Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Perman : Nädogry jogap eştmeklik islemeseñiz soragy dogry beriñ !

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adalat (aýdyşyk goşgy)
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
 21.06.2024 / 17:34
 Raionymyn ovadanjasylai_nx


Adalat (aýdyşyk gosgy)

Jumamyrat Annamyradow:

Ey Allahym nähilidir bu durmus ?!
Aydyn dostlar hany bärde adalat?
Bu dünyede ynam asla yok bolmus.
Aydyn dostlar hany bärde adalat?


Gerceknazar Amannazarow :

Allanyn elinde bolar bu durmus.
Allanyn elinde bolar adalat.
Ynamsyza ynam asla yok bolmus.
Aytsam jogap ine bärde adalat.


Jumamyrat Annamyradow:

Köp adam baý,köp adamlar garypdyr,
Köp adamlar baryp ýatan göripdir
Köp adamlar bahyllyga ýüz uran,
Aýdyň dostlar hany bärde adalat?!


Gerçeknazar Amannazarow :

Kanagatsyz bay , kanagatly garypdyr.
Bahyllaram sol baylara göripdir.
Yöne hemmesini Alla görüp dur.
Aytsam jogap ine bärde adalat.

Jumamyrat Annamyradow:

Ýaşlykdan dost bolup ýören ynsanlar, Wagt geçipdir duşman bolup nadanlar,
Sebäp nedir beýle bolup adamlar,
Aýdyň dostlar hany bärde adalat?!

Gerçeknazar Amannazarow :

Ýaşlykda ýaş bolup dostsyrayanlar.
Wagt gecip ahyry dusman bolyarlar.
Gynansaňam şeýle bolyar nadanlar.
Aýtsam jogap ine bärde adalat.

Jumamyrat Annamyradow:

Ýürekler her gün gussa sazyn çalýar,
Göwünler her gün gaýgy sazyn çalýar,
Nämeden bular gaýgy-gama batýar,
Aýdyň dostlar hany bärde adalat?!

Gerçeknazar Amannazarow :

Käbir yürek gussa sazyny çalyar.
Köp göwünler mydam gaygyly bolyar.
Sebäbini seytan alyndan göryän.
Aytsam jogap ine bärde adalat.

Jumamyrat Annamyradow:

Gyzlarmyz öýümiziň bezegidir,
Gyzlarmyz ar-namysyň ojagydyr,
Ýigitlermiz bu zatlara garşydyr,
Aýdyň dostlar hany bärde adalat?!


Gerçeknazar Amannazarow :

Zenanlarmyz öyümizin bezegi.
Zenanlarmyz ojagmyzyn diregi.
Namart yigit bilmez zenan gadryny.
Aytsam jogap ine bärde adalat.

Jumamyrat Annamyradow:

Biz hemişe adalata ymtylýas,
Biz hemişe adalata sygynýas,
Näme üçin adalaty goldaýas,
Aýdyň dostlar hany bärde adalat?!

Gerçeknazar Amannazarow :

Adalatdyr hakykatyn cesmesi.
Adalatdyr hakyn haka düsmesi
Millet mydam adalatyn tesnesi.
Aytsam jogap ine bärde adalat.


Gerçeknazar Amannazarow
Jumamyrat Annamyradow


224

16

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi...
 21.06.2024 / 17:37

+0

Haladymai shunyaljak yetirip dur


Gytyndan
Aixcam_nx  (21.06.2024 / 17:39) 

Diamante_08, axa like ?

 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 17:42

+0

Jumamyrat (Juma şahyr) agam "zordur ol zordur"
Yhlasa edýär özä


Gytyndan
Aixcam_nx  (21.06.2024 / 17:43) 

Id_327, hmmm


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 17:47) 

Aixcam_nx, näme hmmm?


Premium
Belki  (22.06.2024 / 10:44) 

Id_327, jumaşahyrçylyk diýip akym başlady saýasynda


Täzeje
Id_327  (22.06.2024 / 11:59) 

Belki, şol akyma nädip goşuljagymy bilmän ýörün bir goşulsamda diýen arzuwym bar


Premium
Belki  (22.06.2024 / 12:00) 

Id_327, ow onda ha galyp gidersin bizem suyraweri galsan


Täzeje
Id_327  (22.06.2024 / 12:05) 

Belki,

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 21.06.2024 / 23:00

+0

mnm haladm gowy goshgy eken


Gytyndan
Aixcam_nx  (21.06.2024 / 23:36) 

Yekejelai, sps

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 22.06.2024 / 08:29

+2

Ylahy adalat diýlen zat ýok. "Ylahy adalat" diýip atlandyrýan zatlarymyz bar.

Adalat din bilen baglanyşykly bir ulgam hem däl. Din (ähli dinler) diňe öz öňe süren düzgün-kadalarynyň ahlaklydygyny, adalatlydygyny ykrar edip, onuň daşyndaky ähli zady adalatsyz hasaplaýar, şol sebäpli din obýektiw bir adalat berip bilmeýär. Mysal üçin Ýewropadaky, Afrikadaky, Ýakyn Gündogardaky, Amerikadaky bolup geçýän hadysalardan habaryňyz bar bolsa, şuwagt diniň adalaty däl-de, köp ýerde adalatsyzlygy getirýändigini (gynansakda) görmek bolýar. Ýa-da edil düýnjek, Täjigistan hijab dakmagy, sakal ösdürmegi, gurbanlygy gutlamagy gadagan etdi. Hijaby "milli geýim-gejime ters" diýip gadagan etdi, satmak hem gadagan. Näme üçin meselem? Sebäbini gözläp görüň. Gazagystanyň öňki prezidenti "biz gyzlarymyzy ýapmarys okadarys, biz arap däl, türk" diýip, Gazagystan hem hijaby gadagan etdi. Näme üçin?

Ikinjiden, adalatyň bolmagy üçin, şertleriň amatly bolmagy möhüm, sebäbi adalat şertler amatly bolanda ýüze çykýan zatdan başga zat däldir.

"Adalat özünden hiç bir wagt dörän däldir. Bütin hukuk haýsam bolsa bir ýerde we haýsam bolsa bir wagtda, jemgyýetiň içinde, erbetlik etmezlik we erbetlik görmezlik üçin edilen bir şertnamadan başga zat däldir. (Epikur)

Şunam aýdyp galaýyn, dünýä ullakan bir betbatgçylyga tarap barýar we adalat soňky 20 ýylda gaty erbet bozuldy, has dogrusy dünýäde şuwagt adalatsyzlyk höküm sürýär. Meniň pikirimçe uruşlar ýakyn.


Täzeje
 (22.06.2024 / 10:21) 

Muawiye, uruşlar ýakyn doýen sòzùñe-hà goşulýan.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика