Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “Bad memories stay longer in my heart.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gaýyn enemiň ruhy. 1-nji bölüm (hekayajyk).
Premium
 BAYOGUL [on]
 02.06.2024 / 14:15
 Yurekdesh.ru

Ogulsuraý bu öýe gelin bolup düşenine 5 ýýl
bolyberipdi.Ýoldaşynyň 6 gyz dogany bardy.Kakajan (Kakyş) bolsa körpeleridi. Ýeke ogul 6 gyzyň yzyndan bolansoň, gyzlar Kakyşy gaty gowy görýärdiler
Gaýyn atasy ýokdy,ol Ogulsuraý bu öýe gelin bolup düşmänkä aradan çykypdy.
Ogulsuraýy gaýyn enesi gaty gowy görýärdi.
Gaýýn enesi hem ýarowsyzdy. Onuň wagtal-wagtal gan basyşy beýgelip, alym berime salýan wagty köpelmese azalanokdy.
Gaýyn enesi oňat wagty bazarda altyn kümuş satyp, atly söwdegär bolup gidipdi. Gyzlaryny çykaryp, oglyny öýerensoň, öz ýarowsyzlygy sebapli bazara söwda etmegini goýbolsun etmeli boldy.
Özi altyn kümiş aýlanşyk edensoň gyzlarynyň 6 synda hem birmeňzeş altyn çaýylan, kümüşden ýasalan çaklanja gymmatbahaly gülýakalary bardy.
Ogulsuraý gelin bolup gelen güni gaýyn enesi, öýde gaýyn ata ýok, galan ömrüme sesiňi eşidip duraýyn diýip, gelegelmäne altyn çaýylan, kümüş gülýakany ýaşmagyň aç gelin diýip sowgat berdi.
Bu gülýakanyň birini özi hem sypdyrman dakynýardy.
Aý gün tirkeş bolup geçip durdy. Maşgala hysyrdylary bilen öwrenişip gitdi. Kakyş Ogulsuraýyň işlemegine razy bolmady. Şu hojalygyň işini oňaryp otursaň boldy, mal gara, towuk jüýje hem saňa ýetik, şolary azarsyz oňarsaň bolýar diýip, Ogulsuraýy gyz wagtynda işlän dokma toplum kärhanasyndan hem işden çykardy.
Bularyň agzybir maşgalasy bardy. Gyzlar atasy öýüne gezmage gelende jigleriniň gelininden göwni hoşdy. Ogulsuraý olardan birden biri gelaýse datly tagamly naharlar bişirip öňlerinde goýýardy........!?
Güýziň ilkinji günleri gaýyn enesiniň ýagdaýy agyrlaşdy, hassahanadan ýagdaýy agyr bolansoň öýe äkidaýiň diýildi.
Öýe getirlenden soň sanlyja sagadyň dowamynda,, ýiti ýürek dem alyş ýetmezçiligi, aterosklerozly kardioskleroz, arterial gipertoniýa keseli 3-nji dereje kesel kesgidi bilen bu dünýsini täzeledi.
Gaýny aradan çykanda, gaýynyň 7 -sini sag-aman sogup, gyzlar dargamanka gaýynynyň zatlaryny deňderman edip alty gyza paýlady. Eşiklerini isrip etmanjik geýiň ejeňiziň geýen eşikleridir diýip berk tabşyrdy.
Günler tirkeş bolup geçip durdy, gaýynyň o jumalygyndan bu jumalygy arasynda Ogulsuraý aşa gorkupdyrmy nämemi ýada öň öli görmedigindenmi nämemi, gijelerine tisginip turup başlady. Kakyş ony molla okatdy, öýe ýüzärlik tütetdirdi, goýun soýup goýunyň ýüregini ýüregine tutup ýurekletdi, aý garaz türkmen emleriniň edilmedigi galmady, hatda gaýynyň köýneginiň ýakasyndan suw akydyp hem içirdiler.
Şondada beterleşmese gowy bolaýanokdy, indi gijelerine samyrdamany çykardy, gaýyny bilen gürleşýän ýaly ep-esli özüçe gürlemani çykardy.
Awtory: Nowça (dowamy bar)


130

9

2

4

0

0

3
Teswirler:
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 02.06.2024 / 14:16

+0

mlds


Premium
BAYOGUL [on] (02.06.2024 / 14:16) 

Aixcam_nx, like hany


Premium
BAYOGUL [on] (02.06.2024 / 14:16) 

Aixcam_nx, sps


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 14:16) 

BAYOGUL, goydma


Premium
BAYOGUL [on] (02.06.2024 / 14:17) 

Aixcam_nx, howwa sps


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 14:17) 

BAYOGUL, axa


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 14:17) 

BAYOGUL, ok

 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 02.06.2024 / 20:42

+0

sxuny on okadm vln 3 nji bolumini tapmadm 1,2 ni okadm 3 bolumi tapyp goiaida


Premium
BAYOGUL [on] (02.06.2024 / 20:43) 

Aixcam_nx, ertir goyjak nesip etse


Gerekli
Aixcam_nx  (02.06.2024 / 20:44) 

BAYOGUL, axa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Muny Bilmek Gyzykly !


Bilÿănler gűler bilmeÿănem biler....dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
@menin_dunyam (Şugün, 21:44)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Tüweleme dowamam gelewersin şeýdip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Sebap (Şugün, 20:10)

Uzak yasa Epifiz dade.


EpifizZzzz uzok yasaaaa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aypipijik (Şugün, 16:51)

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yasa sulara menem gosulyan uzyn omrun bolsun goroglyn yasyn yasa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aydymcy_Jemile (Şugün, 13:40)

Uzak yasa Epifiz dade.


Menem gutlayan uzak we manyly ýaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Luckyboy (Şugün, 13:33)

Uzak yasa Epifiz dade.


Berdi bilen barjak diyyami...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:56)

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:55)

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика