Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Biride çikip demiýor ki, şu kizi üzeni üzerim diýe

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Aba han)
 Täzeje
 Id_327 [off]
 20.06.2024 / 16:43

ABA SERDAR

16-njy asyrda Türkmenistanyň Etrek, Gürgen etraplarynda ýaşap geçen görnükli türkmen serdary Aba serdar Türkmeniň okly taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Ol Türkmenistanyň geçmişinde «Aba serdaryň gozgalaňy» ady bilen belli bolan halk gozgalaňyna başarjaň serkerde hökmünde ýolbaşçylyk edipdir. Bu gozgalaňyň döremegine halk köpçüliginiň çykgynsyz jebir-sütemlere sezewar edilmegi sebäp bolupdyr. Şol döwürlerde Etrek, Gürgen türkmenleri (gökleň, okly, ýemreli we beýlekiler) Hywa hanlygynyň raýaty hökmünde Horezm soltanlaryna agyr salgyt (pul, mal we nöker) teleýär ekenler. Munuň üstesine-de 1550-nji ýylda Eýranyň Astrabat welaýatynyň täze häkimi Keçel Şahberdiniň hem türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşmagy netijesinde, halys degnasyna deglen halk ezijilere garşy aýaga galýar. Gozgalaňçylar Aba serdaryň baştutanlygynda eýranly salgyt ýygnaýjylaryň ýolbaşçysy hem-de Keçel Şahberdiniň garyndaşy Şatyr begi öldürýärler. Muny eşidip, gahar-gazaba münen Keçel Şahberdi türkmenleriň üstüne agyr goşun çekip barýar. Okly türkmenleri onuň goşunyny derbidagyn edip, özüni hem tutup öldürýärler. Şondan soň gozgalaňyň dabarasy dag aşýar, bütin türkmen obalaryna, şeýle hem Astrabadyň käbir etraplaryna ýaýraýar. Eýran şasy Tahmasp şanyň (1527–78) uly goşun iberip, Aba serdaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin eden birnäçe synanyşyklary şowsuz bolupdyr. Aba serdar Eýran bilen öňden bäri urşup gelýän özbek hökümdary Aly soltan bilen ylalaşyk baglaşýar we onuň köpüsi özbeklerden ybarat bolan goşunyna daýanyp, Eýran goşunlarynyň 1554-nji hem-de 1557-nji ýyllarda eden uly hüjümlerini kül-peýekun edýär. Bu ýeňişler Aba serdara uly şöhrat getirýär. Ol bütin Astrabat welaýatyny diýen ýaly öz raýatyna geçirýär. Türkmen atly ýigitleriniň şöhratly serkerdesi Aba serdaryň bu söweşleriniň netijesinde bütin kenarýaka türkmenleri 10-12 ýyllap Eýran häkimiýetlerine garaşsyz bolupdyrlar. Gozgalaň netijesinde Etrek sähralaryndaky türkmen taýpalarynyň birleşmesi emele gelipdir. Birleşme Aba serdar öldürilenden (ol ukuda ýatyrka Eýran häkimiýetleriniň ýörite tabşyrygy bilen, öz pars aýalynyň guly tarapyndan öldürilýär) soň hem birnäçe wagtlap dowam edipdir we türkmenlerin özbaşdaklygyny gorap saklapdyr. Batyr serkerde Aba serdaryň baştutanlyk eden gozgalaňy onuň öldürilmegi bilen kem-kemden ýatyşan hem bolsa, türkmen halkyna syýasy taýdan uly abraý getiripdir. Soň-soňlar hem Astrabat ülkesinde türkmenleriň täsiri güýçli bolupdyr. Umuman, Aba serdar türkmen halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda jan aýaman göreşen gaýduwsyz serkerde hökmünde taryhda yz galdyran şahslaryň biridir.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


133

7

1

2

0

0

3
Teswirler:
 Premium
 Aurora [off]
  Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.
 22.06.2024 / 17:25

+0

Mlds

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)

Aÿyplaşma!!!


Täsirli, duýguly goşgy eken. Galamyň ýiti bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Gulmahrem (Şugün, 09:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика