Ýer astynda gizlenip galan täsin esgerler.
Premium BAYOGUL [off] 29.05.2024 / 15:39 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Hytaý geçmişi we müňlerçe ýyllyk medeniýeti bilen dünýäniň iň möhüm we taryhy ýurdydyr.Hytaýyň müňlerçe ýyllyk taryhyndan şu güne çenli saklanyp galan köp sanly möhüm ýadygärlikler bar. Terrakota esgerleri ýa-da Sin Şi-Huanyň palçykdan ýasalan esgerleri muňa aýdyň mysaldyr. Bu ajaýyp taryhy ýadygärlik b.e.ön III asyrda ýasalandygy barada maglumatlar bar.
Bu goşun, Hytaýyň lkinji Imperatory bolan Sin Şi-huanyň esgerlerini taryp edýär.
Bu ýadygärlik ilkinji gezek 1974-nji ýylda işläp ýören daýhanlaryň görmegi esasynda ýer ýüzüne çykýar. Goşundaky heýkeller 1974-nji ýyla çenli müňlerçe ýyllap syr ýaly şol toprakda gizlenipdirler.
Goşunyň ýerleşýän sebiti UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda we dünýäniň 8-nji täsinligi diyip ykrar edildi.
Asyl ady Zhao Zheng bolan hytaýly Sin Şi Huang miladydan öňki 259-njy ýylda dünýä indi. Huang 13 ýaşynda Sin neberesiniň imperatory boldy. Sin imperatory köp söweşde ýeňiş gazandy. Şeýlelik bilen Hytaýda syýasy jebislik gazanyldy. Sin Şi Huang rehimsiz we zalym hökümdardy. Imperator zalymlygy sebäpli ölenden soň ony goramak üçin goşun gurmagy buýurdy. Başgaça aýdylanda, toprakdan yasalan goşuny hytaýly Sin Şi Huany goramak üçin ýasaldy.
Mazaryň gurluşygynda 700 000 işçi işledi. 76 metr çuňlukdaky mazar Hytaýyň paýtagty Sýamdan nusga alynan bir şähere meňzeýärdi. Sin Şi Huan ine şul täsin mazarlykda jaýlandy.Hazynalary we gyrnaklary hem onuň bilen jaýlandy. Mundan başga-da, talaňçylary mazardaky hazynalardan uzaklaşdyrmak üçin köp duzaklar taýýarlanyldy. Duzaklary taýýarlan işçiler hazynalara göz dikmezligi üçin mazarda diri jaýlandy!
Sin Şi Huan, toprakdan bolsa-da, öz adyna degişli goşun gurdurdy. Goşunyň içinde 8000 esger, 130 söweş arabasy we 500-e golaý at bar. Goşunda diňe bir esger däl, sazandalar we akrobatlar hem bar.Barlaglaryň netijesinde goşundaky esgerler ilkinji gezek ýasalanda reňkli görnüşde ýasalypdyrlar.Ýasama esgerleriň has gowy görünmesi üçin olaryň ýüzlerini, eşiklerini boýapdyrlar. Olaryň ýüzleri açyk reňkde bolup, eşikleri gyzyl,gök,ýaşyl reňkde bolupdyr. Ýaraglary bolsa goňur we gara reňkde.Bu täsinligi görmek üçin her ýyl millionlarça syýahatçy gelýär.Ençeme alymlar,profesorlar bu täsinligi görüp,barlag işini geçirýärler.
Teswirler:
Soňky teswirler