Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýüzlenme !
Premium
 Burning [off]
 10.04.2024 / 17:19
 Yes-No

1) Pikir ýazylýan ýerde hal-ahwal soraşýarsyñyz (ýörüte şahsy hatdan pedalanañyzok).
Bu edişiñiz nädogrylykdyr. Hal ahwal soraşmak üçin (anketasyna bassanyñyzda),,Şahsy hat" atly bölüm bar, şol ýerde bu hereketleri etmegiñiz dogrylykdandyr.
Liçkasy bekli ulanyjylar bolsa: Dostluk ugradyñ, kabul edenokmy degme (zorlama). Zorluk ynsanylyk däldir ?!

2) Kemçiligiñizi bilýän kişiler sizi düzedip goldaw berenlerinde, (olaryñ ýagşylygyna ,,sag bolsun" aýtmagynyñ deregine) olaryñ ýüzine urýarsyñyz. Bu edişiñiz dogry däldir.
Şu hereketleri etýänler hökman özüñizi düzediñ!

3) Mowzuklary, oñardygymyzdan özümiz ýazjak bolalyñ.Oñarmaýan bolsak. Haýsydyr bir temany özümizçe döredeliñ... garaz, bize berilen zehini,başarnygy, (has dogrusy) kellämizde, beýnimiziñ barlygyny suwt edip, täzeçe täzelikli makaladyr şoña meñzeş başarnygy döretmäne ymtylalyñ. Belkide bir gün geler, bu ýerler siziñ gündeligiñiz keşbini janlandyryp, siziñ kopia edilen mowzuklarñyz bilen dälde,öz döreden gysga (ýa-da uzyn) görnüşli ýatlamalarñyz hasabynda ulanyp, gözüñize şatlyk ýaşyny aýlap, ýylgyranyñyzy duýman galarsyñyz.

4) Moder ýa-da adminleriñ üstünden (gürüpleri tarapyndan) edilýän töhmetlere, ýalan gürrüñlerine şol sanda çyn ýa-da nädogry sözlerine (şol hudyñ), anyklygyna göz ýetirmän ynanmaklygymyz bizi, hakyky bolmaly derejämizden aýyrjakdyr!

Başga hem ýokarda ýazylmadyk maslahatlaryñyz, (şol sanda, teklipleriñiz) bolsa teswirlerde ýazalyñ hemde boldugyndan şu görnüşde özümizi dolandyryp başaralyñ. Berilýän we indi beriljek öwüt nesihatlar sizi ynsanlyga iterýän bolsa şeýle maslahatlara gulak asalyñ. Çünki indi düzelmäne wagt boldy !

Kim näme diýseler hem teswirçiler, her mowzuklarda teswirlerñizi, maslahatlarñyzy gysganmañ. Özümizi özümiz düzetmesek,başga ýerden gelen başga biri (Alla tagalladan gaýry) hiç bir janly we jansyz zat, bizi düzetýän däldir!

@Burning


243

55

10

13

0

1

2
Mowzugy vip edenler:
Admin - 100 sagat vip etdi!
(12.04.2024 / 00:51)
Teswirler:
 Premium
 Burning [off]
  Yes-No
 10.04.2024 / 17:29

+0

Gaýrat edip pikirçiler, norm pikir kelle kädiñizde ýok bolsa, käýinçdir igenç bilen (şol sanda boş sözler bilen) pikirler bölümini doldurmalyñ !

 Gerekli
 Yekejelai [off]
  Özime_dönein.♡
 10.04.2024 / 17:32

+1


Premium
PeRMaN  (10.04.2024 / 17:42) 

Yekejelai, Goldaw hökman dälde amal etdirmek niýetde ýa-da bellik ýazdyrmak niýetde ýazyldy bu makala !

 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 10.04.2024 / 17:35

+1

Голдавотын


Premium
PeRMaN  (10.04.2024 / 17:42) 

rexha, Goldaw hökman dälde amal etdirmek niýetde ýa-da bellik ýazdyrmak niýetde ýazyldy bu makala !


Betinden
rexha  (10.04.2024 / 17:44) 

Burning, шонун учин голдаянда. Хеммеде озине азажык середип етян херекетлерине унс берсе хас говы болжак. Шол санда менем

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 10.04.2024 / 19:35

+2

Birinji gezek şeýdip dogry zatlary yzygiderli ýerleşdirip ýazana gabat gelýärin.

5. Grammatikany başardygymyzça dogry ýerine ýetirjek bolalyň. Iň ýigrenýän kişilerim (öz adymdan gürleýärin) dilimizi ýoýup-ýoýup ýazýan kişiler. Öz milli ene dilimizi, elipbiýimizi dogry ulanyp başarmazlyk dilimize sylagsyzlykdyr. Käbiri has gözçykgynç edip ýazýar. Mysal üçin düýnki makalada "Asgabatly" nikli agzanyň ýazan makalasyna ser salsak, dilimiziň işini görüp ýazypdyr. "Alyp" diýlen sözi "alp" diýip ýazýar, şol ýerde bir harp rol oýnaýar, şony ýazman nämäň wagtyny tygşytlaýaň? Başga ýerlerinem işini görüpdir, şolar ýaly ýoýup duran barka-da duýdurmalymy indi biz? Diňe şony ýazamda diýýän zadyna üns berseň, nähili häsiýete eýedigini anyklamak mümkin. Bolman 100% hemme düzgünleri ýerine ýetirmek, üpjün etmek mümkin däl. Ýöne başardygymyzdan dogry ýazmaga synanyşyp bileris.

6. Gaýrat edip 2 söz ýazyp mowzuk açmajak bolaýyň. Bir bolgusyz sitatany okajak bolsak imo-link dolup daşyp ýatyr. Bu ýeri imo däl, bu ýerde mowzuk döredýäris we mowzuk okaýarys.

7. Mowzuklarda-pikirlerde, statusda sögünç söz ulanmalyň. Boldy ýetdi-le indi, ulanmalyň-la çyndanam. Hiç peýdasy ýok gaýta siziň nähili adamdygyňyzy görkezýär. Siz pikir edýänsiňiz "aftoritet boldum" diýip, ýok beýle däl. Gaýta siziň nähili adamdygyňyzy (çagadygyňyzy) pikir edip, üstüňizden gülüp geçýärler. Iň azyndan biraz düşünjeli adam şeýle pikir eder. Gaýrat edip idili terbiýe almandygymyzy görkezjek bolmalyň-la.

8. Aslynda bu 3-iň dowamy diýsegem bolar. Diňe kopiýa mowzukda hemmäňiziň bilýäni. Nirä barsaň şol bir (köpüsi gaty manysyz) mowzujlar paýlaşylyp, lenç edilip ýör. Hatda käbirlerine 20-30 gezek gabat gelendirin indi ýat tutdum how. Bu aslynda bize şuny görkezýär: Köp kişiniň öz düşünjesi ýok. Diňe ondan-mundan jemläp, ýat tutan zatlary bar. Hiç öz tejribeleri, garaýyşlary, pikirleri, özüniň oýlanyp döreden netijeleri ýok. Şu ýerde meniň pikirimçe agzalaryň 95% öz şahsy düşünjesi ýok. Diňe 1-2 sanagynda idili, göze iljek düşünjeleri bar, öz garaýyşlary bar. Esasanam ýaşlarda hiç düşünje ýokda. Sebäbi ömründe bir kitabyň gatyny açyp görmedik bolsa başga nämä garaşjak diýsene. Ýöne bu ýerdäkileriň ýaşy kiçi heniz. Ýagny 100% awtory özi bolan zat ýazyp bilmeýärler. Şol sebäpli kän ulaldyp oturmasagam bolýar. Şeýle-de diňe öz ýazan zatlaryňa rugsat berýän platforma bolmaly (adyny aýdyp oturmaýyn).

9. Gaýrat edip tankyt edilende "hüüüüüüüüüüüü erbet, nejis" diýip aglamaň. Biz ýalňyşsak bize-de edil öz tonumyzda näme diýmeli bolsa diýiň ýöne biz edemizde-de çydaman sögüp durmaň!


Premium
PeRMaN  (11.04.2024 / 04:27) 

Muawiye, eh gardaş, indi şeýleler ertekide bar. Öñ şeýle ynsanlar bolmadyk ýaly.

Diýenleriñe men hem goşulýan

 Täzeje
 cinderella [off]
 10.04.2024 / 19:54

+1

Dogry

 Täzeje
 Fantom [off]
  Allah görýär, Perişdeler ýazýar, Ömür geçip barýar
 11.04.2024 / 19:10

+0

Şu wagyt diňläp oturyşyma haýýranlar galýan.
Ahyry inha gowy gürrüňiňem başy başlanypdyr.
Admin aga, şuny düýpkä geçirmeli ekeniňiz, gowy mowzuk bolupdyr...
Indi pikirler barada aýytsak, biri pikiriň başyny aýdaly bir gowy sorag bilen başlasa, beýlekilerem şoňa jogap ýazsa gör nähiýli gowy bolar...
Indi ýaňky gramatika gelsek, meňä dogrysy seslendirijim köp sözleri okabam bilenok...
Hany onda ýazyşalyýň.
Pikirde size garaşýan )

 Öwreniji
 _dali [off]
  ❤️🌙🧿
 12.04.2024 / 21:42

+0

Ozi bir musor kodda yazylan zat bolsa? muna Allany goshmak nama geregay? yonekeyje kod adamlary guymenmegi ucin???


Premium
Admin [on] (12.04.2024 / 21:48) 

_dali, Uly gürlemeklik ynsanlykdan dälligi üçin goşulandyr belki.


Öwreniji
_dali  (12.04.2024 / 21:50) 

Admin, yokla, hijem. Uly gurlemeklik biz ucin dal, size mahsus bolan hasiyetler. Muny men goryan we suwagta cenlem gorup gellim, bagyslan welin


Premium
PeRMaN  (12.04.2024 / 22:01) 

_dali, şu ýerde Özümizi özümiz düzetmesek,başga ýerden gelen başga biri hiç bir janly we jansyz zat, bizi düzetýän däldir! şo sözi aýyryp ýazanymyzda, diýilen söz hakykat bolardymy ?
Jogabyñ ,,howwa hakykat bolardy" diýjek bolsañ, maña agzalar ,,Alla hem düzedip bilmezmi bizi" diýip sorasa meniñ şoña jogabym bolmadygy ûçin şo ýerde Beýik Hak Tagallany goşdum men !

 Täzeje
 Annadurdy [off]
 13.04.2024 / 12:04

+0

Dogry aýdýaň agam

 Premium
 baanu [off]
  ýüregim gysýa sygamok dünýä
 13.04.2024 / 14:36

+0

Menem salam hemma gowumy yagdaylarymyz diyip pikirlere geligim yazyan . Inni yazmanamda yone.
4) admin bolmogom moderator bolmogom kyndyr shuncha milletin onine dushdup sayty dogry doly gornushde alyp chykayjak bolson kyn zad yone mena hich wagt onyaly sozlere hijem ynanamok her yanyñ bahylchylyk

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bar eýle!


Oz goşgyñyzmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bar eýle!
@menin_dunyam (Şugün, 01:58)

💎💎💎💎


Ustinlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Ýüregimiň armanydyr


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Gel seýle çykaly


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel seýle çykaly
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Adamlara ynanyp


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Dillen..!


Tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
@menin_dunyam (Şugün, 01:55)

Owgan pähimleri


Ÿetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

Dutar heňi🙂


Mlds. Ustinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

At yazmak


Aýşöhle,Muhammet...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Owadanjam (Düýn, 23:20)

Owgan pähimleri


Öre Daşgynowyň goşgularyndan ýokmy Sizde? Ýetiräýiň, bar bolsa....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
Gulmahrem (Düýn, 23:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика