Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Bir wagtlar gowuşmak üçin doga eddigim birini, bu gün unudmak üçin doga edýärin..#.fileo

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuşyň çylşyrymly öwrümi. 2--nji bölüm.
Premium
 BAYOGUL [on]
 21.06.2024 / 08:10
 Yurekdesh.ru

Günlerde bir gün Aýnanyñ öñünden Mekan çykyp: - Aý gyz, Aýna!
Meni tanaýanyñy hiç kime aýdaýma, eşidýärmiñ? Men sen sebäpli, üstümden gülünmegini islämok! Asyl meñ gözüme görünmejek bol!-diýdi. Aýna gaharly:
-Men sizi tanamok, siz ýalnyşdyñyz öýdýän-diýip gürledi. Biraz ýöräp, yzyna garap:
-Mekan, arkaýyn bolaý, seni tanamadyk bolup gezerin! Sen bir üstüñden adam güläýmesin- diýip, kinaýly gürledi.
-Adam ýaly gürle, meñ bilen gürleşeñde.
-Señ bilen men gürleşjek bolup alada galyp ýördüm-dä.
-Meñ bilen ýeke minut gürleşip bilseñ, armanyñ galmaz gurjak.Ýöne, sen ýalylara men wagtymy ýitirip durmaýan, asyl siz tarapa seretmeýän.Bar, gitde kitabyñy oka! Birden ikilik alaýma-diýip, Mekan iç ýakgyç güldi. Aýna jogap bermek islemedi. Baýyñ ýekeje lälik ogly zada düşünmejegini bildi. Ol bu hakda ejesine aýtmak islemedi. Mekanyñ oña "şugulçy oba gyzyndan başga nämä garaşjak" diýjegini
bilýärdi. Aýna uniwerstetden çykyp, bazara gök-sök almaga gitdi. Ogultäç biraz kitaphanada eglenmeli boldy. Aýna kitap-okuw pikirleri bilen gümra bolup, duralgada durka, ýanyna Ahmet daýy Mekanyñ kakasy geldi. Ol gele-gelmäne:
-Aýna, gyzym! Salamälik gowmyñ? Okuwlañ nähili? Umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdiñmi? Ejeñ, mamañ meñ daýzamyñ ýagdaýlary gowmy?Sen näme bärde ýeke dursuñ, getir goşlaryñy? Ýör, maşyna, durma bärde-diýip, yzly-yzyna sorag baryny berip, maşyna tarap ýöredi. Aýna onuñ soraglarynyñ barsyna jogap berdi. Ýolda Ahmet daýy: -Señ ejeñ, meñ daýzam ÿagny señ mamañ wagtynda maña uly kömek etdiler. Uzakly gün işleýänim sebäpli, Mekana oñly seredip bilmeýärdim. Olar iýdirip-içirip, ýuwunduryp, geýindirýärdiler. Indi gezek meñki! Sen kösenseñ aýtgyn, ýanyñda ýeterlik pul barmy? Ýogsa-da, Mekanjanam señ okaýan uniwersitetiñde okaýandyr-a! Görenä dälsiña?-diýip sorady.
Aýna jogap bermek islemese hem:
-Ýok, görmedim. Uniwerstitet uly. Soñam sapaklarymyz deñ gelýänem däldir- diýip, sypaýjylyk etdi.
-Dogry, dogry! Seni gören bolsa,oglum Mekanjan aýdardy ahyry-diýdi. Soñam:
-Eger umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşasyñ gelmese, biziñ öýe gel. Sana aýratyn otag bereris, Mekan bilen bileje gatnarsyñyz-diýip, sözüniñ üstüni ýetirdi.
-Tañryýalkasyn! Hudaýa şükür, gül ýaly-diýdi-de, içinden: "Kakasy gyzyl ýaly adam, ogly weli...bolýarda. Ejesine çekendir" diýip, pikir etdi.
Gyş pasly gutaryp, bahar geldi. Okuwlar dowam edip durdy. Aýna Mekan hakda asla pikir etmeýärdi. Ogultäç hem Ahmet bilen günleri şatlykda geçirýärdiler. Bir gün Aýna ejesi jañ etdi:
-Gyzymjan, sen mamañ agyr keselledi. Şu wagt ýolda Aşgabada hassahana äkidip barýas. Gyzymjan, mamañ zordan dem alýar-diýip, agyr gatyşykly aýtdy. Aýna ejesinden haýsy hassahanadygyny sorap, Ogultäje duýduryp ylgap çykyp gitdi. Haýdaşlap, ylgap barýan mahaly, öñünden Mekan dostlary bilen çykdy.
-Oho, muña serediñ, oba gurjagy ylgap barýar.-diýip, gülüşdiler.
-Oba gurjagy, näme aglaýañmy? Goý, goý saña degmek niýetimiz ýok-diýip, has beter gülüşdiler.
Aýna olar bilen jedel etmek beýlede dursun, hatda ýüzlerine seretmek hem islemedi. Onuñ bar aladasy şu wagt mamasydy. Ýigitlerden içgiñ ysy gelýärdi. Ýörejek bolanda, Mekan elinden tutup:
-Aýna gyz waý nirä barýañ? Biz bilen salamlaşman gitjek bolma-diýip, ol Aýnany özüne tarap çekdi. Gyzyñ sabyr käsesi dolupdy, ol gitmelidi:
-Men sizi tanamok! Goýberin elimi- diýip, elini çekip aljak boldy. Ýöne, gyzyn güýji asgyn geldi. Oglanlar gyzyñ aglaýşynada, ýalbarşynada seretmän, maşyna saldylar. Soñam şäher etegine äkitdiler...


138

14

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 21.06.2024 / 08:43

+0

Aý ýogeý,ahyry manysyz

 Täzeje
 LaDy [off]
 21.06.2024 / 15:51

+1

yzy yokmaı

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
 21.06.2024 / 22:38

+0

Dowamy hany

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)

Aÿyplaşma!!!


Täsirli, duýguly goşgy eken. Galamyň ýiti bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Gulmahrem (Şugün, 09:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика