Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Relax : Durmuşda hemişe özümize degişli bolan zady biziň özümize satýarlar.#setdars

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmyşyň çylşyrymly öwrümi 1-nji bölüm
Premium
 BAYOGUL [on]
 21.06.2024 / 07:58
 Yurekdesh.ru

Aýnanyñ kakasy ol heniz 7 ýaşyny doldurmanka aradan çykdy. Aýnany ejesi terbiýeläp ýetişdirdi. Olar obada mamalarynda ýaşaýardylar. Olaryñ goñşulary hemem daşgynrak garyndaşlary Ahmet daýy hemem ogly Mekandy. Ahmet daýy aýaly bilen aýrylyşypdy. Has dogrusy, onuñ aýaly başga birine gaçyp gidipdi. Ol baýdy, öz firmasy bardy. Ogly Mekan Aýna bilen deñ-duş bolansoñ, diñe şolarda bolardy. Mekdebe hem bile gidip-gelerdiler. Olar 3-nji synpda okaýan wagtlary, Mekanyñ kakasy Ahmet daýy öz firmasyny Aşgabat şäherine geçirdi. Şol sebäpli hem, olar şähere göçdiler. Göçen hem bolsalar, Ahmet daýy öz garyndaşlaryndan habar alyp durýardy, gerek bolsa kömegini gaýgyrmazdy...
Aýna mekdebi gutardy. Ol owadan, akylly gyz bolup ýetişdi. Ol oba mekdebine işe ýerleşdi. Iki ýyl işlänsoñ, ejesi ony okatjakdygyny aýtdy. Aýna okuwa taýýarlyk görýärdi. Resminamalaryny tabşyrandan soñ, ähli ünsini kitaba berdi. Ine, synag güni hem ýetip geldi. Aýna ýokary okuw jaýynyñ talyby bolmak nesip etdi. Ejesi, mamasy hasam begendiler. Onuñ şanyna kiçiräk üýşmeleñ guradylar. Şol üýşmeleñe Ahmet
daýy gelsede, ogly Mekan gelmedi.
Talyplyk ýyllary başlanypdy. Aýnanyñ otagdaşy hem özi ýaly oba gyzy Ogultäçdi. Olar gowy jora boldular, bir-birlerinden syr gizlemezdiler. Olaryñ dostlugyna Ahmet atly oba oglany, olaryñ kursdaşy goşuldy. Olar üç bolup berlen öý işleri işleýärdiler, çärä hem bile gatnaýardylar. Şeýle günleriñ birinde, Aýna umumy ýaşaýyş jaýyna barýarka köçäniñ gyrasynda, maşynyñ ýanynda 4-5 oglanlaryñ içinden Mekany gördi. Ol begenjine:
-Ogultäç, seret meniñ öñki goñşym hemem garyndaşymyz Mekan dur. Baryp salamlaşaýyn Ahmet daýymyñ ýagdaýlaryny soraýyn- diýdi. Ogultäç şol bada, onuñ elinden saklap:
-Aýna, saklan! Olar baýyñ ogullary, biz ýaly oba gyzlaryna seretmezler. Jora, olar özlerini hondanbärsi görkezýärler. Üstüñden gülýärler-diýip, ol çyny bilen aýtdy. Aýna weli:
-Ýok, ol beýle oglanlardan däl. Biz onuñ bilen çagalykda bile önüp-ösdük ahyry, soñam Ahmet daýymyñ ýagdaýlaryny soramasam aýyp bolara! Görübem, salamlaşman geçsem...- diýip, oglanlara tarap ugrady. Baryp:
- Salam, Mekan! Gowmy? Okuwlaryñ nähili?-diýip, sorady.
-Aý gyz kimaý sen? Men seni tanamok. Her hili bolgusyz adamlar geler meñ ýanyma-diýip, gaharly gepledi. Ýanyndaky dostlary gülüşdiler. Gyz geñ galyjylyk bilen:
-Ýöne...ýöne-diýip geplejek bolanda, Mekan Aýnanyñ goşaryndan silterläp tutup, itekledi:
-Aý gyz bar öz ýoluñ bilen gitsene- diýdi. Aýna doñup galdy. Mekan dostlary bilen: "Şu oba gyzlary şäherli baý oglanlary görse, dyzaşyp durlaraý" diýşip, gülüşdiler. Ýanyna Ogultäç ylgap geldi-de:
-Utançsyzlar!-diýip,yzlarynda gygyrdy. Aýna henizem diýlen sözlerden açylyp bilmändi. Ol ýuwaşlyk bilen:
-Ogultäç, ol gaty üýtgäpdir, sen dogry aýdýan ekeniñ-diýdi.
Hawa, Mekan gaty üýtgedi. Ol kakasynyñ puluna daýanýardy. Şoña arka edinip hem gürlärdi. Kakasy özüniñ ýeke balasyny zada zar etmejek bolýardy, ejesiniñ ýoklugyny bildirmejek bolýardy. Oña soñky çykan el telefonyny, maşyn we başga diýen zadyny alyp bererdi. Mekan baýlyga buýsanyp, günde bir gyzyñ näzini çekerdi. Ýüregi düşen mahalam, taşlardy. Aýnanyñ ony göresi gelmeýärdi. Ýöne, içiñi ýakaýyn diýýän ýaly, günqde görýärdi. Görmäýin diýip aýlanyp geçse, beter öñünden çykýardy....
Awtory:Nowca Alyyewa


114

7

0

2

0

0

2
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика