Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Men bir erkek adamy soydum!-Sen name dimekci bolyan?!-Sen hemise sol erkekligine galmalysyn!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Arapmuhammet han)
 Täzeje
 Id_327 [off]
 22.06.2024 / 16:40

ARAPMUHAMMET HAN

Arapmuhammet han 1602-1621-nji ýyllarda Hywada hanlyk edipdir. Ol ilki Durunyň hökümdary, kakasy Hajymuhammet han ölenden soň, bütin Hywanyň hany bolýar. Onuň höküm süren döwründe Horezmde gazaply. gandöküşikli feodalçylyk uruşlary bolupdyr. Şol uruşlara türkmen han-begleri we taýpalary köpçülikleýin gatnaşypdyrlar. Ol uruşlar Horezmi we bütin Orta Aziýany Rus döwleti bilen baglanyşdyrýan söwda ýollaryny, ýer-suwy, syýasy häkimiýeti eýelemek maksady bilen alnyp barlypdyr. Arapmuhammet han halkyň suwa bolan mätäçligini ýeňilleşdirmek üçin 1602-nji ýylda Amyderýanyň aşak akymynda, Nöküsiň demirgazyk tarapynda uly kanal gurdurypdyr. Emma bu hem suw ugrundaky göreşi gowşadyp bilmändir, suw gytçylygyny kanagatlandyrmandyr. Arapmuhammet han döwründe Horezmde ilki türkmen han-begleri agalyk ediji ýagdaýy eýeläpdirler, emma soňra birwagtlar bu ýerden göçüp giden goňratly, maňňytly özbek taýpalary we başgalar Horezme gaýdyp gelipdirler. Şol taýpalaryň han-begleri özleriniň ozalky agalyk ediji ýagdaýyny eýelemek ugrunda dawa edip başlapdyrlar. Arapmuhammet han olaryň talaplaryny kanagatlandyrmandyr. Şoňa görä-de, naýmanlar we uýgurlar Arapmuhammet hana garşy bolupdyr. Arapmuhammet hanyň ogullary Hebeş we Ilbars bolsa şolara daýanyp, öz kakasyna garşy çykypdyr, ony tagtyndan agdarypdyr hem-de gözüni oýupdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


154

15

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Aurora [off]
  Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.
 22.06.2024 / 17:28

+0

Gowy eken


Gytyndan
Aixcam_nx  (24.06.2024 / 00:17) 

Aurora, senem acmalyda acjak dien mowzugyny

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 22.06.2024 / 18:27

+0

Mlds

 Täzeje
 Id_327 [off]
 22.06.2024 / 18:27

+0

Basyň düzeläýmäň

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 23.06.2024 / 21:56

+0

Taryh barada kan zat bilemok yone owrenseň öran gyzykly bolmaly


Täzeje
 (23.06.2024 / 22:04) 

Aynabat, howwa gyzykly

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

"Haýyrlysy bolsun" #Part1


Gurhany Kerimde «Siz bir zady halamaýarsyňyz, ýöne ol siz üçin haýyrlydyr» diýilýär. (Birgün wagtyň geçmegi bilen haýyrlysy bolanyna gowy göz...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Haýyrlysy bolsun" #Part1
Pearl (Şugün, 14:46)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

"Haýyrlysy bolsun" #Part1


Hayyrlysy bolsun sozi adamlar oz-ozuni kosheshdirmek ucin ya-da oz-ozuni aldamak ucin tapadylar....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Haýyrlysy bolsun" #Part1
Boniya (Şugün, 14:11)

"Haýyrlysy bolsun" #Part1


Elimizden hiç zat gelmedikçe haýyrlysy bolsun diýýäs...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Haýyrlysy bolsun" #Part1
Maleficent (Şugün, 13:32)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)

Aÿyplaşma!!!


Täsirli, duýguly goşgy eken. Galamyň ýiti bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Gulmahrem (Şugün, 09:15)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Durmuşda bar zatlar bu ýagdaýlar; gabat gelýä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Orazjan (Şugün, 08:30)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика