Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : ALDAMAK ANSAT BIZ ÝALY SADALARY!!!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Cagalyk soygum
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
 13.06.2024 / 15:31
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

https://yazyjy.ucoz.net/_bl/0/ ... 0.0.1" style="max-width:100%;">



22:50 Çagalyk söýgüm

Kalbymda kerepläp galdymy gaýgym?
Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm.

Durmuşymdaky iň süýji, iň duýgyly, iň ýakymly ýatlamalaryň biri hem Şeker bilen geçiren günlerim . Ilki-ilkiler üns bermesemem , soňabaka meniň oňa bolan muhapberim artypdy, söýgüm oýanypdy. Men hakykatdan hem ony hiç kinesi bolmadyk çaga ýüregimden ,päk söýgi bilen söýýärdim. Olam maňa kem baha garamaýardy. Olam meni söýýän ýalydy. Sebäbi men olara myhmançylyga barsamam , olar bize myhmançylyga gelselerde, biz biri-birimizi ýitirip tapan ýaly bileje oýnaýardyk, ýaýnaýardyk, degişýärdik, gülüşýärdik.

Ilki bilen Şeker barada gysgaça maglumat . Şeker özüm bilen ýaşdaş , orta boýly, gaharjaň gyz. Aslynda çaga wagty gaharjaňam däldi. Göwnaçykdy, alçakdy, owadandy. Ullakan dury goňur gözleri bardy.

Çagalykda görerdim,
Gözleriňde gözlerim.
Goşgy ýazar ýörerdim,
Saýlap süýji sözlerim.

Ýene-de çagalygmyň,
Sahypasyn dörjedim.
Ýaňy biten ýaramyň,
Soňky gatyn gorjadym.

Goşgy ýazmak borjumdyr,
Ýumulmasa gözlerim,
Soňlanmaýar sözlerim,
Uzar gider göz ýetim.

Ulaşdyryp kesele,
Dermanyny bermediň.
Eýýäm ýedi ýyl bäri,
Gözleriňi görmedim.

Wah ýene-de görsedim,
Gözleriňde gözlerim.


Aslynda men onuň şu wagtky Şekerime dälde , çagalygyndaky Şekerim aşyk. Indi ol düýbünden üýtgäpdir.Şeker daýzamyň gyzy bolan soň häli şindi men ejem bilen olara ýa-da olar bize myhmançylyga gelerdi. Şeýle bir hezildi onuň bilen oýnamak , onuň ýanynda bolmak. Ýüregime azap berýän soraglarymyň biri hem olam meni söýýärmikä? Has dogrusy söýdümikä ? Hawa, içki duýgylaryma görä olam meni söýdi. Elbetde men ilkinji goşgymy , heniz elime galam alyp başlan wagtymda, ilkinji söýgüme ýazypdym. Ol pursatlar henizem göz öňümden gidenok. Şol wagt sen meniň bilen hoşlaşyp, öýüňe gaýtjak bolup durdyň. A men bolsa seniň bilen hoşlaşasym gelmeýärdi.Sen:

-Sag bol -diýip kiçijek we näzijek , akja eljagazyňy salgap gaýdyp barýardyň. Men bolsa ne "Sag bol " diýip bildim , ne-de elimi galdyryp. Diňe doňňara daş deýin yzyňdan seredip doňup durdym. Şol wagt men juda-juda üýtgeşik duýgylary başdan geçirýärdim. Şol täsin duýgylar bilen men öýe ylgadym. Tekjeden kagyz bilen galam aldym-da ilkinji goşgymy ýazyp başladym.

Men saňa bakýan,
Sen maňa bakýaň.
Bakmak bilenem,
Ýüregmi ýakýaň.
dawamy bar
Gerçeknazar Amannazarow...


197

12

2

3

1

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 13.06.2024 / 16:02

+0

Mlds


Gytyndan
Aixcam_nx  (13.06.2024 / 16:19) 

BAYOGUL, sps

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 14.06.2024 / 01:05

+1

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика