Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aydymcy_Jemile : Soygi bul ajap duygy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Cagalyk soygum 2
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
 13.06.2024 / 23:13
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Göräýmäge ýönekeýje sanawaç ýaly sözlemler . Ýöne men bu sözlemlerimi hakydamda ýüregimde göterip ýörün. Bu sözlemler çaga kalbynyň joşgynly owazy, bu sözlemler ilkinji ylham perişdämiň pyşyrdylary.

Şeker aýtsana ,
Meni söýýäňmi ?!
Meniň söýgümi,
Senem duýýaňmy?

Ýa sen söýýäňmi?
Ýa söýeňokmy?
Ýa meniň söýgümi,
Sen duýanokmy?

Kulhuallahu ahad,
Allahyssamad...

Goşgynyň ahyryna Gurhan aýatlaryny goşanyma özümem haýran . Belki näbelli bir güýç bu aýatlary maňa ýazdyrandyr. Belkide gudraty güýçli Biribar ilkinji goşgymyň Gurhan aýatlaryndan başlamagymy isleýändir.
Şeker. Şu ady eşidenimde ýüregim jigläp gidýär.Bir, iki, üç gezek däl , her gezek şeýle.Näme üçin beýlekä?

Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni
Seň bilen durmuşym örän hezildi
Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni
Joşan göwnim gam kölinde ezildi

Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni
Kalbymyň törinde diňe sen bardyň
Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly
Ömür ýollaryma ýalkymly nurdyň

Şanyňa ençeme goşgy ýazardym
Galam ,kagyz meniň hemram bolardy
Elmydama seni ýatlap gezerdim
Seň suratyň meniň gümram bolardy

Bu nähili söýgi boldugy ? Bu nähili duýgy boldugy ?! Ynanyň bu duýgyny beýan etmäge hiç bir söz, hiç bir sözlem ýetmeýär. Bu duýgyny beýan ederden sözlerim ejiz.

Bu duýgyny nädip beýan edeýin,
Dözmezim, sözlerim gyýaýsa näder?!
Özüme birneme zyýan edeýin,
Muhapbet meýinden bir damja dadyr.

Senden kemal tapdy şygryýethanam,
Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň.
Köňül para-para, goşgulam ganan,
Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň.

Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym,
Boldum seniň ömür baky serhoşyň.

Aslynda men seni näme üçin söýdümkäm ? Näme üçin söýýärkäm? Sen beýle bir owadanam , baýam, akyllam däl . Men seni näme üçin söýýän? Ony söz bilen beýan edip bilemok . Meniň saňa ruhum,bedenim, kalbym siňipdir.Ine bu gün bolsa ýatlamalaryň arasynda alaşyp, senli günleri ýatlaýan.

Ýadymda henizem şol geçen günler,
Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp
Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy
Şonda-da jogaby bilmedik çözläp

Soňra biz öýmizden daşary çykyp
Şol mysaly berdik agam Tirkişe
Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy
Beýle zehin berilmeýär her kişä

Sen şeýle gaharjaň gyz. Sähel zada gaharlanyp gyzarýaň . Ýöne näme üçindir şonda-da seniň sözleriňe ýüregim ýumşaýar. Sesiňi her eşdenimde.kalbym elenip şool çagalyk ýyllarymy ýadyma salýar.

Ýadymda henizem şol geçen günler
Remezan aýynyň ilkinji güni
Size oýnamana men ejem bilen
Barypdym ,ýene-de görüpdim seni

Şol gün seniň bilen goňşy golama
Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz
Bolsakda biz bäş-on sany bir topar
Başga çagalardan saýlanardyk biz

Şol gün sen owadan gaty ses bilen
Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň
Men bolsa utanyp uýalyp şonda
Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym

Şonda-da olar meň başym sypalap
Süýji-kökelerden paýym bererdi
Soň ilkinji söýgim elimden tutup
Meni başga gapa alyp barardy

Heýde adamy beýle söýmek bolarmy?! Beýlede söýgi bolarmy? Elbetde bu söýgümi Şekerimim göterip bilmedi. Ýöne men oňa söýgi sözlerimiň hemmesinem aýtmandym. Käbirlerini sms bilen ugradypdym. Şonda ol goşgulary okap, aglapdyň. Näme üçin agladyň?! Men aglar ýaly goşgy ýazmadym ahyry.

Gör ne elhenç ýagyş ýagýar daşarda,
Meňzäp kalbymdaky harasatlara.
Ýüregimi persala edýän bu söýgi,
Goýmady göwnümde parahatlygam.

Aldyň sen aňymdan akyl huşumy,
Galmady elimde eradam ,erkim.
Bu gursagymdan çykarsam,
"Gerçek däliräpdir" diýerler her kim.

Ömür boýy girdiň göwün depderme,
Ony bozgyç bilen aýryp bilemok.
Men seni şeýle bir , şeýle bir söýýän ,
Söýgümi söz bilen aýdyp bilemok.

Aýtsana Şekerim jadygöýmiň sen ?!
Göwnümi gursakdan soguryp barýaň.
Gel söýgülim bezegi bol dünýämiň,
Gör-ä ýaşlygmyzam sowulyp barýar.

Gal melegim , göwnüm ýokdyr başgada,
Gel melegim, bolaly bir maşgala.



Gerçeknazar Amannazarow.


184

9

3

4

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 13.06.2024 / 23:13

+1

Mlds

 Täzeje
 Karol09 [off]
 13.06.2024 / 23:18

+1

Gowy soz ýok

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 14.06.2024 / 01:04

+1

gaty gowy mlds

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика