Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Darkify : Gynanma hemme zat gowy bolar wagtyñ geçmegi bilen

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýazmasy kyn düşen hat...
Premium
 BAYOGUL [on]
 29.05.2024 / 13:17
 Yurekdesh.ru

Ýok, men Kerim aga öýkünjek bolamok, hakykatdan hem şu gezek maňa ýazmak gaty kyn düşdi... Sebäbi? Çylşyrymly, düşündirip bilmesem gerek...

Hawa, bu gezek hat ýazýaryn makaladan beter... Hatyň eýesi anonim, käbir A şahs, goý B bolsun, bu kän bir möhüm däl. Hatyň mazmuny şeýleräk:

-Edep başy salamdyr, salam bolsun, gurgunmyň?! Bizde hemme zat öňkülik, gara, ak we çal. Hemme zady üç reňki goşup alyp bolýar. Seniň reňkli dünýäňden nä habar? Reňkler öçenokdur diýip umyt edýärin! Düýn ýagyş ýagdy, yzyndan älemgoşar göründi. Şondan hem seň dünýäňden bölejik gözledim, olam 3 reňkde eken. Düýbünde tylla bolýamyş diýdiler, düýbüne ýetmedim. Olam seň özüň ýaly elýetmez eken...

Irden oýandym, guşlar saýraýardy. Bu gezek gulagyma owaz däl, goh eşidildi, seretdim, bilbil gözüme alahekek ýaly göründi. Olam 3 reňkde, gara, çal we ak... Birsalym oturdym, töwerege nazar aýladym, hemme zat öňki-öňkilik ýaly. Suwsyz galan agajy ýagyş suwarypdyr, asfalt suwa ezilipdir, olam şar-gara. Mundan öň üns beremok ekenim, durmuşda reňk az eken, köp zat 3 reňkde, ak, gara we çal... Geýindim, öýden çykdym, geýen lybasym ak-gara, diňe meniň däl, aglaba köplügiň eşikleri hem şeýle, maşynlar hem şeýle, ýollar hem, jaýlar hem...

Reňk saýgarmak gözüm bilen bagly hadysamy ýa ruhum bilen? Öň gözüme ilmeýän ak-gara, çal reňkleriň dürli kontrastlaryny indi näme üçin kän görýärin?.. sende şeýle bolanokmy? Seň reňkli dünýäňden nä habar? Entägem hemme zat älemgoşar reňkindemi? Ýadyňda bolsa bile reňkläpdik köp zady... Bile paýlaşypdyk reňkleri we reňksiz ýerleri. Sende reňkler galdy... Mende reňksiz ýerler... Başga biriniň dünýäsini reňklärsiň diýen umyt bilen:

Seniň "sungatçyň"

P.S. Soňky sözleme ýalňyş düşünmäň, gödek manyda aýdylmady, olara düşünmek gerek däl, duýmak gerek. Minnetdar!


158

10

2

5

0

0

4
Teswirler:
 Täzeje
 KOROLEV [off]
  Krallarda Devrilir Aslan
 29.05.2024 / 13:20

+0

Senem men Täze mowzugma like basayda

 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 29.05.2024 / 13:36

+0

Awtory Babageldi Joraýew.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test


Şondan basga hili udobny tutubam bolanok...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test
Luckyboy (Şugün, 04:47)

Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test


Meñkem edil Sag elde 3 barmak arkada. Kiçi barmak aşakda. Başam barmak ekranda....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test
Luckyboy (Şugün, 04:46)

Hindistanda hyýalym


Sag bol gyzykly maglumatlary paýlaşanyňyz üçin. Şeýle hem taryhda türkmen -hindi gatnaşyklary bolupdyr diýilýär. Häzirki döwürde hem Hindistana s...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hindistanda hyýalym
Erkin (Düýn, 22:27)

Ömrüme pent


Sebap, Öňünden minetdar!!!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüme pent
Daniel (Düýn, 22:07)

Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test


Sag el. 3 barmak arkada. Kiçi barmak aşakda. Başam barmak ekranda....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test
State (Düýn, 22:07)

Ömrüme pent


Ýetirip duruň gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüme pent
Sebap (Düýn, 20:55)

Ömrüme pent


Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem – Öňki döwürde bar zat gowydyda indi dost edinýän edinen dostuň seni arkadan urýara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüme pent
Sebap (Düýn, 20:55)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Sebap (Düýn, 20:28)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Azap çekjek eken gaýnene herkime gowsy sataşawersin...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Sebap (Düýn, 20:27)

Şahruh Han barada


Ap berwkella Mlds sps Suratynam goýmalyda malç edip ýokarsyna gowy artistaý şi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şahruh Han barada
Brend (Düýn, 19:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика