Owrum.(Hakyky bolan waka).
Premium BAYOGUL [off] 13.06.2024 / 23:23 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Häzirki okajak bolýan wakalaryňyz hemmesi hakyky. durmuşdan alynan.
Köp ýerleri has gorkunçly bolanlygy sebäpli
gysgaldylan ýa-da üýtgedilen. Bu zatlara ynanmak kyn, ýöne... ynanyň
ynanmaň bu öz işiňiz!
2012-nji ýyl. Tomus. Iýun aýynyň aýaklary.
Röwşen atly sada şäher oglany Minsk şäherinde okaýardy. Onuň hatda
maşgalasyda sadady, ýagny ýaşaýyş derejeleri boyunça. Ejesi mugallym
kakasy bolsa injenerdy. Özünden uly ýeke agasy bardy, ol öz maşgalasy
bilen aýry ýaşaýardy. Umuman maşgala şadyýandy, haramlykda elleri ýokdy,
öz günleri bilendi.
Bu gün şadyýan maşgalada ýene bir şatlyk
ýene bir baýram... Bu gün Röwşen ilkinji kursyny gutaryp öýlerine
dolanyp gelmelidi. Aeroportda oňa maşgalasyndan başga dostlary hem
garaşýardy, şol ýerde umuman 15 adam Röwşeniň çykaryna garaşýar. Ilkinji
bolup gören ejesiniň sesini eşidende Röwşen bagtdan ýaňa 7 gat asmana
galýar... Ejesiniň gözlerinden bagt ýaşlary gaýdýar... eje ýüregi
mähriban ogluny bagryna basýar... soňra daş töweregine seredýär we öz
durmuşynda wajyp gerekli adamlara gözi düşýär. Bu zatlary görmek her
kime hem bagt dogry dämi?
Aşgabady görüp içinden: “Ine
meniň watanym... ine meniň oýüm...Allajan senden aýyrmasyn... arassa
howaňda dem almak bir zada degýär...” Öýlerine gelip garyndaşlaryny, goňşulary bilen salamlaşýar. Her kim göýä bu gün Röwşeniň durmuş toýy ýaly onuň daşyndady. Bu zatlara oglan garaşmandy.
Ol gün geçýär. Ertesi irden ejesi ogluny turuzýar. Turandan soň onuň
otagyna girende onuň ýatan ýerinde az-kem gan yzlaryna gözi düşýär. Bu
zatlara ejesi ünsini sowmaýar. Bu gün kakasy ogluny begendirdi. Maşgala
irdenlik nahary üşen mahaly kakasy öz ulagyny Röwşene berjekdigini
aýytdy. Sebabi onuň sürijilik şahadatnamasy bardy. Soňky geçen 1 hepdäň
içinde Röwşen ulag sürmäni öwrenýär.
2012-nji ýyl. Tomus. Iýul aýynyň başy.
Bu gün ir säher bilen Röwşen bir üýtgeşik keýp bilen turýar. Ejesi
ogluny bazara gerekli zatlary almak üçin ugradýar. Bazardan çykan badyna
taksi saklajak bolup duran gyza gözi düşen Röwşen deňine ýetip nädip
ulagy saklandygyny hem bilmedi:
—salam, (salgyny görkezip) äkidersiňizmi?
—howa, münüň
...ýol boýy ulagyň yzyny görkezýän aýnadan ol gyza seredip aýdara söz tapmady. Gelmeli ýerlerine gelenlerinde gyz pul uzatdy
—ýok, pul gerek däl
—wi...siz meni getirdiňizä hakyňyzy alyňda indi
—ýok, siz düşünmediňiz, maňa bermäň... gowusy siz maňa suw beräýiň
..şu ýerde ilkinji söýgi uçgunlary döredi.
Gyzyň ýaşaýan ýerinde Röwşeniň dosty hem ýaşaýardy. Bu bolan wakadan
soň ol dosty Myradyň ýanyna her gün gelip başlady. Ol gyzyň adam özem
Röwşen üçin gizlin mesele ýaly görünýärdi, ol hakda bilesi gelýärdi.
Ýöne gyzam şol duşuşykda adyny hem aýtmady. Şol sebäpli oglanyň
kellesinde “Ady ýok” aýdymy aýdyp başlaýar.
Ahyrynda armanly
galmaýar. Bir gün ahyrynda BMW gelip şol gözeliň deňinde saklanýar. Bu
sapar oglan utanjaňlyk häsiýetini göriplere tarap zyňýar:
—salam, (salgy) äkidersiňizmi?
—bolýa
...gyz elbetde tanady, ýöne utanýardy, hemem gizlin ýylgyryş bilen otyrdy:
—tanadyňmy meni?
—gyzlardan suw sorap ýören oglany unydybam bolmaz
—hemme gyzlardan suw soramoga...men diňe sizden soradyma
—näbileýin...
—indi adyňyzy aýdaýyň
—Aýgözel
—men Röwşen, tanyşanyma şat
—menem
...bu at oglana baky ýazy ýaly galýar. Bu sapar ýol boýy gyzyň telefon
nomeryny aljak bolýar. Ýöne bolmaýar. Bu ýagdaýdan soň oglanyň gözlegi
Aýgözel atly owadan gyz bolýar. Günleriň birinde ýene sataşýar...soň
ýenede...ahyrynda oglan bilen gyzyň arasynda giňişleýin ýagdaýda gürrüňler başlaýar. Gürrüňleri soňy söýgi derejesine öwrülip başlaýar.
Aýgözeliň maşgalasy.
Kakasy 5 ýyl mundan ozal aradan çykan. Maşgalada diňe ejesi işleýär.
Aýgözelden başga maşgalada kiçi oglan jigisi bar. Ýaşaýyş derejeleri
garyp günleri bilen
2012-nji ýyl. Tomus. Iýul aýlarynyň ortalary.
Röwşen+Aýgözel=Söýgi meselesi çözülmäniň bäri ýanydy.
2012-nji ýyl. Tomus. Iýul aýlarynyň aýaklary.
Her gün adaty boluşy ýaly ýaşlaryň arasynda telefon gürrüňleri
sagatma-sagat dowam edýärdi. Bu gije sagat 1 gutaran telefon gürrüňden
soň Röwşen özüni bagtly saýyp uka gidýär. Gije ýatyrka elhenç düýş
görýär:
Düýşinde bir näbilli zat daşynda aýlanyp oýun edýän
ýaly bolup görünýär. Onuň öz daşyndan aýlanyp durşyna geň galýar. Ýöne
bu adaty adam hem däldi, çünki onuň ýüz keşbi her sekuntda 3 sapar
üýtgäp durýar. Ýöne muňa gülki garaýar. Ähli öwrülen ýüzler onuň
tanyşlarydy we hersi bir zat diýjek bolýardylar. Soňra bolsa: “Men
Ezraýyl men seniň janyňy almana geldim” diýen elhenç sesden özi gorkup
başlady. Duran ýeri üýtgeşik jaýdy ýöne soňy görünmeýärdi. Ýaňky sesiň
çykýan ýerini asyl tapmady. “men seni öldürerin, gorkmasaň çyk meniň
öňüme...nirede sen...men seni öldirerin” şular ýaly sözler bilen
düşnüksiz düşinde ylgap başlady. Özüni ele başlanda bolsa oýandy we
özünde üýtgeşik duýgularyň bardygyny aňdy. Ylgap daş çykdy, suw içdi we
tutuş gije ýatmady.
Bu düýş onuň durmuşynda ullakan yz goýdy.
Awtory:Gaygysyz Gocmyradow
Teswirler:
Gerekli Aixcam_nx [off] Raionymyn ovadanjasylai_nx 13.06.2024 / 23:24+0 Özümiziňki Diamante_08 [off] Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım.... 13.06.2024 / 23:37+0anlamadym desem yeridir
Soňky teswirler
Konfrensiya gijesi 6
Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...
dowamy...