Ajayyp soygi rowayaty
Premium BAYOGUL [off] 02.06.2024 / 13:57 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Bu synag dünýäsinde ýaşaýan ynsanyň başyna näler gelenok eken. Her adamyň öz durmuşy bar, agyr bir synagy bar, kynçylyk bilen geçýän, käte bolsa ýykyp togalanara getirýän böwetlere duşulýar.
Meniň durmuşym hem ajy başdan geçirmelerden doly. Yşkdan hakykata, hyýaldan çyna uzap gidýän ýadadyjy hem agyr başdan geçirmeler.
Taýýarlyk fakultetini bile okap tamamlan Kemal atly bir kursdaşyma garşy düýpli duýgylar besleýärdim. Onuň bular ýaly zatlar hiçhili işi ýokdy. Ol örän dogruçyl, örän ynsanperwer we juda akylly biridi. Üç ýylyň dowamynda oňa bolan yşgymy bilmegi üçin nämeler edendirn, nämeler... Emma erjellik edip bularyň hiç birini hem görmezlikden gelýärdi. Ahyry soňky okuw ýylymyza ýetipdik we bu hakda oňa aç-açan aýtmak isleýärdim.
Maňa üns bermezliginiň ýa-da gyzyklanmagyma hiç garşylyk bermezliginiň sebäbi, medeniýetimizdäki üýtgeşikliklerden ýa-da tapawutly sebitlere degişli bolmagymyzdandyr diýip oýlanypdym. Ine şu barada jikme-jik düşündirip oňa bolan söýgimi aýtjakdym.
Oňa birnäçe gezek “Seniň bilen gerekli bir temadan gürleşmek isleýärin” diýemde “ýok” diýmändi. Ýöne her gezeginde bahanalary bilen meni başyndan sowýardy. Gysgalap aýdanymda, oňa bolan gyzyklanmamy ýa-ha islänokdy, ýa-da durmuşa bolan tapawutly garaýşymyz sebäpli “problema bolar” diýen gorkusy bardy.
Hakyna seretsek, Allajana şükür, aslyýetimde men töweregimizde derrew tapawutlanýan bir gyzdym. Köp oglanlar meniň bilen bu temada gepleşmek isleýärdi, ýöne men olary ret edýärdim. Bularyň arasynda biziň kollektiwimize degişli ýaşlar hem bardy. Çünki, biz tapawutly däp-dessurlara, adatlara we durmuşa garaýyşlary bolan medeniýetimiz bardy. Bizde welin, daşky medeniýetlerden bolan kişilere gyz berilmeýärdi we olardan gyz alynmaýardy. Eger kimde-kim bu däbi bozsa, köplenç munuň üçin gaty köp azaba duçar bolardy. Menem muny bilýärdim. Ýöne oňa bolan söýgimden ýaňa bularyň barysyna gözümi ýumdum.
bilmesek, onda bütin ömrümiz boýunça biri-birimize garaşyp o dünýä göçüp gitmeli bolarys.”
Emma şul hem meniň üçin eýýäm bir çykyş ýolydy. Dünýäde apy-tupanlar turuzýan bu söýgi diýilýän zat şeýle bir güýçli, şeýle bir ýakyp ýandyryp barýardy welin, “ýa-ha onuň bilen bolaryn ýa-da ölerin” diýdirýärdi.
Okuwymyzy gutarýançak ýene birnäçe gezek duşuşdyk, çözgüt gözledik. Emma muňa bir çykyş ýol, pähimli bir çözgüt tapyp bilmedik.
Okuwymyz hem ahyry gutardy. Ikimiz hem Allanyň bir peşgeşi hökmünde, şol bir welaýatyň şol bir etrabynda mugallym bolup işlemäge iberildik. Mekdebimiz hem bir-birine golaýdy.
Kemal özüne bir öý tapyndy, käbir okuwçylary bilen bile ýaşaýardy. Men bolsa bir şepagat uýasy bilen bir ýerde boldym. Ol gyz gyzyklyja dini kitaplary okaýardy.
Aşyk bolmagymdan soň, meniň dünýämde apy-tupan turýan ikinji döwrüm başlapdy. Men her-hili peýdaly dini kitaplar okamaga başlapdym. Bu şepagatçy gyz hem bul ugurdan örän gowy bilýärdi. Maňa-da oňardygyndan kömek edýärdi.
Kemalyň we şepagatçy gyzyň goldawy bilen dogry ýoly tapypdym. Namaza başlapdym, başymy hem örtünýärdim. Maşgalam bu edýänlerimi bilende kyýamat gopan ýaly boldy. Ýençýärdiler, sögýärdiler, göwnüme degýän gürrüňler edýärdiler. Kakamyň, ejemiň we jigimiň hamala demleri kesilen ýaly boldy. “O nähili beýdip namaz kylmaga aňyň çatýar, nädip öz däpleriňe, adatlaryňa garşy bolan hereketleri edip bilýäň?!” Sebäp diýseňiz, biziň durmuşymyzda namaz, agyz beklemek ýaly dini adatlarymyz ýokdy. Näme bolsa-da, Alla maňa sabyr-takat, güýç-kuwwat berdi, menem çydadym. Belli bir wagtdan soň, maşgalam meni öwlätlykdan we mirasdan mahrum etdiler.
Bu daş göräýmäge çydap bolmajak bir kösenç hem synagdy. Emma, gudraty güýçli Alla hiç bir guluny hem çäresiz goýmaýar. Maşgalamyň meni reddetmegi gaýta hemme zady aňsatlaşdyrdy.
Ahyrsoňy, Kemal bilen toý etdik. Elbetde, iki tarabyň maşgalasy hem muňa yrza däldi. Ýöne, Kemalyň maşgalasy meniň gowulyga üýtgänligime begendiler. Meni kabul etdiler.
Indi bütin kösençlerimiň dynyp, bagtyň bize ýylgyrýan wagty gelipdi.Öz ýagdaýymyza göräräk bir öý gurdurdyk. Kemalyň dostlary bize ene-ata hökmünde boldylar. Kän uly bergilere batmanrak öýümiz üçin gerek zatlary alyp gutardyk.
Durmuşa çykanymdan soň, Kemala bolan söýgim gutarmady, gaýta has-da beter güýçlendi. Ol ýanymda bolmadan bir sekunt hem geçirip bilemokdym. Gözüme ondan başga hiçkim görünmeýärdi. Ol, şeýle bir dogruçyl, batyrgaý we ýakymly bir adamdy weli, özümi dünýäde iň şowly adam hasaplaýardym. Emma, meniň durmuşymyň synaglary entek tamamlanmandy, hatda indi başlapdy.
Iň uly begenjim hem, göwreli bolup, geljekde kakasynyň ady goýuljakçagam Kemalymyň bolanyny bilen günümdi. Öň bile bir ýerde ýaşan şepagat uýasynyň ýanyna gidip barlatdym. Buşlugy alamsoň, öýe ylgap gidip, bu habary mümkin boldugyça tizräk Kemala ýetirmek isleýärdim.
Ýöne, dünýämi garaňkyladýan, bütin umytlarymy kesýän habary hassahananyň gapysynda bilipdim. Bir tiz kömek awtoulagy gelipdi, bir hassany getiripdi, daş-töweregi bilen adamlar ylgaşýardy. Biriniň “Kemal, Kemal” diýýänini eşitdim. Onuň kimdigini, haýsy Kemaldygyny soraman zat etmän, şol taýda ýere çöküp galypdym.
Hawa, ol meniň Kemalymdy. Şol belent söýgim, ýeketäk arzuwym, onuň ugrunda müň gezek janymy gurban etmäge taýyn bolan adamym, Kemal...
Bir ýük awtoulagynyň tormozy tutmandyr. Ol hem ýolda duran iki sany okuwçyny halas etmek üçin özüni oklapdyr, olary halas edipdir, emma özüni halas bolmandyr.
Daş-töwerekdäki herkim ýas tutdy, aglady. Men welin, gynanjymdan halys bolupdym, gurpdan düşüp galypdym, gezip ýören öli ýaly bolupdym. Milýonlarça gezek Alla ýüzlenip ýalbarýardym: “Haýyş edýärin, meniň hem janymy alaý!..” diýip.. Başa barmady. Ýöne, entegem söýgime, arzuwyma, yşgyma ýetmek üçin ýalbarýaryn. Enşalla o gapy kän uzaga çekmän açylar. Alladan umyt kesmeli däl.
Buwagt bolsa, oglum Kemaly ysgaşdyryp, durmuşyma daýanç we kuwwat goşmaga çalyşýaryn. Ol heniz iki ýaşynda. Men bolsa mugallym. Özümi entegem ele alyp bilmedim. Öýlenmek niýeti bilen söz aýdyp gelýän juda köp. Ýöne hemmesini hem käýäp kowup goýberýärin. Ol diňe maddy dünýäde ýogaldy. Emma öýümiň içindäki şol nurana ýylgyryp bakyşlary entegem ýaşap ýör. Şol süýjije sözleri entegem maňa eşidilýär...
Onuň ruhyny şat etmek üçin her gün Gurhan okaýaryn. Her hepdede bir günümi ýörite onuň mazaryny zyýarat etmäge sarp edýärin.
Kemalyň magalasynyň jany sag bolsun, meni ýalňyz goýanoklar. Ýöne öz maşgalamdan ses-üýn ýok. Jigim hem “Bolaýypdyr!” diýen atly bir hat iberipdir. Aý, näme edeýin, olaryň pikirine görä dogrusy şeýledir-dä, hata jogap ýazyp bilmedim. Ýöne olar üçin hem doga-dileg edýärin, gowulaşmaklary üçin..
Başyňyzy agyrdanym üçin bagyşlarsyňyz!..
Teswirler:
Gerekli Aixcam_nx [off] Raionymyn ovadanjasylai_nx 02.06.2024 / 14:08-1onm 1 gzk okadm
Soňky teswirler