Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Kyn bolsada söý.....emma,söýmese gynama

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Özüni mata ýaly duýýan gyz
Premium
 BAYOGUL [on]
 29.05.2024 / 15:31
 Yurekdesh.ru

- Iň gowusy maňa eliňizem, diliňizem degirmeseňizläň, gelineje!
- Men nä biläýin gyz, suratlarda gaşsyz ýaly bolup duraňsoň biraz reňkläýjekdim...
- Reňklemäň! Nä size sypatymdan zeýrendimmi?Ýa gelýän-gidýänler, soraýan-ideýänler, gyzyňyzyň gaşy hilal, ýöne biz galyň gaşlylary halaýas diýäýýämi?
***
Maňa indi ullakan gyz bolupdyr diýýäler. Gowy gyz diýýämişler, temek diýýänlerem barmyş. Garaz birgiden myş-mişler. Ýöne men özümi soňky wagtlar mata hasaplaýan. Hamala kimdir biri meni nätanyş ülkeden, köne döwürden getirip, öýi elmydama akan-dökän bolan tikinçiň öýüne arzan pakediň içine salypdyr-da, bir çüňke oklapdyr.
***
- Menem indi il ýaly gyzymy yzyma tirkäp toýa gidesim gelýär, “gitjek däliňi” bilemok, tur derrew!
- Menem saňa: “Ýüwel aýal gyzyny toýa äkider”—diýýän-dä. Ýüwelleşesiň gelýäm-aý eje, özem, saçyňdan ak girip başlandan soň?!
- Howwa, ýüwelleşesim gelýä, akyl öwretme...
***
Bu ýerde mata köp, üsti-üstine eplenip duranlaram bar, tikinçiň okuwçylarynyň paketleň içine düýrläp dykanlaram kän. Gyýkyndylar-a hapaly karopka dolansoň, göni zibile. Içinde aglaşýanlary-da bar: “Bolmanda, begeýik hökmünde bir ulanaýyň meni”—diýip. Ozal-ebetde matalaň maňlaý ýazgysy şeýle ýazylandyr-da, ilki çyrpyl, soň ütük, soň biçüw, soň tikim, soň ütük, galan ýerlerem iru-giç zibile.
***
- Şolar maňa gelen bolsa, men-ä barardym.
- Näme üçin?! Diñe biraz puly köp diýipmi?!
- Pulam köp, sypatam erbet däl-ä gyz!
- Akmaklygyñam nesilden-nesile geçýänini bilýäñmi?! Çöññeligiñ... Soñrak... aý, bolýa-la....
***
Mata bolmagam aňsat däl, her kim galyňmy ýa ýuwkalygy, arzanmy ýa
gymmatlygy bilen gyzyklanýar. Haýsy moda görä tikilmeli? Haýsy tikinçilik öýüniň ýa-da haýsy artistiň stiline öýkünjegini pikirlenýär köplenç tikinçi.
“öýkünsemem men has gowy çykardym”—diýip, eslije pul almaň derdindedir.
Eýesi näme? Eýesem toýda iň owadan boljakdan, iň del, gaňrylyp seretdirýän
we.şm. ýüregedüşgünç “eýdeli-beýdelileň” içinde mataň pikiri bilen gyzyklanýanam ýok. Näçe gygyranda näme “Aslynda men eýle-beýle tikilmeli”— diýip, diňleýji ker bolsa. Belkem, ilkem diňlejek bolýanam ýokdyr biz mata görgülileň halyny.
***
- ...gyzym, ýaşlyk etme, ataňam menden bäş ýaş kiçi. Kösenip oň ýaly gowy jaý
salmagam aňsat däl bu zamanda...
- Ene! Adam garradygyça iki zada bolan söýgüsi artýarmyş: mal-baýlyga hem
ýaşaýyşa.
***
Mata bolmak hakda kän gürlän ýaly bolup durun. Mata-da matadyr welin, şeýle bir ýagdaý bar. Seň halamaýan mataňy alyp, halamaýan tikinçiňe seni ölçetmäge äkidýärler. Halamaýan stiliňde köýnek dikdirýärler. Halamaýan toýuňa äkidýärler. Toýda halamaýan kişileriñ, halamaýan hereketlerňe eliňden çekip, arkaňdan itekläp, ugrykdyrjak bolýarlar. Şonda mata bolmak ýene has aňsadyrak ýaly görünýär gözüme. Ýa-da mata bolmak bilen bu ikisi bir zatmy? Aslynda halanmaly däl kişi, gelinejemiň ýaňzydyşy, köne goňşyň aýdyşy ýaly belkem, mendirin? Labirintiň içinde taşlanylyp gidilen mata ýaly, ýok.... kiçijik gyzjagaz ýaly duýýan özümi.

©Jan Jennet


122

9

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 29.05.2024 / 15:32

+1

uffff uzyn zat goymak sana peyda getiryamaio


Premium
BAYOGUL [on] (29.05.2024 / 15:33) 

Aixcam_nx, peydasy gerekdal zato manyly


Gerekli
Aixcam_nx  (29.05.2024 / 15:35) 

BAYOGUL,

 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 29.05.2024 / 16:26

+0

Okap oturkam awtory şomuka diýip oýladym. Jennet asylly, ýuwaşja gyz. Juda haladym bu oýlanmasynam.


Premium
BAYOGUL [on] (29.05.2024 / 16:32) 

Belki, menem haladym

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hindistanda hyýalym


Sag bol gyzykly maglumatlary paýlaşanyňyz üçin. Şeýle hem taryhda türkmen -hindi gatnaşyklary bolupdyr diýilýär. Häzirki döwürde hem Hindistana s...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hindistanda hyýalym
Erkin (Düýn, 22:27)

Ömrüme pent


Sebap, Öňünden minetdar!!!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüme pent
Daniel (Düýn, 22:07)

Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test


Sag el. 3 barmak arkada. Kiçi barmak aşakda. Başam barmak ekranda....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test
State (Düýn, 22:07)

Ömrüme pent


Ýetirip duruň gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüme pent
Sebap (Düýn, 20:55)

Ömrüme pent


Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem – Öňki döwürde bar zat gowydyda indi dost edinýän edinen dostuň seni arkadan urýara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüme pent
Sebap (Düýn, 20:55)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Sebap (Düýn, 20:28)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Azap çekjek eken gaýnene herkime gowsy sataşawersin...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Sebap (Düýn, 20:27)

Şahruh Han barada


Ap berwkella Mlds sps Suratynam goýmalyda malç edip ýokarsyna gowy artistaý şi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şahruh Han barada
Brend (Düýn, 19:45)

Şahruh Han barada


şumadam dirimi öldi diýýäler çynmyka?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şahruh Han barada
Sebap (Düýn, 19:13)

Hindistan barada..


Iň gadymy şaher we ilkini şaher Dsmask öýtýän, Şahmat şol ýerde dörän,ýöne gadymy hindi küştünde figurlar üýtgeşik hereketde şu görnüşe Gündog...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hindistan barada..
Brend (Düýn, 18:44)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика