Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Medinejik : Birini çok seviyorken ondan onun için vazgeçmek?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bir gun ýalñyz galarsyñ... Oylanma
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 12.06.2024 / 19:11
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Bir gün ýalñyz galarsyñ. Ýeriñ düýbine girmek islärsiñ ýa-da asmana uçup bulutlaryñ içine gitmek islarsiñ
İkisi hem ýetmez. Geçmişi ýatlarsyñ. Sen nirede bolsañda her sagadyñy her minudyñy ýatlarsyñ. Meniñ bilen geçen ýerleriñi geçmek, giden ýerleriñe gitmek islärsin. Kimdir biri saña içindäki hasratdan dynmagyñ ýoluny aýtjak bolar, emma sen gaçarsyñ. Şol dynmak isleýän derdiñden, ýene dynmazlyk üçin dileg edersiñ. Durmuşuñ galanyny diñe meni ýatlap geçirmek islärsiñ. Hiç bir ynsany meniñ ýerine goýup bilmersiñ. Seni hiç bir zat özüñe getirmez, we ýene derdiñ dermanlaryny gözläp başlarsyñ. Namedir bir zat saña az wagtlyk ähli zady unutdyrar, ýöne meni unutdyrmaz. Ähli aýdylan aýdymlar, ýazylan goşgylar biziñ ikimiz üçin ýaly bolar. Damagyñ dolar we diñläp, okap bilmersiñ. Uklamak kyn, oýanmak añsat bolar. Hakykat bolmagyny islän düýşleriñi görersiñ. Sàherin howasyny içiñe çekersiñ, kä wagt bolsa "käşgä hiç dañ atmasady" diýersiñ. Ne gijeler saña rahatlyk berer, ne-de gündizler. Kimdir biri bileñ gürrüñdeş bolanyñda ýalñyşyp meniñ adymy aýdanyñy bilmäni galarsyñ ýa-da meniñ aýdýan sözlerim has ýakyn eşdiler gulaklaryña. Telefon jañynyñ gelmesine garaşarsyn, jañ etmejegimi bilseñde. Her jañ gelende ýüregiñ agzyña geler, ýöne başga biriniñ jañ edýänini görüp ýene keýpiñ gaçar. Aglaýan halyñda gürleşersiñ jañ edýänler bilen. Meniñ sesimi ýekeje gezek eştmek üçin ýanyp tutaşarsyñ. Ýüregiñ burulup, hasratyñ artar. Mundan soñ hiç wagt söýmezlige ant içersiñ. Durmuşyn üçin nämedir bir zatlar edesin gelmez. Hiç bir zadyñ manysyny görüp bilmersiñ. Emma her gezek meni göreniñde bolsa, ýaşaýan şäheriñi, okaýan okuwyñy, işleýän işiñi terk etmek islärsiñ. Meniñ bilen hiç hili bagly bolmadyk, menii ýatlatmajak ýerlere gidip ýaşamak islärsiñ. Ýöne ýene bir umyt durar içinde. "BELKİ BİR GÜN DOLANAR" diýen

Awtory bilemok


132

8

2

2

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 12.06.2024 / 20:10

+0

Öz durmuşym üçin ýazylan ýaly boldy bu-la...


Gytyndan
yurekdes  (12.06.2024 / 21:04) 

Muawiye, edebiyatda kan zat kan adamyn durmusyna gabat gelya

 Täzeje
 Мяхри [off]
  Джана моя ✨
 13.06.2024 / 11:37

+0

Manyly)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика