Gel seýle çykaly


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel seýle çykaly
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Adamlara ynanyp


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Dillen..!


Tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
@menin_dunyam (Şugün, 01:55)

Owgan pähimleri


Ÿetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

Dutar heňi🙂


Mlds. Ustinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

At yazmak


Aýşöhle,Muhammet...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Owadanjam (Düýn, 23:20)

Owgan pähimleri


Öre Daşgynowyň goşgularyndan ýokmy Sizde? Ýetiräýiň, bar bolsa....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
Gulmahrem (Düýn, 23:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика