Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Mäňa beýle eje gerekdäl... (bolan waka 1- nji bölümi )
Premium
 BAYOGUL [off]
 13.06.2024 / 08:47
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Eje diýmek nähili mähriban eşdilýar, ýöne kimlere?
Eje nähili mukaddesdir ýöne haýsy eje?
Men beýdip durmaýyn we başdan, öz başymdan geçen geçen durmyşymy gürrüň bereýin
Meniň kakam ýurdyň içinde köp hem däldir,beýle adamlar sanalgyjadyr, indi girdenekler,ýagny boýy aşa kiçi adamdy.
Onyň uly söwdä dükany bardy.
Boýynyň kiçiligine garamazdan ol durmyşda gaty erjel we baý adamdy.
Kakam söwda bilen başagaý bolup ýörkä bir ärinden aýrylyşan zenan bilen tanyş bolýar we ol zenan kakama öz başyndan geçen durmuşyny aýdyp beripdir.
Kakam bolsa ýüregi yuka adamdy. Ol bu zenana maddy kömek berip başlaýar, haçan gerek diýen wagty maşyn pul bilen üpjün edip ýardam, kömek berip başlaýar.
Wagtyň geçmegi bilen kakam bu zenan bilen goşyn birikdirýär.
Ana kakam hem hemmeler ýaly maşgalaly, hojalyk bolýar.
Ýaşaýyş dowam edýar .Kakamyň welaýat merkezde 4 otagly özbaşdak jaýy bolup onda ýaşap başlaýalar.
Öýde undi diňe çaga ýetenok. Bir çagajyk gyzlyk almagy bular ýüreklerine döwýäler.
Bularyň bu arzuwy uzaklaşman durmuşa geçýar
Günlerde bir gün ýakyn çaga dogulýan bölümiň daş ýüzündaki çöplüge, ýalan söýgüniň gurbany bolan, doglanyna sanlyja sagat hem geçmedik çagany musur zyňan ýaly zyňyp gitýäler.
Bu çagajygy kakam tanyş bilişleriniň üsti bilen özine gyzlyk edip alýar we bar gerekli resminamalary kakasy, ejesi ýerine kakam öz adyn ejem hem öz adyn goýyp düzeldip, gyzlyga alyp arzuwlary hasyl bolýar
Bular bu gyzjaga arzuwmyza ýetdik diýip Arzuw diýip at goýýalar. Ine şo çöpüň düýbüne zyňlan gyzjagaz bolsa men ,adym hem Arzuw
Kakam meni gaty eziz görýardi.
Özünden bolan bolmasada meni ýeke ýerde çöpüň duýbinden tapylan çöpdüýbi diýip hiç wagt meni kemsindirmezdi.
Ol aşa baý adam bolansoň meniň ýaşlygym bol telkilikde geçdi.
Ýöne ejem welin beýle däldi.Ol kakamyň aşa sadalygyndanmy ýa aşa ejemi gowy görýandenmi ,bilemok peýdalanýardy we kakam ýokga maňa sögende "haram çöpdüýbi "diýip sögerdi.
Men ol söziň manysyna düşunmesemde gowy söz däldigin bilýärdim
Wagt geçdi men 14-15 ýaşadym. Ol ýyllarda kakam ahyr nasaglady we uzak ýatman ýürek infartyndan aradan çykdy.
Ol bu dünýaden ötmaňkä bar ýaşan döwründe gazanan baýlygyn jaýy, maşyny,puly ejem hossarlygynda meniň adyma dokumentalniý geçirip gitdi.
Onyň beýle edenini diňe kakamyň iki aýal dogany, enem we ejem bilýardi.
Men ejem bilen bile ýaşlap başladym. Ejem kakam ýogalandan soň öýe her hili erkek adam getirip başlady.
Olar meýlis gurnap dürli içgiler içip, soň kakamyň otagyna girip daňdan haçan çykyp gitýanlerni welin bilemokdym, ýöne ol gelen hökman şo gije bizde ýatyp gitýärdi.
Bu bozgaklyk günde gaýtalanyp durýardy. Men bolsa olara çaý demlap bermelidim. Men ejemiň edýan zatlaryna doly düşunmesemde şol erkekleriň oýnamaga gelmeýani bellidi we kakamyň azap edip gazanan zatlary harama gidirýanini welin men çala düşünýardim
Günlerde bir gije ejem bezenip bilenini bezenip, çalyp bilen krasgasyn gije çalyp otyranyny gördüm we öýe ýene myhman geljegin aňdym.Men ejeme
— ejejan öýe erkek adam getirmäýdä, tirkeşýän joralaryň hem bary gowy däl, barysynyň ýanda her gezek gelende üýtgeşik erkek adam bar, diýdim welin ejem:
- sen namani bilýäň, sen öziň kimden bolanyň bilýärmiň, sen öziň şeýle durmyşdan dunýa iýen çaga, kakaň ejeň kimligin bilýarmiň, seni dogryp çöplüge zyňyp gidipdirler, biz eýe çykmadyk bolsak sen name abat bolarmydyň, ýeriň bil we gaýdyp maňa akyl satma, seniň ganyňdan akyp dura haramlyk ýene maňa akyl satan bolýarmyň diýip meni gapdalynda duran siňek öldurilýan bilen gowy edip urdy.
Men şol gije kakajan diýip kakamy çagyryp agladym, kakam hiç wagt maňa çöpden tapylan çöpdüýbi diýmezdi.
Kakam ölmän ejem ölmegin isledim ýöne kakam meni ejeme taşlap eýýam bu dunýede ýokdy .
Men öz otagyma girip özümi öldurmegiň ugryna çykdym, ol barmana ejemiň jorasy ýany erkekli öýe geldiler.
Bir sebap bilen olaryň gurruňini diňlesem ejem aglap bir erkege arzyn aýtýar, kakasy yogalansoň başa gitdi bu gyz diýip.
Ol erkek hem ony yoklap goýber bolmasa pulyn bereýin gowy dostym bar ikinjisi edip saklajak oglan şoňa bereli diýýar, zähram ýaryldy, men heniz 16 hem ýaşamokdym
Bu gürrüňi eşdip ejem meni bir erkege satjak bolýar diýip göni balkondan krawatymyz bardy, oňa çykyp ondan aşak sallanyp, aşaky goňşymyzyň bagyna dyrmaşdym we olaryň aýnasyndaky demirden aslyşyp ikinji etaşdan aşak birinji etaşa bökdim we göni şondan nirdesiň enemler diýip kakamyň iki aýal dogany we ejesininiň ýagny enemiň ýaşaýan obasyna gaýtdym
Ara daşdy iki etrap geçmelidi. Elimde pulym yokdy.
Ýoldaky taksi sürýanlere aglap kömek edäýiň, enem pulyňyz berer baramyzda diýip taksili gijäň bir wagty gaýdym
Enemlere gelip göni ýykylypdyryn.
Enem görgüli ýagdaýyň gowy däldigin görüp gygyryberipdir.
Taksini ugradyp menden name bolanyny sorap başlady.
Men bolsa geplejek bolýan welin ses çykanokdy.Sesim ýokdy
Etaşdan bökemde elim çykypdyr, süýnkleri çat açypdyr. Onyň dagy agyrsyny hem bilmändirin
Elim gipsletdim bir hepde hassahanada bagdan ýykyldym diýip bejergi aldym .
Bir hepde on günden soň azajyk özüme geldim.
Şol aralykda ejem bir gezek hem enesi Arzuw sizdemi diýip hem habar tutmandyr.
Iki hepdeden soň enemlere gelip ejem aglap eneme gürrüň berýar
- Arzuwjan meni ile masgara etdi, heniz mekdebi gutarmaňka är diýip gaçyp gitdi. Men name etsemkam ,nira gaçanyny hem bilemok iki hepde garaşdym, gaýynlaryndan hem habar hatyr ýok diýip, hakyt ejem men üçin göz ýaş döküp aglap otyr.
Enem bolsa bu çaka çenli çagaň öýden giderde bize aýtmazmyň sen,ol hiç ýerik hem gaçanok ol öýde, gijäň bir wagty elem tas bolup öýe geldi, sen utanmaýaňmy oglymyň giden baýlygy saňa azlyk edýarmi, çagamyň hojalygy dargamasyn diýip bar zatdan geçdik, saňa ynandyk seniň zenanlyk borjyňmy şo, oglymyň heniz gumy solmaňka del erkekleri öýe getirmelimi sen, sen kemçin asyl oglynyň başyn aýlap ol dirikä hem dek dälsiň, ölenine mahetdel esräp öläýdiňmi,diýip enem ejemi ite diýmesin diýip öýden kowup goýberdi
Çaga bilen işiň bolmasyn ozal iki gyzym bolsa bu-da üçunji gyzym borda diýip meni ejeme bermedi.
Ejem gidensoň enemi gujaklap kan agladym, eneme ýalbardym meni oňa berme diýip, name et diýseň edeýin, ýöne meni ejeme berme diýip
Enem balamyň ýekeje dikrary diýip ,öz oglyndan men bolmasamda,gundakly wagtym bu öýe getirlemsoň gaty gowy görýardi we enem meni ejeme bermän öz ýanlaryndaky mekdebe okuwymy geçirtdi.....
(dowamy bar)
Awtory:NOWCA ALYÝEWA


95

14

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Yegen [off]
 13.06.2024 / 09:47

+0

Dowamynam goyayda derrew okalyla.

 Täzeje
 Мяхри [off]
  Джана моя ✨
 13.06.2024 / 11:17

+0

Gowu

 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 13.06.2024 / 12:48

+0

Gaty gowy dowamynam bahymjak goýaýda
köp zat okamasam-da şuna okadym:

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Aý, tekst görnüşinde okadym täzeden. Gowy ekenä. 😃...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Agzamen (Şugün, 01:59)

Ýanan ýuregiň sesi #10


Ăçgiñ gaçypdyr őÿtÿăn dos...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #10
@menin_dunyam (Şugün, 00:20)

Deneşdirme


*ýöne goşguçy diýjek boldum...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Düýn, 21:39)

Konfrensiya gijesi 6


Hezil gitýämi???...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Düýn, 21:19)

Konfrensiya gijesi 6


Men baryan. Gelin sizem...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Düýn, 21:15)

Konfrensiya gijesi 6


Goşulýalarmy onsaň?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 21:13)

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Düýn, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Düýn, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Düýn, 13:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика