Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Haçanda adam senden sowan wagty.
 Betinden
 rexha [off]
 10.04.2024 / 21:14
 En büyük hatanız kör sandınız🍃

Adam senden sowanda ony gönümel aýdanokda,dürli sözler bilen,dürli hereketler bilen düşündirmäge çalyşýar. Adamlar dürli sebäpler boýunça senden sowap biler:ony sylamasaň,oňa hoşamaý sözler aýtmasaň,ony äsgermeseň,oňa ynanmasaň we ş.m.
Eger-de bir adam senden sowan bolsa onda ol adam seniň ýazýan sms'leriňe,jaňlaryňa jogap bermez. Dürli bahanalar tapar saña işlidigni ýa-da ýanynda adam bardygyny, ýarawsyzdygyny aýdar mundan başgada iýip içip oturandygyny ýa-da ýatandygyny bolmasada ýadawdygyny aýdar şuňa meňzeş dürli bahanalar bilen seni başyndan sowar. Temany üýtgeder seni söýýändigini aýdar we ýenede seni aldamagy başarar. Adam senden sowasada wagt geçirmek üçin senden aýrylmak islemez. Bu ýagdaý häzirki wagtda köp duş gelýär. Sen ýazarsyň ol birki sagatdan jogaplar.
Meselem:
salam gowmy ýagdaýlaryñ. Düýn ýaraňokdyň sesiň erwetdi agrylaň bardy indi nähili bolduň. Agşam ýadawdyň,gowy dynjyňy aldyňmy? (07:00)


Salam gowy. Howa(13:00)


Näme etýäň iýip içdiňmi?(13:01)

Howa(16:47)

Bolýar,söýýän seni(16:48)

Ok menem(19:09)

Bu ýerde görşüňiz ýaly sen ony alada edýärsiň oňa söýýändigiňi aýdýarsyň,ýöne onuň piňinede däl ol senden sowapdyr seni alada edenok. Saňa wagtynda jogap ýazasam gelenok. Jaň edeniňde almadyk bolup soň yzynada jaň edenok ýüregine düşüp jaň edeniňde(alada galyp) jaňy alýar we saňa ýadawdygyny ýatmak isleýändigini aýtýar:

Gyz-alo
Oglan-name
G-gowmy ýagdaýlaryň?
O-howa
G-näme etýäň?
O-ýadaw ýatyryn(öçüräýmezmikä diýip içini gepletýä)
G-bolýa sen dynjyňy al sag aman ýatyp tur gijäň rahat bolsun. Söýýän seni
O-bor dawaý.(diýip öçürýär)
Gyz:ýadawdyr dogry işi köp bolýandyr bolýada hiç.(diýip ýatýar gamgyn bolup)

Bu ýerdede üns berilse oglan sözleri bilen ondan sowandygyny düşündirýär. Gyz bolsa hiçhili beýle pikir etmeýär duýgularynyň garşylyklydygna ynanýar. Adam haçanda senden sowanda saňa üns bermeýär,öňküsi ýaly sen hakda gyzyklanmaýar. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý seni gama batyrýar sen ol hakdaky duýgularyňy oňa bolan garaýşyňy sylagyňy ynamyňy söýgüňi täzeden gözden geçirýäň bir ýerde ýalňyşym barmy diýip...
Şeýlelikde köp wagt geçýär,oglandan 1 aýlap hawar alyp bilmeýän gyzyň kellesine dürli pikirler gelýär...we ol jaň etýär oglana:
G-alo
O-kim sen?
G-tanamadyňmy meni Medine men
O-kim Medine?
Gyz jogap bermeýär we telefony öçürýär...

Ol nirde näme ýalňyşlyk goýberdim diýip pikire batýar......soň ol oglanyň özünden sowandygyna düşünýär. (Diýmek şonuň üçin ol maňa üns bermesini goýupdyr,maňa jogap beresi gelmändir menden sowandygyny aýdyp bilmän meni beter ýaralandygyny bilmändir....men bolsa...wah men samsyk bolupdyrn men ony bütin ähli zatdan beter geçip söýüpdim men oňa ýüregimi beripdim..indi men......indi men näme etmeli men oňa gaty öwrenşipdirn men...wah meniň ejiz ýüregim bu zatlara nädip döz geler....diýip içini gepletýär). Gyz bu gam-gussa bilen ýaşamak islemeýär dünýäsi daralýar....ine birnäçe günden soň ol oglanyň dosty jaň edip:
Dosty-alo gowmy dost(gamgyn ses bilen)
Oglan-gowylaý dost. Özüňem gowmy?
D-aý bir mydar. Dost hawary aldyňmy şugün çykarýarlar eken
O-nämäň hawary kimi nirden çykarýarlar düşünmedim
D- diýmek eştmänsiňdä....neme dost söýgüliň Medine özüni heläkläpdir...düýn gije
O- näme...näme diýýäň sen o nähili heläkläpdir....
D-aý dost dünýäsini çalşypdyr Medine. Maňada agam jaň etdi şuwagt. Jaýy jennetde bolsunda.
O- howa şeýle bolsunda.
Ine görşüňiz ýaly gyz özüni heläkläpdir ýöne oglana hiç hili bildirmedi sebäp ol gyzdan sowanyny aýtmady wagtynda gyz bolsa öz içinde umytlanyp ýaşaweripdir. Bu waka hakyky durmuşda bolup geçen waka.
Size düşündirmek islän zadym dogry(hakyky) söýgi bilen hiç haçan,hiç wagt ýalňyş adamlary söýmäň. Durmuş bu bir ýoldur,şol ýolda siz bilen bile syýahat etjek adamy elekde un elän ýaly saýlap seçip alyň. Dogry käte ýalňyşlyklar bolup bilýär,käbir oglanlaryň düşünjesi diňe wagt geçirmek olar gyzlaryň näme duýgular başdan geçirýänini bilenoklar,bilmegem islänoklar. Özleriçe"Keýpe görä hereket" diýip geziwerýärler. Bular ýaly ýagdaýa köp duş geldim. Iki taraplaýyn söýgi gaty az az duş gelýär häzirki wagtda.Dogry wagtda dogry kişä söýgüňizi beýan ediň.

Beýik Biribardan dilegim her kim öz ýürekdeşini tapmagy we onuň bilen ömür boýy bagtly durmuşda ýaşap çagajyklarynyň gülki sesine guwanyp ýaşamagydyr

Awtor:özüm.


235

35

7

18

1

0

4
Teswirler:
 Täzeje
 Mekan02 [off]
  Onunden akyan suwun gadyry yok
 10.04.2024 / 21:18

+0

Owa sula dogry durli sozler bilen senden sowanyny dusindirjek bolar diyen yeri mende dus geldidaaa


Betinden
rexha  (10.04.2024 / 21:19) 

Mekan02, Şeýlemi Bagtyýar?!


Täzeje
Mekan02  (10.04.2024 / 21:21) 

rexha, heh dossy yalnys gelip dusdin outyana


Betinden
rexha  (10.04.2024 / 21:22) 

Mekan02, Ýalňyşamok men. Sen ýalňyşdyň meni aldajak bolup


Täzeje
Mekan02  (10.04.2024 / 21:25) 

rexha, heh Sol bagtyyar diyenin sayta salyp berdi dos yalnysdyn outyan


Betinden
rexha  (10.04.2024 / 21:26) 

Mekan02, A maňa gyzykly däl


Täzeje
Mekan02  (10.04.2024 / 21:27) 

rexha, onda name ucin soradyn adam oynayanmy


Betinden
rexha  (10.04.2024 / 21:29) 

Mekan02, Bagtyýarmy sen diýmedim


Täzeje
Mekan02  (10.04.2024 / 21:30) 

rexha, bolya senin adyn name tanysyp bolmayamy


Betinden
rexha  (10.04.2024 / 21:34) 

Mekan02, Ýok


Täzeje
Mekan02  (10.04.2024 / 21:35) 

rexha, name ucin


Betinden
rexha  (10.04.2024 / 21:36) 

Mekan02, Sebäp ýok. DW


Täzeje
Mekan02  (10.04.2024 / 21:37) 

rexha asmandaky Aymy name Sen ozuni yokardan tutyanay🤔

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 11.04.2024 / 01:17

+0

dogry

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 11.04.2024 / 02:55

-1

Dogry


Betinden
rexha  (11.04.2024 / 02:55) 

Jasmin, okadyňmy?


Özümiziňki
Jasmin  (11.04.2024 / 02:56) 

rexha, hawo


Betinden
rexha  (11.04.2024 / 02:57) 

Jasmin, Bor


Özümiziňki
Jasmin  (11.04.2024 / 02:57) 

rexha, hawo

 Gerekli
 imissyou [off]
  Sylag hemme kişä,söýgi laýyk bolana!!!
 11.04.2024 / 16:48

+0

Dogry👍

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 12.04.2024 / 18:26

+0

Medine disene....


Betinden
rexha  (12.04.2024 / 19:14) 

Dreamfull, aý kellä gelen at

 Öwreniji
 zveezda [off]
  " Durmuşda özüňi gowy alyp bar! "
 13.04.2024 / 00:53

+0

Bahhh

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bar eýle!


Oz goşgyñyzmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bar eýle!
@menin_dunyam (Şugün, 01:58)

💎💎💎💎


Ustinlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Ýüregimiň armanydyr


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Gel seýle çykaly


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel seýle çykaly
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Adamlara ynanyp


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Dillen..!


Tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
@menin_dunyam (Şugün, 01:55)

Owgan pähimleri


Ÿetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

Dutar heňi🙂


Mlds. Ustinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

At yazmak


Aýşöhle,Muhammet...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Owadanjam (Düýn, 23:20)

Owgan pähimleri


Öre Daşgynowyň goşgularyndan ýokmy Sizde? Ýetiräýiň, bar bolsa....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
Gulmahrem (Düýn, 23:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика