Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

(Bolan waka)....
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
 20.06.2024 / 14:29
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Bäş ýarym ýyllap aýan söýgümi, birinji gijämde küle öwrüldi (bolan waka)
Men Şöhrat bilen ilkinji ertir com portalyna registrasiýa bolan günüm tanyşdym.
2010- njy ýyllaryň içidi. Ilki günler salam ,salam dost ýaly gürleşsekde, dostlygymyz söýgä öwürlenini bilmän galdym.
Şöhrat goňşy obadandy. Ol meni obadaş diýip saýtda mydama goraglap ýörerdi.
Ol daşary ýurtda okaýardy, şo ýyl birinji kurs talybydy. Biz boş wagtlarmyz saýtda pikirlerde otyrardyk, köp wagtymyzy şahsy hat alyşardyk.
Men obadaky haly sehde haly dokaýardym. Şonyň üçin köplenç gijelik girerdim
Şöhrat bilen men bäş ýarym ýyl bir birimiz bilen halaşdyk.
Ol tomus kanikula gelende görüşdik Ol meni çäksiz söýýardi, menem ony.
Men onyň okuwym gutaryp toý ederis diýip beren sözine ynanýardym we ol öz beren sözinde hem durdy .
Okuwyn sagaman dynyp gelen ýyly biz uludan toý tutdyk.
Men örän bagtlydym. Öz söýgüme gowuşmak adamyň ruhyny şat eder ekeni.
Biz bu toýa bäş ýarym ýyllap garaşdyk. Geljegimiz barada gijeler ýatman arzuw ederdik.
Ol arzuwlaryň durmyşa geçip başlamagy bize ruhy lezzetin berýardi
Meniň toý günüm.Bezenip beslenip gelen gelinalyjy maşyna ak pata alyp münüp ,söýen ýigdiň gujagyna dolmak gör nahili ,söz ýok bagt ekeni
Toý dawaralary ,bar toý däp dessurlary bolmalsy ýaly boldy
Gijelik toýdan soň yigit saldy, dawaraly ýagdaýda geçdi
Men bagtlydym,ýöne bagt diýilýan zadyň adamzada naçe wagt beriljegin biz bilmeýaris, ýöne hemme zady Allajanyň özi gowsyny edsindä hernä.
Bar zat göz açyp salmasy esasynda bolup geçdi
Şöhrat birinji gijämizde az kem içgilidigi bildirýardi, ýöne men sesim hem çykarmadym.
Ilkinji gijämde men beýle ýagdaýa düşerin öýtdüp ýatsam tursam guman hem etmeýardim.
Ol gije meni Şöhrat uly ile masgara etdi
Ikiçäk galyp durmuşymyzyň ilkinji ýolyna gadam basamyzda onyň ilkinji ýüzüme uran şarpygy heniz heniz ýadymdan çykmaz .
Ol o gün dälireli, sen gyzlygyň kime aldyrdyň diýip ýüzüme gaty ses bilen gygyranda men gorkyjyma name diýjegim bilmedim, diňe
-Şöhratjan, men seniň bilen söýşüp ýörkäm hiç kim bilen gepleşmedim men diňe saňa garaşdym, men gülden-de päk, ynanaý diýip ýalbarýan sesime onyň hiç hili rehimi gelmedi we gapdalda duran jalwaryndan kemerin sypyryp, gabat gelen ýerime saýgylap başlady
Ýüzum gözum gara gana bulandy, onyň gahary beýna urdy, diňe, meni aldarmyň sen, kim bilen boldyň sen, meni nägüne saldyň sen, kim ol seniň gyzlygyn alan, seni öldürin, nameüçin hiç zat aýtman toýa razy boldyň, diýip meni kemer bilen saýgylaýşynyň zarbyna men diňe,men hiç kim bilen bolamok men, men güldende päk, ynanaý diýip aglap ýalbarsamda gulak asmady
Toý gijamde biziň bu gohymyza gapyň aňyrsyndan işigi açda, äpigäni aç diýip, daşardakylaryň gohy hem Şöhrada hiç hili tasir etmedi
Mende indi ysgyn yokdy. Ahyr özi ýadap meni baş aşyk, köýnegim ýary ýyrtym,ýyrtym halda ýakamdan süräp göni gapyny açyp meni gaýnym dagyň öňüne zyňyp göýberdi we
- iliň ulanan zady maňa gerekdäl, äkidiňde ejesine eltip beriň, diýip gygyrdy
Gaýyn ekejim kelläme ýaglyk daňyp, näme boldy diýip meni gyssady, oňada zordan "men gülden päk, men gyz"diýip bildim
Gaýyn agam Şöhrady gowy bir gezek yumrugy bilen doňdyryp göýberdi we şeýle derejä ýetip zenan maşgalany urylýarmy, hemme zadyň hem çykalgasy bardyr, mün maşyna gyzmy, gelinligin biläýeris diýdide iki maşyn bolup, meni etrapdaky ginekologiýa bölüme alyp gaýdylar
Göz öňüne getirip bilýaňizmi gaýyn agam, gaýyn atam,eltim, gaýyn ekejim bary biz bilen gaýdy
Meni lukmana elten badyna meniň daşky görnüşim görüp ol lukman hem
- birniň çagasyn beýle derejede urup alan galaň name, göwnüňe çiglik gitse göni getiräýmelidä, özümiz hazir barlap bereris ,ýöne bu çagany beýle derejese gorkyzmaly däl ekeniňiz diýdi
Men bolsa
- jan lukmanjan gowy barlap şo zady görülýan bolsa şoňa görkezäýiňdä, men naçe ýalbarsamda ynanmady ,haýyş edýan, men hiç kim bilen bolmadym: -diýdim
- bor jigim hazir ýoldaşyň ýanda barlap berjek sen gorkma hemme zat gowy bolar:-diýdi
lukman barlandan soň ol Şöhrada
- seret ynha hatda ony sen ýerinden hem mizetmänsiň, bu gyz heniz, sen doly derejede hiç zat bilman şeýle ýagdaýa düşurup urmalymy gyzy, düşunşip maşyna ýuklap barldaýmaly ekeniňiz .
Biz daş çykdyk welin gaýyn agam bizi ile masgara etdiň diýip Şöhrady urdy. Men ondan soň Şöhrady görmedim
Daň atyberipdi. Lukmanyň ýandan gelip meni banýa saldylar, tazeden köşeşdirjek boldylar ýöne wah ,ol günki düşen ýagdaýyma söz tapamokda, özümi öldüresim gelýar, ýaşap biljek daldim.
Ýüzüme gözüme kemeriň yzy düşupdi, ýüzim gözüm çişdi
Daň atansoň baş saljydy.
Günortana ýakyn bir ýerden gyz jigim bilen jorasy geldi, ejem uzyn gije ýatyp bilmandir, basyrganyp çykypdyr ,bir minutjyk hem bolsa görüp geliň diýip gyz jigimi ugradypdyr.Ene ýüregidirdä balasynyň zaryn sesin eşdendir, ejemjan hem
Olar gelende gaýyn ekejim bilen eltim meni görkezman öýe ugratjak bolupdyrlar ,emma gyz jigim men doganymy görmän hiç ýerik hem gitmen diýip kürsap bolýan otagyma giripdir we meniň ýüz gözümi görüp aglap başlady, men jigimi gujaklap menem saklanyp bilmedim.
Az wagtdan jigim gitdi
Şo gün öýlän erkek doganym,gelnejem we aýal doganym hem-de körekenmiz maşynly gelip göni hiç zat diýmän meni bu öýden alyp gitdi, bar goşym bilen
Toý çykdajylaryn we meniň üçin sarp edilen bar çykdajylary kakam olara köpükme köpük berdi Şöhrady zalymlyk bilen urandygy üçin hukuk goraýyş edarasyna arza ýaz diýende men kakama
- kakajan, men güldende päk, siziň ýüziňizi men söýüşdüm diýip ýere salmadym, meni bagyşla, azar berme goý gitsin, ýöne meni indi ol hojalyga iberme, men indi ol adamlaryň ýüzüne seredip ýaşap bilmen, kakajan meni olara berme, diýip kakamy gujaklap agladym
Kakam dagy maslahatlaşyp arza ýazjak däl diýen sözüme razy boldylar
Meniň bu düşen ýagdaýym, ile güne çykar ýaly bolmaly we men 5-6 aý aýal doganym öýinde boldym. Olarda bejergi aldym ,özüme seretdirdim
Aradan 6-7 aý geçensoň meni öýdakiler daşkyrak garyndaşymyzyň ogly Wepa durmyşa çykardylar. Wepaň hem birinji durmyşy bolmandyr.
Alan gelni iki aý hem ýaşaşman, oňyşman aýrylyşyp gidipdir
Kakam meniň toýymy ulydan tutyp täzeden edil gyzlaryň toýy ýaly edip toý edip berdi, ýöne hakykatdanda men gyzdym ahyry
Men Wepa bilen düşunşup agzybir ýaşap başladym
Wepa meniň birinji nikamda düşen ýagdaýym toý etmamkam bilýardi .Men oňa men heniz hem gyzlygym aýdypdym
Indi durmyşym oňat bir gyzjagazym bar, ikinji göwrämde ogla garaşýas
Birinji bagtym ikinji görgüm diýen söze köplenç garşy çykýan, dogry kimse birinji nika oňsa kimsinde ikinji nika oňýar
Meniňa bäş ýarym ýyllap dilden gözden aýap gowşan söýgüm birinji gijämde küle öwrüldi .....
Awtordan:
Işleýan ugrum aýal ugry bolansoň men ýaşlara ýekeje zat aýdasym gelýar
Durmyş guraňyzda hiç hili aljyramaň, hemme zat gowy bolar ,sähel göwnüňize çiglik gitse, erkeklik güýje ýapyşman göni maşyna ýükläp barlaga getiräýiň ....
Nowça Alyyewa


99

13

4

1

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Yekejelai [off]
  Özime_dönein.♡
 20.06.2024 / 14:45

+1

 Täzeje
 Id_327 [off]
 20.06.2024 / 15:19

+0


Gerekli
Aixcam_nx  (20.06.2024 / 15:31) 

Id_327, nm


Täzeje
Id_327  (20.06.2024 / 15:33) 

Aixcam_nx, bolan waka däl şula


Gerekli
Aixcam_nx  (20.06.2024 / 15:43) 

Id_327, mnm 1 yerden aldm


Täzeje
Id_327  (20.06.2024 / 16:16) 

Aixcam_nx, nirden aldyň

 Premium
 Belki [off]
  Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
 20.06.2024 / 17:39

+1

Zenanlary mal deregine goýýan ajaýyp hekaýa:
Gownunize ciglik gitse dogtora getirayin gyzyn mertebesinin depeleneni hic, ozuni erbet duymagy psihikasynyn bozulmagy hic esasy zat siz arkayyn bolun oglanlar.
ay berekella


Täzeje
Id_327  (20.06.2024 / 18:12) 

Belki, onsuzam gyzyny çykarjak bolanda gyzyň maşgalasy gyzy mal deregine goýýarlar. Okuwla pylança galyň okuwsyza pylança galyň diýen bolup


Gerekli
Aixcam_nx  (20.06.2024 / 20:40) 

Belki, dogry

 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 20.06.2024 / 18:39

+0

Towa,her hili adam ba)
"Sen gyz däl" diýip gygyryp başlandan,eline bir zat alyp "malç" etmeli eken agzynyň üstüne )


Täzeje
Id_327  (20.06.2024 / 18:47) 

EjegyzS, Nowçaň fantaziýasyna haýran galyp galyp gutaryp bilmedim. Her gezek bir ýazan zadyny okamda täzeden haýran galýan
Ýa şo dereje içgili oglan ýa-dä şo dereje wäňk bolaýmasa munda aýdylýana seretseň özem "bolan waka" hemme ýazanlaram tüwölömö


Öwreniji
EjegyzS  (20.06.2024 / 18:53) 

Id_327, Soramaň, hakyky
"Az - kem içgilidi " diýýä welin,akly ýerinde adamyň edýän hereketi däl)


Gerekli
Aixcam_nx  (20.06.2024 / 20:41) 

EjegyzS, dogry yione Nowca oglan dal


Öwreniji
EjegyzS  (21.06.2024 / 01:19) 

Aixcam_nx, Nowçany umuman, haçan okap başladyňyz?)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Aý, tekst görnüşinde okadym täzeden. Gowy ekenä. 😃...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Agzamen (Şugün, 01:59)

Ýanan ýuregiň sesi #10


Ăçgiñ gaçypdyr őÿtÿăn dos...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #10
@menin_dunyam (Şugün, 00:20)

Deneşdirme


*ýöne goşguçy diýjek boldum...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Düýn, 21:39)

Konfrensiya gijesi 6


Hezil gitýämi???...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Düýn, 21:19)

Konfrensiya gijesi 6


Men baryan. Gelin sizem...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Düýn, 21:15)

Konfrensiya gijesi 6


Goşulýalarmy onsaň?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 21:13)

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Düýn, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Düýn, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Düýn, 13:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика