Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
--hic-kim-- : [color=#454545] Enen atan baylygyna dalde barlygyna guwanyp yasa!!! [/color]

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Oýlanma...,,Söýgülim
Premium
 rexha [off]
 21.06.2024 / 09:37
 Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸

Salam söýgülim ertiriň haýyrly bolsun,bilýäňmi men seni düýşümde gördüm,bu düýşden oýanasym gelmedi sebäbi men seniň elleriňden tutup durdum,gözleriň gözlerime şeýle bir söýgi bilen bakýardy.Meniň ýüzümde şeýle bir ýylgyryş bardy onuň sebäbi seniň anbar ysly bedeniňdi,seniň saçlaryň pamykdanam ýumşajyk olaryň ysy meni menden alýardy ezizim.Herkim bilmez aýralyk nämedir,näme üçindir,eziz ýaryndan uzakda nädip dem almalydygny nädip içiňde gam gussa seni öldürip barýanam bolsa ýylgyrmalydygny diňe ýaryndan uzakda bolanlar biler.Bize duzak gurmak isleýänler bizden gaty uzakda mähribanym sebäbi men seni ýene bir gezek ýitirmegi göz öňüne getirip bilmern.Herkim arkamyzdan gep edip aramyza girip rol oýnap gitdigiçe men saňa has hem beter baglanýaryn seni öňkiňden beter küýsäp bütin dünýäden geçip söýýärin.
Käte....göwnüňe degýärin ezizim bilmezlikde,seni gujaklasym gelýä ýöne gorkýan git diýersiň öýdüp....seni şeýle ezizläp sakladygymça seni käte özümdenem gawanýaryn.Düýşlerime girýä käte sögüşmegmiz bogulýan, tisginip oýanýan,sen we men bir söýgi ertekisindäki gahryman ezizim,ertekiniň soňlanmagyny hiç islämok.Görmedim,duşmadym durmuşumda beýle üýtgeşik,owadan,jadylaýjy güle.Güli goparmak isleýänleriň sogurarn ýüregini.Söýgimiň ýaz-alabahary sen we seniň bilen boljak çagamyz,soňuna çenli deň urar biziň ýüregimiz.3 ýyl ýaly bir 3 aý geçiripdiris gaty ajaýyp,ol günleriň süýji ýatlamalary bar ýüregimde,aklymda hiç çykmaz mähribanym,bedenime täsir etýän iň ajaýyp neşesiň sen ezizim.
Gitme haýyş....hemişe gal meniň bilen,gözümdäki akan damja ýaş bol we gözümden ak hemişe.Söý meni mähribanym hemişe gal ýanymda,gitme şol ilki günlerdäki şadyýanlygyň söýgiň bilen beze ömrümi.Hassalygym...hiç mesele däldi men ünsem bermedim,iň erbet günümdede ýumşak elleriň elimdedi ezizim.Başga näme isläýin men....näme isläýin,söýgi'niň 5 harpynam hak etýärdi ol owadan gözleriň.
Durmuşumyň manysy we durmuşymsyň sen mundan soň,bedenimdäki gansyň we ýüzümiň reňkisiň sen mähribanym.Ýüregimiň urşy,dem almagymyň sebäbisiň sen ezizim.Gutarar maňa bolan söýgiň diýip pikir etme seni söýýärin mähribanym.....gutarar diýip gama batma seni söýýärdim ezizim.



Ýazan:Gülzada.M
21.06.2024


227

27

11

3

1

1

1
Mowzugy vip edenler:
rexha - 8 sagat vip etdi!
(21.06.2024 / 09:39)
Teswirler:
 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 21.06.2024 / 11:05

+0

@Belki agzaň ýazýan "Söýgi oýlanmalary" üýtgeşik hem özüne çekijidaý.
Bulam erbet däl


Premium
rexha  (21.06.2024 / 11:46) 

EjegyzS, hawa şonuň yazyanlaryny menem gowy göryän.
Minnetdar

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 14:37

+0

Anwar ysly bedeniň
Düşünmedim näme diýmek bu?

Birem ýürek atar sözünde "atar" sözi türk sözi.


Premium
rexha  (21.06.2024 / 17:03) 

Id_327, bedeniniň ysyna diydim.

Duzeldern


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 17:03) 

rexha, anwar ysyň manysyny bilesim geldi. Nähili ys bolýar?


Premium
rexha  (21.06.2024 / 17:14) 

Id_327, Anwar ysly diymek,beyhuş etyän ajayyp ysly ozune chekiji ysly diymekdirda


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 17:15) 

rexha, hmm. Anwaryň näme zatdygyny bilemok. Näme zat anwar?


Premium
rexha  (21.06.2024 / 17:17) 

Id_327, mena shonuň manysyna sheyle dushunyan. Turkmen dili sozlikden goray bilesin gelse


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 17:17) 

rexha, häzir

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 17:28

+0

Gülzadajan sen muny özüň ýazaňok
Eger özüň ýazan bolaňda "Anwar"ýa-da "Enwer"sözüniň näme many aňladýanyny bilerdiň.
"Anwar ysly" diýmek gaty ýalňyş söz. Sebäbi "Anwar" ýa-da "Enwer" sözi hiç hili ys aňladýan söz däl "Anwar (enwer)"diýmek bu ýagty, aýdyň, diýmek
Eger özüň ýazan bolsaňam ANWAR sözüni ýalňyş ulanýarsyň!)


Premium
rexha  (21.06.2024 / 22:18) 

Id_327, ozum yazdym welin,manysy sheyledir dp pikir edipdim,yalnysh pikir edipdirn


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 22:20) 

rexha, hmm. Onda bolýar özüň ýazan bolsaň. Sözüň manysyny bilip ulan ýazan zatlaryňda bolmasa bolmaz. Sen iki sözi garyşdyrypsyň "Anwar(enwer)" sözi bilen "Anbar" sözüni. Anbar ysly diýseň bolar. Ine şonda dogry bolýar. Ýöne anwar ysly diýseň gülkünç bolýar


Premium
rexha  (21.06.2024 / 22:22) 

Id_327, dushundim,hazir duzetyan

 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 21.06.2024 / 17:29

+0

 Premium
 Belki [off]
  Söýenler terk edýär, a söýgi baky!
 21.06.2024 / 17:42

+0

Menem küýsedim M...jigimi...


Premium
rexha  (21.06.2024 / 22:17) 

Belki, M kim indi...?

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 22:31

+0

bedenime täsir etýän iň ajaýyp neşesiň sen ezizim

Ýene türk söz ulanypsyňaý neşesiň wäää terjime etdiňmäý muny türkçeden


Premium
rexha  (21.06.2024 / 22:34) 

Id_327, neşe maddalar ýene ýeneler....türkmenleriň sözi şula. Da bir türk aýdymy tekst görnüşinde ýazdym terjime edip


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 22:37) 

rexha, dogry neşe sözi türkmençede bar. Neşe maddalary dogry
Ýöne bu ýerde bedenime edýän neşe täsiri diýýärä


Premium
rexha  (21.06.2024 / 22:49) 

Id_327, neşe maddalary ulansaň niriňe täsir edýä


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 22:54) 

rexha, beýniňe. Beýnem bedeniň esasy kontrol nokody bolansoň beýni gowşansoň bedenem gowşaýa. Şunlukda bedene täsir edýändir öýdülýär. Ýöne ýalňyş ähli neşe maddalary bedene dälde beýnä täsir edýär


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:03) 

Id_327, a men beden diýjek,bam senlik bir problema?


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 23:07) 

rexha, menlik problema ýok. Ýöne sen bul edýäniň akmaklyk bolýar.
Neşe maddalary bedenede täsir edip bilýär. Ýöne çalt däl uzak ulanylanda täsir edýär wr bu täsirem gowy täsir bolanok. Google-dan gözledip gör "uyuşturucu maddeleri bedene ne yapar?" diýde okap gör, suratlaryny gör gözlegiñ netijesinde. Soñ görersiñ neşe maddanyñ bedene "gowy tâsir" edişini.

Indi asyl meselä gelsek bedene täsir edýär diýseň çyndanam.akmaklyk bolýar. Neşe maddasy sebäbi bedene dälde beýnä täsir edýär


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:08) 

Id_327, ......!


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 23:10) 

rexha, özüňe şol köp nokatda aýdanlaryň
Bagyşla sen ýöne gaty samsyklyk edýäň. Çaga ýaly hereket edýäň özem. Eser ogrusy!


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:17) 

Id_327, Köp nokatda zat aýdamok,prosta saňa jogap berip ýadadym.Samsyklygmyň saňa bir zyýany degdimi?Degenoga dogrumy? Onda nämäň şanyna akyl satan bolýaň?Bizarlaý senden indä,çaga ýaly hereket edenimde saňa näme? Eser ogrusy sözüň bilen bile******!


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 23:19) 

rexha, ESER OGRUSY?!


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:20) 

Id_327, ......!


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 23:25) 

rexha, ESER OGRUSY

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 22:39

+0

Bedenime täsir edýän iň ajaýyp neşesiň diýýär.
A türkçesinde uyuşturucu diýip durdumy nä?


Özümiziňki
Diamante  (21.06.2024 / 22:50) 

Id_327, naj analiz gecip ollunai yazan zadyna

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 22:46

+0

Uyuşturucu etkisisin vücudumda en güzel

Taladro — Sevgilim


Premium
rexha  (21.06.2024 / 22:51) 

Id_327, hawa şo

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 22:47

+0

Mis koku- sözüni nädip anwar ysly diýip terjime edip ýörsüňäý


Premium
rexha  (21.06.2024 / 22:51) 

Id_327, şodyr öýtdümdä

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 22:52

+0

Sonbahar- ýaz-alabahar (täze söz tapypsyňa how )
Sonbahar-Güýz


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:00) 

Id_327, sonbahar güýzdigni bilýän,men ýazy göz öňünde tutup yazdym,a tak terjime etdim diýsem edil şo aýdymy ýazmadym üýtgetdim özümdenem söz goşdum


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 23:02) 

rexha, onda terjime etmäni belli bir bolegini terjime edip (ýagny başganyň eserini ogurlamak) öz sözleriň bilen garsaň bul aç-açan plagiat bolýar.


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:06) 

Id_327, ......!

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 23:01

+0

Ýazan:Gülzada.M


Şu ýerinem düzetsene şeýdip,

Türk reperi Taladro-nyň "Sevgilim (Söýgülim)" aýdymynyň sözleri
Terjime eden: Gülzada M.


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:04) 

Id_327, Taladronyň sözlerinden köp öz sözlerim,prosta şol aýdymagörä ýazdym indäm mowzukdan gümüňi çek!


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 23:09) 

rexha, onda sen bu edeniň bir zat ýazmak däl-de ogurlyk bolýar.
Sen eser ogrusy! OGRY!


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:14) 

Id_327, Näme men onuň ýazan zadyny durşy bilen bile terjime etdimmi?Kör bolmasaň gowja gör hany şo aýdym esasynda ýazdym ýöne özümden goşdum köp sözüni.Ogry diýip haçanda onuň aýdymyny terjime edip aşagyndanam awtory özüm diýip ýazamda aýt maňa düşündiňmi.Nadoel etdiňle wopşeto!


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 23:17) 

rexha, şul edeniňem şolda.
Kimiň ady dur aşakda seň adyň dur!
Eser ogurlygam bir eseri doly, tutuşlugyna ogurlanda eser ogurlugy bolanok! Biraz oka öwren awtorlyk hukugy diýen zat bar bir çümmüjek aklyň bilen maňa awtorluk hukugyny düşündirjek bolma men doly terjime etmedim öz sözümem goşdum diýen bolup!


Premium
rexha  (21.06.2024 / 23:19) 

Id_327, Gerek bolsa öwrenerdim,öwrenmedik bolsam znaçit gerek däldir.Bilmeýän zadymy saňa näme üçin düşündirjek bolaýyn?gerekmi?Ýene gaýtalarn şol sözi:"Men doly terjime etmedim öz sözümden goşdum"Boldumy?


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 23:24) 

rexha, şonuňam ogurlyk bolýar.
Sen bilmeýän bolsaň men bilýän şony! Eden zadyň ýalňyşlykdygyny düşündirjek bolýan men saňa! Biderek ýere jedelleşip ýa seň bilen eňekleşip oturmaryna eger özüm bir zat bilmeýän bolsam ýa-da edýän zadyň ýalňyşdygyny düşüdirjek bolmaryna...
Awtorlyk hukugynda bar zat şol. "Biriniň eserini tutuşlugyna ogurlanda bul eser ogurlugy bolýar" diýilenok! Şol biriniň eserinden "ýekeje gylyny alsaň bul eser ogurlugy bolýar" diýýär

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)

Aÿyplaşma!!!


Täsirli, duýguly goşgy eken. Galamyň ýiti bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Gulmahrem (Şugün, 09:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика