Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Onunla kavga etmeyi başkasıyla gülmeye değişmem.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Romantik söýgi erbet zatmy?
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
 02.06.2024 / 13:09
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Romantik söýgi erbet zatmy? Köpler romantik söýgä söýginiň çür depesi hökmünde garaýarlar.
Ol şonsuz durmuşyň manysy bolmaýan iň gowy tejribe hökmünde kabul etdirilýär. Onuň jadysynyň alamatlary diňe bir “Walentinanyň gününde” däl, hemme ýerde bar. Adaty durmuş toýunyň çykdajylaryny alyp göreliň. Bu soňky ýyllaryň dowamynda hasam ýokarlandy. Göýä diýersiň, ýaş çatynjalar romantik gymmatlyk bilen maddy gymmatlygy gönüden birleşdirýän ýaly…
Söýgi kördür diýilýär. Has dogrusy, romantik söýginiň gipergörnüşi biziň gözümizi gapýar, şeýdip durmuşda köp zat ýitirýäris. Gepiň tümmegi, meniň pikirimçe, romantik rowaýat döwrümiziň belalarynyň biridir. Rowaýat şeýle: siziň durmuşyňyzy güle öwrüp biljek biri bar, şonsuz durmuşyňyz manysyz bolar. Döwrebap durmuşyň öňünde duran esasy wezipe: şony tapmaly, aşyk bolmaly, soňra iki adamdan bire öwrülmeli.
Muny subut etmek kyn, emma men romantika hakdaky şeýle garaýyş birek-birekden goldaw tapmak babatda özüniň jübütlere edýän basyşy bilen aždarha öwrüldimika diýýärin. Tersine, bu gatnaşyklary ýaramazlaşdyrýar. Bu sosial taýdan çüýrediji ýagdaýdyr, sebäbi ol söýgä dogry düşünmegiň deregine ony ideallaşdyrýar. Söýgi edil özüň ýaly kemçilikli biri bilen ajy we süýji günleri başdan geçirmekden ybaratdyr.
Rowaýatyň güýjüni köp adamlaryň söýgä ynanmazlygy hem görkezýär. Olar muňa protest bildirip, şeýle hekaýanyň diňe romantik romanlarda we filmlerde bolýandygyny, hakykatda beýle zadyň ýokdugyny aýdýarlar. Söýgi filmleriniň özüne çekmeginiň sebäbi diňe bir şu arzuw däl. Geçen ýyl “Google” saýtyna iň köp berlen sorag: “Söýgi näme?”. Eger-de biz töhmetçil rowaýatyň yşgyna düşmeýändiris öýtsek, ol rowaýat hasam güýçli bolýar.
Iň gowy durmuşyň giper-romantikadan daşda durýan täzeden gurlan durmuşdygy baradaky hakykat geň galdyrýar. Ýakynda geçirilen barlag iň esasy faktorlar hökmünde üç zady görkezdi: ýan-ýoldaşlaryň özara ylalaşygy, sosial goldaw we maliýe taýdan durnuklylyk. Täzeden durmuş guran bu adamlar, öň durmuşyň agyr ýollaryndan geçip, indi özleriniň kynçylyklary barada manyly gürrüň edip bilýän bolara çemeli.
Romantikanyň näme üçin ölüm bilen baglanyşyklydygy barada oýlandyňyzmy? Romeo we Julettany alyp göreliň. Ol bize pikirlenmän, howlukmaçlyk bilen öýlenmegi ündeýär, sebäbi ol sabyr bilen dogruçyllygyň alamaty. Şekspir bu wakany aýdyp berende ony tragediýa diýip atlandyrypdy. Ol bolan zatlarda has uly hakykaty görýärdi: romantika ýaş söýgülileriň ýüregini gurşap alsa, şonda weýran ediji hereketler ýüze çykýar.
Adamlaryň romantik rowaýatlary inkär edýändigini görkezýän alamatlar hem bar. 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri, özbaşyna ýaşaýan adamlaryň sany 50% köpeldi. Ýekelik has köp erkinlige şert döredýär diýen düşünje bar. Göýä diýersiň, bu adamlar dosluk bilen erkinligi gabanjaňlyk bilen şübhäniň güýçli duýgulary bilen başdan geçirýän jübütleriň gowgaly durmuşlaryna ýakyndan, gynanç bilen şaýatlyk edýän ýaly görünýärler.
Onda, romantika näme üçin şeýle ýaramaz? Meniň pikirimçe, iň hezil söýgi tejribesine bolan isleg söýginiň esasan hem başgalary hakdadygy baradaky hakykaty ýoýdy. Romantik rowaýat bizi söýgä aşyk edýär, söýgülimize däl. Söýgi bilen ýaşamak – biri bilen bolmak we biri bilen erkin bolmak ukybydyr. Bu has hezil. Bu ýagdaý wepa bilen jomartlyk, dogurçyllyk bilen açyklyk ýaly gymmatlyklaryň öňüni açýar. Durmuşy gujak açyp, garşy alýar.


by:✌


129

14

4

1

2

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 02.06.2024 / 13:10

+0


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 13:11) 

BAYOGUL, axa


Täzeje
Jimin  (02.06.2024 / 13:12) 

Hmmm?


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 13:14) 

Jimin, mmm

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 02.06.2024 / 13:11

+0


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 13:14) 

Yekejelai, ok

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 02.06.2024 / 13:12

+0

Ey bizarow wara oz durmysy hakda baslady howa onsan


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 13:13) 

Akademik2, hehe goyjak

 Täzeje
 Hako [off]
 02.06.2024 / 13:27

+0

"by:A" diýipsiňiz welin, kimkän ol "A"?


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 13:27) 

Hako, prosta goyaydm gozun dine sxona dusdumi


Täzeje
Hako  (02.06.2024 / 13:29) 

Aixcam_nx, düşmeli dälmi? Biri muny mundan, gör, näçe ýyl öň iş edinip ýazypdyr, indem sen alagada şuny öz adyňa geçiräýmelimi?


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 13:30) 

Hako, mn oz adyma geciremoga ony A didm
dussin mna nm


Täzeje
Hako  (02.06.2024 / 13:32) 

Aixcam_nx, "akyl satyp, ýürege düşdi" diýersiň, ýöne kişiň zähmetine hormat goýjak bol. Sag gez.


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 13:33) 

Hako, yio gaytam gouy etyan sps
bo bo

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Aziýa ligany utdyňyka...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Brend (Şugün, 22:16)

)😁Degisme


Serce özüne gelip daş töweregine seredip şeýle diýipdir:"Wah men motorly adamy kakyp öldürip türmä dusipdirnow Serçe ýebanutymy ýa?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Şugün, 22:12)

)😁Degisme


Motorlykaň serçäni kakmak... Oň özünden gitmegi... Özünden giden serçäni öýüňe getirmek... Özünden giden serçäni iýmitlendirmek... Iýmitlendirmek...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Şugün, 22:11)

)😁Degisme


Gygyryp guldimda...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
rexha (Şugün, 21:54)

Muny Bilmek Gyzykly !


Bilÿănler gűler bilmeÿănem biler....dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
@menin_dunyam (Şugün, 21:44)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Tüweleme dowamam gelewersin şeýdip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Sebap (Şugün, 20:10)

Uzak yasa Epifiz dade.


EpifizZzzz uzok yasaaaa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aypipijik (Şugün, 16:51)

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yasa sulara menem gosulyan uzyn omrun bolsun goroglyn yasyn yasa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aydymcy_Jemile (Şugün, 13:40)

Uzak yasa Epifiz dade.


Menem gutlayan uzak we manyly ýaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Luckyboy (Şugün, 13:33)

Uzak yasa Epifiz dade.


Berdi bilen barjak diyyami...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика