Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Alladdin : Birine palçyk zynjak wagtyň pikirlen,ilki bilen öz eliň hapalanar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

KÄŞGÄ OÑ BİLEN TANYŞMADYK BOLSADYM!!!
Premium
 BAYOGUL [1s]
 14.06.2024 / 07:32
 Yurekdesh.ru

Umytsyz söýgüde hiç ýaşamazdym. Men muña hiç ökünemok, ýöne halym perişan. Ony ilki görenimdäki gül ýüzüni hiç unudup bilemok, ýüregme basylan yşk oduny hiç öçürüp bilemok. İlki günlerdäki oñ hoşomaý sözleri, näbileýin meni beýle tussag edäýjegini! Bu manysyz söýginiñ soñunyñ geljegini maña bilmek - ýüregimi sessiz agladyp, bedenimiñ ruhy giden ýaly etdi. Aslynda söýgi dünýäsinde ýaşamak, akyl gider derejede söýmek ýönekeý ynsana mahsus däl ekeni! Gynanamok! Sebäbi, o dereje söýgi diñe gözel ALLAHYMA mahsus ekeni, a men ony añmandyryn! Käşgä tanyşmadyk bolsadym, bu manysyz söýgüde ýaşamazdym, her agşam Günüñ batyşyny synlap, biziñem bir gün şeýdip batyp gitjekdigimiz ýadyma düşýär hemem bir az rahatlan ýaly bolýan. A ýöne ýene ýadyma salamda welin agym tutýar, göýä bu dünýäde many ýok ýaly. Ýogsa düşünýänem bu zatlaryñ biderekdigine! Bilemok, bu ne dert?! Ýa REBBİM, söýgi ne gudurat?! ALLAHYM, ýalbarýan, öz ýaradan ynsanyñy söýüp - söýülmezlige duçar etmäweri! Gynanmajak bolýan, belki, meñ ýazgydymda bardyr beýle ýagdaý. Gözümüñ açylmagyna ýardam eden ALLAHYM, saña sükürler bolsun! Söýgi, söýgi. Köpler saña ynanmaýar. Näme üçin beýle?! Men ýönekeýje ynsanlyk derejäm bilen söýdüm! Çynym, artyk söýmedim. Her gün diledim ALLAHYMDAN menden aýyrma ony diýip. Ýogsa, oña mynasyp däldigimi bilýädimem-ä! İndi däldirin, her bir ýaradylan ynsana özüniñ çydap biljek, göterip biljek derejedäki yşgyny ber diýip ýalbarýan ALLAHYMA! Men şu setirleri ýazanymda gözüm çygjardy agladym, ýöne näme edeýin, ýazgyt-da bu, ýazgyt.
KÄŞGA OÑ BİLEN TANYŞMADYK BOLSADYM!!!

Ýalñyşlygym söýmedigiñ ugrunda,
Nähak ýere ýanyp, bişip, köýmegim.
Ýalñyşlygym oña sensiz ýeketäk,
Ýaşaýyşy başaramok diýmegim.

Ýalñyşlygym diñe şony eý görüp,
Hemmelerden artyk hormat goýmagym.
Ýalñyşlygym gowularyñ dünýäde,
Kändigini indi-indi duýmagym.
Awtory:Maksat saryýew


170

14

3

5

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 14.06.2024 / 13:33

+0

 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 14.06.2024 / 13:34

+0

...

 Täzeje
 Maxrim_mv [off]
  только ты балм<<3[Элвин💂‍♂️💋]
 16.06.2024 / 11:54

+0

gaty gou yetirip durun

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика