Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ahmediň ölümi
Premium
 BAYOGUL [off]
 11.06.2024 / 17:59
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Ahmet seni ähli zatdan beter ýigrenýär, ol seniň ölümiňi dileýär. Eger Ahmetde mümkinçilik bolan bolsa, ol seni pikirlenmän öldürerdi. Ahmet entek jahyl wagty pişigiň çagasyny ýere pylçap öldürdi. Pişijek Ahmediň gözlerine seredip jan berdi, Ahmet bolsa wagtyň geçmegi bilen bar zady unutdy. Diňe ençeme ýyllardan soň, Ahmediň öz gyzjagazy jan berende, onuň ýadyna şol pişijek düşdi, sebäbi gyzjagazyň gözleri edil pişigiň gözleri ýalydy. Eger seniň kalbyň jan almaga ukyply bolsa, hiç zadyň janyna gymmatlyk görmeýän bolsa, onda öz zäheriňi özüñ dadyp gör. Seniň bilen hem bar zat şeýle boljaga meňzeýär. Dogrusy men saňa bir at dakmaly boljak, bolmasa maňa wakany gürrüň bermek kyn düşýär. Maňa seniň çyn adyňy tutmak gadagan, sebäbi seniñ adyňda biziň baş duşmanymyzyň ady bar. Şonuň üçin men seň adyňy, seň ruhyň şekiline görä tutjak, men saňa Kirpi diýjek. Belkem sen bilýän dälsiň, ýöne seň ruhyň kirpiň şekilinde, sen edil Kirpi ýaly dikenli, saňa bir wagtlar Ahmet hem diýipdi:
—Sen Kirpä meňzeş, —diýipdi,
—çala bir zat diýilse şobada çişip, öz dikenleriňi görkezip başlaýaň.
Meni seň ýanyňa Ahmet ugratdy, has dogrusy ähmediň ejesiniň aýal dogany ugratdy. Ähmediň özine gezek galsa, ol men we maňa meňzeş jandarlaryň bardygyna ynananok. Ol Biziň baş duşmanymyza we biziň Atamyzyň bardygyna-da ynananok. Ahmediň ejesi we kakasy hem känbir ynananok, ýöne Ahmediň daýzasy bolsa, biz bolmasak indi, birje ädim hem adip bilenok. Ahmet öz ejesiniň ýanynda sen barada agzady, senden dynyp bilmeýänini aýtdy, oň ejesi bolsa öz aýal doganynyň ýanynda agzady, ol aýal bolsa gitmeli adamlaryň ýanyna gitdi we sen öler ýaly ähli eşleri ýerine ýetirdi. Ol aýal biziň dünýämize diýseň kän ýüz tutýardy. Ýöne biziň dünýämiziň edýän işine känbir düşinenokdy. Sen welin Kirpi, biziň dünýämiz bilen iş çalşmasaň-da, biziň işleýşimize gowy düşünýäň. Sen meň peýda bolanymy şol bada bildiň. Sen işden gelip, öýüň gapysyny açyp, çyrany ýakanyňdan, seň öýüňdäki çyralar köýdi. Şol pursat sen bar zada düşündiň. Şonda men seň öýüňe kürsäp urdum, ýöne seň çyraň, menden geljek zyýany özüne aldy we wepat boldy. Dogrymy aýtsam, seniň bilen bir zatlaryň tersdigini men şol pursat düşünip ýaşlapdym. Saňa zyýan ýetirmek maňa diýseň kyn düşer. Saňa zyýan ýetirmek üçin, seň özüňde hem edil şol derejede zyýan bolmaly. Seni öldürmek üçin, edil şu pursat, seniñ özüň hem adam janyny almaga taýyn bolmaly. Diňe şeýle ýagdaýda biziň edaramyz seni öldürüp bilýär we ýene bir näçe adam biziň edaramyzyň güýjine ynanmaly bolýar. Eger seni öldürip bolsa, seň ölümiň üçin bize ýüz tutan aýalyň, bize bolan ynamy bir näçe esse artmaly we garşy garşy bize ýüz tutmaga ýol açmaly. Eger seni öldürip bolmasa, sen näme boljagyny bilýäň Kirpi? Kapasadan boşadylan gaplaň, hökman birini iýäýmeli. Eger iýmäge zat tapylmasa, gaplaň ony gözenekden boşadana ýapyşýar. Biz bilen hem bar zat şeýle, eger saňa zyýan ýetirp bilmesek, diýmek zyýanyň barsy Ahmede gaýdyp barmaly bolar. Ahmediň ruhyna görä aýdamda, oň janyny almak üçin, saňa nýetlenen zyýanyň 1/3 hem ýeterlik. Seni ýok etmek üçin maňa 40 gün berdiler, men bolsa entek seň gapyňdan hem ätläp bilemok, men seň bosagaňda durun. Men seniň gapyňdan ätlän badyma, seniň öýüňde bir zat döwülýär we men ýene yzyma zyňylýan. Iň soňky gezek men seň bosagaňdan ätlämde, siziň telewizor diýýän zadyňyz düwildi. Seniň tüýnügiňden ätlär ýaly, sen paýynç söz bilen meni çagyrmaly. Şonuň üçin sen her gezek öz öýüňe girjek wagtyň, seň ýadyňa ýaramaz zatlar düşýär we sen çalaja sögünýän, ýaramaz zatlary men seniň kelläňe oklaýan, ýöne sen uzak pikirlenmän, ol tilsimiň hem üstüni açdyň. Seniň öýüňe girmek maňa başardaýan halynda-da, men ol ýerde uzak eglenip bilemok. Sebäbi seň öýüňdäki ähli zatlar seni gowy görýärler, we seň saglygyň üçin janyny orta goýýarlar. Wah, eger seniň ýaşaýan tünegiň, iň bolmanda birje kerpiji biziň edaramyzyň kömegi bilen salynan bolsady, men şol kerpijiň duran ýerinden seniň öýüňe girerdim, emma ýagdaý biziň hasabymyza däl Kirpi, galybersede sen eýýäm meň bardygymy bilýäň, paýyş sögünmegem goýduň. Sögünmeýän adamyň ýanynda bolsa, biz baryp bilemzok. Nähili agyr bolsada, men seň ýeriňe Ahmediň janyny almaly boljak öýdýän?
Dogrusy soňky döwürler seniň garşyňa, biziň edaramyza ýüz tutýan adamlar diýseň köpeldi. Bir iki sany aýal, ýene bir oglan, olar bilen seň nähili duşmançylygyň bardygy maňa gyzykly däl. Senoň ejeň öz wagtynda biziň edaramyza seni sorap diýseň kän ýüz tutupdy, ýöne biz, seniň ejeň ýüz tutmalaryny kanagatlandyryp bilmedik. Emma ýüz tutýan adam seň ejeň bolany üçin, sen-de biziň edaramyzyň işi yzsyz geçmedi. Biziň bar zähmetimiz, seniň bedeniňde bejerip bolmeýan kesel bolup galdy. Sen energiýa diýen zadyň nähili işleýänini bilýäňä, sen şol zatlara düşünip, biziň dünýämiziň ähli syryny açdyň. Seni yzyňa gaýtarmak üçin sarp edilen energiýa, saňa täsir edip bilmän, seniñ bedeniňi öldürýän energiýä öwrüldi. Ahmet bilen hem bar zat şolar ýaly, seni öldürmäge boşadylan güýç, häkman birniň janyny alaýmaly, isle seňkini, isle Ahmediňkini? Dogrysy eýýäm köp wagtyň dowamynda, sen biziň edaramyz üçin diýseň gyzykly adam. Näme üçindigini bilemok, ýöne seň üstiňde, biziň dünýämiziň iň kuwwatly hünärmenleri, eýýäm ençeme ýyl bäri zähmet çekip gelýär.
Näme üçindir sen Ýartygulak atly jyna diýseň gerek, ol dogrysy saňa gönümel zyýan ýetirip bilenok, emma seni ýalňyz goýmak üçin eýýäm ençeme ýyl bäri zähmet çekip gelýär. Sen şu ýaşyňa çenli durmuşda näçe tanyş gazandyň Kirpi? 500 adam, 1000 adam? Mekdepde okan bolsaň 300-500 adam seni tanaýan bolmaly? Dogan garyndaşlardan seni näçe adam tanaýar, ýatlaýar? Seni näçe adam tanaýany wajyp däl, sebäbi Ýartygulak seni ýatlaýan adamlaryň barsynyň ýatlamalaryny düzedip ýör. Kimde kim seni ýatlap başlasa, Ýartygulak we oň nökerleri, şol adamyň pikirlerini başga ýana sowup başlaýarlar, ünsini bölýärler. Şeýle ýagdaý eýýäm ençeme ýyllap dowam edýär. Seň mekdepde bile okan tanyşlaryň barsynyň pikirine görä, sen 3-nji synpda başga mekdebe geçmeli bolduň, sebäbi seniñ ejeň bilen kakaň aýrylyşdylar, sen başga ýerik göçdüň. Hakykatda bolsa sen, şol bir adamlar bilen, mekdebi soňyna çenli tamamladyň. Emma Ýartygulak, ýuwaş ýuwaşdan, 25 ýylyň dowamynda, seni mekdep döwürlerinden tanaýan ähli adamlaryň, saňa degişli bolan ýatlamalaryny üýtgetdi. Ilki bilen gyzlaryň ýatlamasy çalşyldy, soň oglanlaryňkyny. Haçanda seniň mekdep tanyşlaryň bir ýerik jemlenende, olardan biri, Ýartygulagyň pyşyrdamalary esasynda, sen barada bir näçe söz aýtdy:
—Kimiň ýadyna düşýär, 3-nji synpda biz bilen bir oglan okaýardy, soň bir ýerik ýitrim boldy, onuň ady planydy.
Seň tanyşlaryň esasy bölegi hawa hawa diýişýärsiler, sebäbi olaryň göwnüne çyndan hem bir oglan mekdepden çykyp giden ýalydy, ol şübheleri Ýartygulak ýyllar boýy seniň tanyşlaryň ýöregine ekip geldi. Elbetde seniň tanyşlaryň içinde öz ýatlamalaryna berk ynanýan adamlar hem bardy, ýöne olary köpçüligiň pikirleri basýardy. Şeýle usul bilen Ýartygulak seni ýuwaş ýuwaşdan adamlaryň ýatlamalyndan öçürýär, onuň näme üçin beýle edýänini men anyk bilemok, mende diňe çaklamalar bar. Ýartygulak öz nökerleri bilen, seni tanaýan ähli adamlaryň pikirlerini garawullap otyrlar. Kimde kim seni ýatlap başlasa, Ýartygulak şol bada şeýle adamlaryň ünsini gapdala sowup başlaýar. Eger seni ýatlap başlan adam, ünsini sowasy gelmese, ol adamyň daş töweregindäki adamlar oňa päsgel berip başlaýarlar. Meniň ýadyma bir täsin ýagdaý düşýär, seni bir gyz köp ýatlaýardy, ýöne ol gyz haçanda seni ýatlap başlanda, bir ýerlerden siňek peýda bolýardy we gyzyň ýüzüne gonup ýüregine düşýärdi, gyz siňegi kowjak bolup gahary gelýär we sen hakda oýlanmalary goýýar. Sen bar zady dogry aňdyň, siňeklere diýenini etdirip bilýän jyn hem, Ýartygulagyň ýakyn dosty, ol jynyň adyna sen Welzewul diýýäň. Näme üçindir Ýartygulak üçin seň ýeke galmagyň zerur bolmaly? Bir mahallar Ýartygulak seni adamlardan çetleşdirjek bolup köp azap çekdi, ýadyňa düşýän bolsa saňa şol döwürler şäherden çetde işlenýän iş köp teklip etdiler, emma sen razy bolmadyň. Indem Ýartygulak hiç hili alaç tapman, adamlary senden çetleşdirýär. Seni ýatlap biläýjek ähli adamlaryň pikirini garawullaýar we şol bada çäre görüp başlaýar, sebäbi seni hiç kim ýatlamaly däl, hiç kim saňa jaň etmeli däl, seni tötänden köçede görseler hem, seni hiç kim tanamaly däl. Ýartygulak, hatda seň ýüz keşbiň baradaky ýatlamalyň üstinde hem işleýär. Adamlaryň ýatlamalarynda seň ýüz keşbiň düýbinden başga sypatda, garaz seň hakyky ýalňyz we göze görünmeýän adam. Biziň kuwwatly esgerimiz Ýartygulagyň iň ökde başarýan zady hem şol, adamlary ýitirmek we göze görünmeýän etmek. Sen gowja üns berip gör Kirpi, sen eýýäm 20 ýyl bäri ýalňyz, seniň hossarlaň we dost-ýarlaň ýok. Sen bilen durmuşda az salymlyk kesişýän adamlar bolsa, seni ýigrenýärler we seniň ölümiňi dileýärler, edil Ahmet ýaly, emma hemişeki ýaly, sen däl-de Ahmet ölmeli bolar.
Awtory Rahman


106

13

5

3

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 11.06.2024 / 18:41

+0

onem 1 gzk okadymmykam diyyan mlds yaltosh mena:

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 11.06.2024 / 18:53

+0

Söýgüli ýazyjym Rahman Zulfikarowyň eseri


Premium
BAYOGUL  (11.06.2024 / 21:13) 

Perhat_Sabirovv, zulfikarow diyip durmanson Rahman diyip duran eken

 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 11.06.2024 / 19:45

+0

full okadym bet eken dos yetirip dur, sorag: Kirpi aslynna kim abyçna adammy?, bu zatlary aydyp oturan kim? gyzyklannym


Özümiziňki
Perhat_Sabirovv  (11.06.2024 / 21:04) 

Diamante_08, Zalymhatlar@gmail.com Awtor bilen habarlaşyp bilersiňiz

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 11.06.2024 / 21:15

+0

Cesmehekaya.clan.su

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Aý, tekst görnüşinde okadym täzeden. Gowy ekenä. 😃...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Agzamen (Şugün, 01:59)

Ýanan ýuregiň sesi #10


Ăçgiñ gaçypdyr őÿtÿăn dos...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #10
@menin_dunyam (Şugün, 00:20)

Deneşdirme


*ýöne goşguçy diýjek boldum...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Düýn, 21:39)

Konfrensiya gijesi 6


Hezil gitýämi???...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Düýn, 21:19)

Konfrensiya gijesi 6


Men baryan. Gelin sizem...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Düýn, 21:15)

Konfrensiya gijesi 6


Goşulýalarmy onsaň?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 21:13)

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Düýn, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Düýn, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Düýn, 13:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика