Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sapa : Birzady berk belle hiç ejizleme eliñdäkini alsalaram mañlaýyñdakyny alyp bilmezler

Forum | UMUMY BÖLÜM | Sport älemi

Yewropa 2024 taryhda tehnologiya taydan in osen cempionat bolar
 Täzeje
 Kuryazov_N [off]
 12.06.2024 / 12:25
 Кстати, сейчас лучшие годы твоей жизни.

14-nji iýunda, anna güni 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlar. Bu ýyl Germaniýanyň 10 şäherinde geçiriljek bu ýaryş taryhda tehnologiýa taýdan iň ösen ýaryş bolup biler.

UEFA oýny çaltlaşdyrmak we eminleriň ýalňyşlyklaryny azaltmak üçin birnäçe täze çözgütleri ornaşdyrýar.
Şeýlelik bilen, ýaryşyň resmi topy – Adidas kompaniýasynyň Fussballliebe (nemes dilinden terjime edilende futbola bolan söýgi diýmegi aňladýar) ýagdaýy barada sekuntda 500 gezek maglumat iberýän Connected Ball çipi bilen enjamlaşdyryldy. Bu eminlere jedelli, esasanam, topuň ele degmegi we ofsaýdlar bilen baglanyşykly meseleleri çalt we takyk seljermäge mümkinçilik berer.
Şeýle-de, Euro 2024-de täzelenen VAR ulgamy hem ulanylar, her stadionda 10 kameranyň ýerine 12 kamera bolar. Olar emeli aňyň kömegi bilen ofsaýdyň has takyk tapylmagyny üpjün edip, her bir oýunçynyň bedeninde 29 nokady yzarlaýarlar.
Bu täzelikler arassa oýun wagtyny köpeltmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, eminlere berk görkezmeler berildi: emin bilen diňe toparyň kapitany habarlaşyp biler, diňe derwezebanlar üçin kadadan çykma bolýar.
Janköýerler üçin Euroband-yň ýörite örülen bilezikleri işlenip düzüldi. Olarda bu bilezigi geýenleriň hersiniň ýagdaýyny yzarlaýan kiçijik çip bar. Janköýerlere hakyky wagtda şeýle bilezigi bar dostlarynyň ýerleşýän ýerini yzarlamaga mümkinçilik berýän programmany göçürip almak teklip ediler. Çipiň kömegi bilen Euro 2024-iň resmi önümlerini satyn alyp, ony bank kartoçkasy hökmünde ulanmak hem mümkin bolar.
Mundan başga-da, UEFA stadionlarda alkogolly içgileri içmeklige berk çäklendirmeler girizdi: adam başyna iki stakandan köp piwo satyn alyp bolmaz we ony diňe stadionyň çäginden daşarda içmäge rugsat berler.
Ceshme Tmcars habarlar


163

14

2

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 12.06.2024 / 12:27

+1

Mlds goreris nesip etse

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 12.06.2024 / 21:19

+0

Portugaliya ustunlik

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика