Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Zehin : MÄHIR GÖZDE - AKYL SÖZDE

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Abdyrahym han)
 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 14:43

ABDYRAHYM HAN

Belent mertebeli kakasy Baýram han ýaly hanlaryň hany diýen hormatly ada eýe bolan Abdyrahym Rahymy meşhur şahyr, alym, serkerde diplomat hökmünde hem tanalypdyr. Ol Beýik Mogollaryň üçünji hökümdary Ekber şanyň ýakyn egindeşidir. Abdyrahym han 964-nji hijri (1556-njy milady) ýylynyň sapar aýynyň onunda. çarşenbe güni Hindistanda eneden doglupdyr. Bäş ýaşynda atadan galypdyr. 1561-nji ýylda Baýram han öldürilenden soň, Ekber onuň dul galan aýaly Selime Soltan begime öýlenýer hem-de ýaşajyk Abdyrahyma hossarlyk edýär. Abdyrahymyň ejesi Selime Soltan begimiň özi hem Mahfy edebi lakamy bilen şygyrlar ýazypdyr. Ýaş oglany birnäçe ýylyň dowamynda Baýram hanyň dostlary – türkmenler, hindiler terbiýeläpdirler. Ekberiň görkezmesi boýunça tiz wagtdan Abdyrahymy Ahmedabatdan Agra geçirýärler. Şeýlelik bilen, kiçijik Abdyrahym Mogollar köşgüne düşýär, şol ýerde ymykly bilim alýar. Abdyrahymy terbiýelemek işi bilen diňe bir musulman alymlary däl, eýsem onuň aňyna bütin Hindistana söýgi duýgusyny ornaşdyran hindi panditleri (alymlar) hem meşgullanypdyrlar. Abdyrahym arap, pars, hindi, urdu, türkmen dillerini oňat öwrenipdir. Bu dillerde ajaýyp şygyrlar döredipdir. Esasanam ol hindi dilindäki edebiýatda genial şahyr diýen şöhrata eýe bolupdyr. Abdyrahym Hindistanyň görnükli şahyrlary Tiýasy Dasyň we Sur Dasyň döwürdeşi bolupdyr. Ony bu şahyrlar bilen mizemez dostluk baglanyşdyrypdyr. Abdyrahym örän tanymal, meşhur we baý adam bolany üçin ol şahyrlara her bir jähetden kömek edipdir. Hindi edebiýatynda Abdyrahymyň şöhraty ägirt uly bolupdyr. Hindi adymlarynyň kän sanly işleri onuň hindi dilindäki poeziýasyna bagyşlanypdyr. Abdyrahymyň hindi dilindäki «Madanaştak» («Biçak joşgunly duýgular hakyndaky şygyrlar»), «Ras pançahýan» («Krişnanyň horunys bäş aýdymy») ýaly çeper eserleri şu güne çenli Hindistanda uly şöhrata eýe bolup gelýär. Onuň pars, türkmen dillerindäki eserleri öz ýaşan döwründe hem, ondan soň hem neşir edilmändir, öwrenilmändir, toplanylmandyr. Abdyrahymyň pars, türkmen dillerindäki şygyrlary onuň hindi dilindäki poetik mirasynyň ujypsyz bölegi bolup durýar. Abdyrahym öz döwrüniň meşhur adamlarynyň köpusi bilen turki dilde hatlar ýazyşypdyr. Onuň döwürdeş adamlaryna iberen şol hatlarynyň nusgalary hindi hronikasynda, esasan hem şahyryň ömür ýazgysyny ýöreden Abdylbaky Nahowandynyň hronikasynda saklanyp galypdyr. Iberilen şol hatlar türki dilde şygyr ýazan dürli awtorlara degişli şahyrana bentlerden doly bolupdyr. Ol Zahyretdin Muhammet Babyryň pars dilindäki «Babyrnama» atly meşhur işini terjime edipdir. Abdyrahym 1622-nji (milady) ýylda aradan çykypdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


165

6

1

2

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 Aurora [off]
  Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.
 22.06.2024 / 17:26

+0

Yetirip dur

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика