Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Siz bilyanizmi,birni na dereje halayanyny nadip bilmeli?_yo.Ony yitirip!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Maňa beýle eje gerekdäl ... Bolan waka 2- nji bölümi
Premium
 BAYOGUL [1s]
 13.06.2024 / 13:12
 Yurekdesh.ru

Men şeýdip enemiň ýanynda galdym. Orta mekdebi gutardym, etrapdaky tehnikumyň buhalterteriýa bölümini gutardym.Obadaky arçynlykda işe başladym.
Şol günleriň birinde obadaky mekdebe mugallym bolup gelen bir ýigit bilen tanyşdym we toýym uzaklaşdyrman tutmaly boldym. Men oňa bar zada aýdym erteki gün ýüzüme daňmasyn diýip
Ejem şol ýyllaryň içinde bir gezek hem meni idäp gelmedi. Toý edemde toýyma aýdym oňada gelmedi. Wagtym geçmegi bilen göwreli bolup ilkinji perzentim elime aldym. Ony buşdylap aýdym oňada gelmedi. Ol men yok ýaly meni hiç hili idemedi.
Ýaş çagaly wagtym enem ýaraman aradan çykdy. Gaýynlarym adamçylykgy adamlardy .Olar meniň ýekeligim bildirmediler, meniň üstumde kokenekdiler.Ýoldaşym men diýip ölüp öçüp barýardy
Bir gün öýde ýoldaşym bilen çaý çörek iýip otyrkam bir ýerden ejem geläýdi
Men ejem bilen salamlaşyp agtygyny eline berdim. Yoldaşym daş çykan ýaly hem etdi welin ýöne daşky işik açyk bolansoň ol ejemiň maňa aýdan sözini eştdi.
Şonda ejem meniň eýýam ikilenji gezek ýuregim parça parça, kerçgem-kerçgem edip paralady.Ol
— Arzuw bu çagany haýsyndan aldyň, ýa kakasy hem nabellimi,öziň ýaly- diýdi welin elindaki çagamy alyp sandyrap başladym.
Beýlede bir zalym aýal bor ekeni Allajan diýip aglap başladym welin yoldaşym gelip elimdaki çagamy alyp, soň ejeme
— gaty köp geplediňa gaýyn sylanşyk iki taraplaýyndyr .Gyzy terbiýelän öziňdir öýtme, gyz seniň terbiýaň alan bolsa senden-de beter köçeki gyz bolup ýetişerdi Ýöne nämede bolsa ol öz kakasyna çekipdir. Heniz iki aýlyjak bolmadyk ak gyş ýaljak çagama sen gara ýöňkär ýaly sen kim,göterl şu taýdan bu çaka idemedik gyzyňyzy indiden beýläk hem ideme, utanmaýaňmy oral heleý bolup heniz 25 ýaşamadyk gyzyňa beýle zatlar diýmage, öziň ýaly muny hem muň erkege sataýjaksyň welin, ojagaz pikriiň başa barmaz, indi öz maşgalamy özüm goraryn ol seniň işiň däl,: - diýdide kowup goýberdi
Ejem gidensoň ýoldaşym meni bagryna basyp goý aglama, şonça ýyllap aglanyň hem ýetik seniň şu gözýaşlaryň deregie gulki,şatlyk berjekligime söz berýan, indi sen hiç wagt aglamarsyň - diýip meni köşeşdirdi
Allajana şukur gelin bolup duşen ýerimden nägile däl.Meni aşa gowy görýaler, hossarsyzlygym bildirmediler.
Şondan soň men ejemi göremok.
Aradan ençe ýyllar eçdi. Ikinji çagam oglanjyk bolansoň ýoldaşym meniň kakamyň adyny goýmagyna ruhsat berdi. Men oňa kakamyň göňi öz adyn goýman Kakajan diýip at goýdyk .
Durmyşym gul ala gulluk bolup gitdi. Öňüň gelenden ahyrym gelsin diýen ýaly bu gören görgülerimiň eşretin görmek hem maňa nesip etdi
Ejem meni özi dogurmanlygy üçun beýle ýigrendimika ,diýip köp pikir ederdim. Jogap ýokdy
Ençe ýyllardan soň bir gün işden gelip nahar bişirip durkam ýanymda duran telefonym jyrlady
Ony alyp
- aloo diýsem ,ondan agy gatyşykly zenan maşgalaň sesi meniň howpym basdy
— kim siz diýdim
- bu men Arzuwjan balam men bu seniň ejeň, jan gyzym meni bagyşla, saňa men gün gökezmedigim üçin Alla maňa onyň ezýetin çekdirýar. Gyzym ejeňi ýygna, öziň eýe çyk balam
— yok, eje men ärli adam äri ruhsat bermese ýola çykmagada hakym ýok, haçanda men heniz 16 ýaşamankam 40 ýaşan erkegiň ikinji heleýi edip meni pula satjak bolaňda şu duşjek günleriň ýada duşmedimi?
Men seni tanamok, maňa beýle eje gerekdäl, meniň ejem "enem "ol meni köçeden ýygnady, adam hataryna goşyp toý edip il hataryna goşdy. Ol döwurler nirdediň. Kakamdan galan jaýy, maşyny oýnaşlaryň üçin satyp,kakamyň yurdynda ýumurtga togalabermeli etdiň.
Tozdyrsyň hojalygy, sen hakyky eje, hakyky zenan bolan bolsaň kakamdan galan zatlar ýedi arkaňada ýetýardi, sen ony sanlyja ýyllaryň dowamynda baryn ýokladyň
Meni günüme goý, öz maşgalama bar, indi öz gunumizi özumiz gorýas,diýip trupkany goýjak bolamda
— balaaaaaaam, beýtme,dur : - diýen sözini eşdip galdym
Trypkany goýyp otyryp ýene agladym. Bu durmyşyň gurlyşy neneň, men näme üçin şeýle ezýetler üçin ýaradyldymkam - diýip aglap durkam ýoldaşym üstume geldi we meni köşeşdirip bu jahanda hasapsyz zat yokdyr Arzuw hemne zadyň hasaby badyr Alla sygyn namažyň oka, Allaň özi haklaşdyrar: - diýdi
Ýene-de Allajana şukur meni namede bolsa şeýle maşgalanyň gelni bolmaklygyma maňlaýyma ýazanlygna şukur edýan
Soň ejemden habar bolmady
Aý gün geçip durdy. Günlerde bir biziň işigimize tiz kömek maşyn geldi we ol gelip meni sorady. Men Arzuw diýilýan diýip çykyanjam maşyndan duşurlip gelýan ejemi gorup zähram ýaryldy. Ol özini bilenokdy we iň soňky demde meniň salgymy berip şolara meni eltäýiň diýip samyrdap ýatansoň, jan berip bilman ýatyr, edilen dermanlar tasir edenok diýip olar ejemi öýe getirdi. Ejemi öýe salmasyna saldym welin indi ýoldaşym name diýerkä diýip ýuregim karkara geldi
Ýene ýoldaşym ägirt gowy adamdy we agyr nasagy köçä zyňyp bolmaz diýip öýde saklamagyma razy boldy
Ejem ondan doň goni iki gün ýatyp bi dünýeden bakyýete ömürlik bizden ara açdy. Ol aradan çykansoň onyň aş suwyna kakamyň iki aýal dogany ,kakamyň hatyrasy üçin bar sadakalaryn etdiler ...
Bu dünýa baky gelen yok.
Ýöne zenana mahsus hasiýetlermizi ýitirmeli däl
Men bu wakany gurruň bermek bilen ýaşlara ýüzlenesim gelýar
Ýalan söýgiň gurbany bolmaň, şol söýgi zerarly döreýän çagany ömürlik ýakmaň! Onyň her ädimde düşýan kemsitmelerinden goraň
Siz ene ahyry, ony dogryp zyňmaga wyždanyňyz nädip çatýarka,hany meni dogran eje, hany ýyly mahri bilen çoýan kakam, ýere giren ýaly, birje gezek meni ýatladylarmyka olar ,wah näbileýindä
Meni gyzlyk alan kakam çaga mährine zardy meni eziz gordi, ýöne ejem kakamyň baýlygy üçin goşyn birikdiripdir ekenä
Maňa beýle eje gerekdäl, meni balam diýip bagryna basan enem ýene meniň maňlaýyma düşan ...
Her bir çaga ejeli kakaly bu dunýade eýeli bolmaklarny isleýan
Eje mukaddesdir şol mukaddesligi aýalyň!
Okanyňyz üçin sagbolyň
Awtory:Nowça Alyýewa.


165

14

3

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Yegen [off]
 13.06.2024 / 13:25

+0

Ýaman bihepe aýal ekenaý. Gaty zalym eken, ýöne näme-de bolsa adamlar gowyçylyk edipdir oňa. Emiriniň soňynda

 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 13.06.2024 / 13:25

+0

Okadym gowy waka eken

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...
 13.06.2024 / 20:25

+0

Nowça tuweleme gowy yazya

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Mlds onda bolya ol...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
BAYOGUL (Şugün, 05:56)

)😁Degisme


...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
BAYOGUL (Şugün, 05:55)

Uzak yasa Epifiz dade.


Nache yashadyna...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
rexha (Şugün, 01:13)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Mlds. Sheyle dowam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
rexha (Şugün, 01:11)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Boljak boljak...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Luckyboy (Düýn, 23:10)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Aziýa ligany utdyňyka...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Brend (Düýn, 22:16)

)😁Degisme


Serce özüne gelip daş töweregine seredip şeýle diýipdir:"Wah men motorly adamy kakyp öldürip türmä dusipdirnow Serçe ýebanutymy ýa?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Düýn, 22:12)

)😁Degisme


Motorlykaň serçäni kakmak... Oň özünden gitmegi... Özünden giden serçäni öýüňe getirmek... Özünden giden serçäni iýmitlendirmek... Iýmitlendirmek...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Düýn, 22:11)

)😁Degisme


Gygyryp guldimda...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
rexha (Düýn, 21:54)

Muny Bilmek Gyzykly !


Bilÿănler gűler bilmeÿănem biler....dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
@menin_dunyam (Düýn, 21:44)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика