Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hekaya.
 Gerekli
 Yekejelai [off]
 15.06.2024 / 20:34
 Özime_dönein.♡

Durmuş iki ýaş juwany duşurmak üçin, olary duýdansyz, tötänleýin duşuşyklara sezewar edýär.
Ine, biziñ gahrymanymyzyñ başyndan hem şeýleräk wakalaryñ biri bolup geçdi :"Meýlis eýýäm üçünji ýylyñ talybydy. Ol Minsk şäherindäki uniwersitetleriñ birinde okaýardy. Göwnaçyk, alçak we bir sözli ýigide gyýa göz bilen garaýan gyzlar az däldi. Emma ýigit esasy ünsüni sporta we okuwa beripdi. Ýöne, şol gün... Hawa, şol gün başlanyndan gowy başlamandy. Meýlis kursowoýyny ýazyp, gije sagat üç töwerekleri uka gidensoñ, irden sapaga ýatyp galdy. Ylgap, geýnip okuwa barsa-da, garry professor mugallym ony sapaga salmady. Kurs işini ylmy ýolbaşçysyna görkezende, mugallym oña:"Sen temañ adyny okadyñmy? Bilýäñmi bir? Sen şu ýazan zadyñ tema bilen gabat gelýän ýeri barmy? Özüñ okap gördüñmi ýa okaman internetden skaçat edip äkeläýdiñmi?' diýip, ýañsylap gürläpdi. Bar eden işi puçdy, täzeden otyryp düzetmeli. Gaharyna şeýdip otyrka dosty gelip, oýun edip göwnüni göterjek bolupdy. Meýlis weli, öñki ýaly degişme bilen jogap bermän, gaýtam dostunyñ al-petinden alyp, göwnüne degipdi. Kellesiniñ agyrýandygyny, bahana edibem soñky sapaklara barman obşaga gaýtmagy ýüregine düwdi. Duralgada awtobusa garaşyp, ýarym sagada golaý durdy. Gelen awtobusam hyryn-dykyn dolulygy sebäpli,Meýlis oña sygmady. Gaharyny köşeşdirmek üçin, bary-ýogy 5 duralga-la, ýörän bolsam bu wagta ýeterdim diýip, hümürdäp ýöräp başlady. Telefonyny agşam, zarýady goýmany sebäpli, telefonam öçüpdi. Aýdymam diñläp bolaýdym öýdýän, diýip, indi gaharyna çalt-çaltdan ýöräp başlady. Obşagasyna ýetip, sag-aman baryp ýatyp dynjymy alsam diýip, giren ýigit öz komnatynda, öz krowatynda bir gyzyñ ýatanyny gördi. Gaharyna çala ýylgyryp, aýnadan daşary seredip:"Allajan bu señ maña sowgadyñmy?'.diýip kinaýaly sorady. Soñam gaharyna gygyryp:"A gyz, agyz, tur, tursana bol" diýip, gyzy yralady. Gaty çykan sese gözüni açan Güljeren, òz ùstüne abanyp, gygyryp duran ýigidiñ näme isleýanini düşünmedi:
-Näme boldy? Nämä gygyryp dursuñ?
-Señ näme işiñ-ow, bar git çaltrak şu ýerden?!
- Toba, ýatanyñ üstüne turan gelmesin, özüñ ýok bol şu ýerden?
-Beh, a gyz, näme daşary ýurda geldim diýip tanamadyk oglanyñ düşegine geçip ýatsañam bolýarmy? -diýip, Meýlis soran mahaly, gyzyñ ýüzüne seredende, öte geçenini bildi. -Aý, oglan kelläñ ýerindemi? Aklyñdan azaşdyñmy? Samsyk!
-A gyz, gowluk bilen şu ýerden gitsene- diýip, bu gezek Meýlis sesini ýuwaşatdy.
-Sen kimi kimiñ komnatyndan kowýañ? Barde men ýaşaýan!
-Kelläni agyrtmasana, 1505 komnatda gerek? - gyzyñ baş atýanyny görüp-men ýaşaýan bu komnatymda!
- Ýalan sözleme, men ýaşaýan!- diýenden, Güljeren biraz aljyran ýaly boldy. Talyplaryñ şaherjigi diýip atlandyrýan, täze açylan bu raýonda 8 golaý obşaga bardy we olaryñ hemmesem bir meñzeşdi: daşki we içki görnüşi, hat-da komnatlaryñ ýerleşişi hem meñzeşdi. Gyzyñ komnatdaş jorasynyñ:"Gyzlar, men ýalñyşyp başga obşaga baraýdym, entagem wagtynda yzyma dolandym, şeýle meñzeş edip gurmak näma gerek diýip' aýdany ýadyna düşdi."Men ýalnyşyp başga obşaga girip ýalnyşaýdymmy? Toba, masgaraçylyk" diýip, töweregine göz aýlady. Soñam ynamly:
-Aý, oglan, seret hany, şu ýerde oglan ýaşaýany bildirýarmi?- diýip sorady. Meýlis şu wagt özüne gelen ýaly, töweregine seretdi. Diwaryñ boýaglary başga, diwaryñ ýüzünde kelebejiklerdir güljagazlaryñ kagyzdan edilen görnüşi dur. Tekjelerde kremdir boýaglar bar. Meýlis günäli halda:
-Bu haýsy uniweriñ obşagasy?- diýip sorandan, jogaby eşidip:
-Bagyşlañ, bagyşlañ men ýalñyşypdyryn, bagyşlañ- diýip, çaltrak ol ýerden gitmek boldy. Güljeren oglanyñ yzyndan gapyny ýapyp, "bela sowlan ýaly boldy' diýip, uludan demini aldy. Agşam bu bolup geçen bu waka birbada iki obşaga aýdyldy. Meýlisiñ dostlary kimsi gülse, kimsi gözün nirde-de, şol derejede aklyñ giden däldirä diýseler, Güljereniñ joralary ondan kem däldirler:
-a gyz gapyny gulplaman näme işlediñ?
- Ogry giren bolsa, nätjek? diýip aýtýardylar. Bu gürrüñler Güljeren bilen Meýlisiñ ikisiniñ "Onuñ gözleri gaty owadan, jady bar ýaly" diýmekleri bilen tamam boldy. Bu wakadan üç gün geçenden soñ olar, magazinde duşuşdylar. Ýigidiñ ýanynda dostlary, gyzyñ ýanynda-da joralary bardy. Olar öz aralarynda:
- Jorañyz gapyny gulplaman näme edýar?
-Siziñ dostuñyzyñ kellesi nirede gezip ýör?
-Aý, oñ indi kellesi, ýüregi siziñ jorañyzyñ ýanynda bolaýmasa?))
- Hä, ykbal diýjek bolýañmy?))
Bu gürrünlere bir gyzaryp, bir agaryp duran Güljeren:
-Gyzlar, boldy etseñizläñ! Adamçylyk bolýan zat- diýibem, Meýlise garap aýdyp, gyzlaryñ yzyndan ýörap başlady. Meýlis gyzyñ yzyndan seredip durşuna birden:
-Eger häzir yzyna öwrülip seretse, meñ gelnim bolar- diýip aýtdy. Dostlary biri-birine syrly seredip ýylgyryşdylar we gyza tarap seretdiler. Güljeren ýüreginde näme bolup geçýåni-ne düşünmedi, ýöne haýsydyr bir güýç ony yzyna öwrülmäge mejbur etdi. Meýlis ýylgyryp, dostlaryna garap:"Ol indi meñ elimden sypmaz" diýdi.

Interesnoe.me


77

6

0

2

1

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Aý, tekst görnüşinde okadym täzeden. Gowy ekenä. 😃...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Agzamen (Şugün, 01:59)

Ýanan ýuregiň sesi #10


Ăçgiñ gaçypdyr őÿtÿăn dos...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #10
@menin_dunyam (Şugün, 00:20)

Deneşdirme


*ýöne goşguçy diýjek boldum...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Düýn, 21:39)

Konfrensiya gijesi 6


Hezil gitýämi???...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Düýn, 21:19)

Konfrensiya gijesi 6


Men baryan. Gelin sizem...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Düýn, 21:15)

Konfrensiya gijesi 6


Goşulýalarmy onsaň?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 21:13)

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Düýn, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Düýn, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Düýn, 13:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика