Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Nesip : Söýgä düşünýänem ýok, düşünmeýänem.:@nesip

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ejemjen sen hakda
Premium
 BAYOGUL [on]
 22.06.2024 / 19:21
 Yurekdesh.ru

Salam, eje! Bu gün saňa bagyşlap bir zatlar ýazaýyn diýip galam-kagyza ýapyşdym. Esli salym saňa - mähribanyma näme ýazsamkam diýip oýlanyp oturdym...
Eje! Seniň maňa bolan mähir-muhabbetiň meniň ömür bossanymyň güneşi. Başujumda oturan gijeleriň diňe seniň gijeleriňdi. Men heniz gundagly bäbekkäm, sen meniň bilen gürleşýärdiň, eje!
Özümiň köňül dünýäme ser salsam, ähli ýerde seniň eken gülleriňi görýän. Gaharyňy getiren mahallarym, dözmeseň hem, ýüregiň para-para bolsa-da, maňa käýýän bolardyň. Men - garagol bolsa, eýderdim-beýderdim, barybir ýene-de baryp özümi seniň mährem gujagyňa oklardym...
Kakam temmi berjek bolsa, sen meniň gorag gala:mdyň.
"Degmesene! Indi gaýdyp gaýtalamaz-la!" - diýip, meniň tarapymy tutardyň.
Seniň päkize ýüregiňden syzylyp çykan şol sözleriň hatyrasyna men ýaramaz endiklerimiň hem köpüsinden saplanypdym.
Ýadyňa düşýän bolsa, men Begençleriň aýnalaryny döwüpdim. Şonda kakam maňa mazaly temmi berdi. Uzynly gije burçda duruzdy. Sen şonda:
"Kakaň mugallym. Il-gün näme diýer? Bu öz ogluny terbiýeläp bilmeýän halyna, iliň çagasyny okadan bolup ýör diýerler, oglum! Men senden bular ýaly zada garaşmaýardym..." - diýipdiň. Henizler hem şol aýdan sözleriň gulagymda ýaňlanyp dur, eje!
Men onsoň kakamdan gorkyma däl-de, diňe seniň şol sözleriň hatyrasyna, şondan soň hiç haçan bu hereketimi etmedim...
Aradan aý aýlanyp, ýyllar geçdi...
...Maňa bolsa ýene-de bir gezek talyp bolmak bagty nesip etdi. Men indi öňki oýunlaryndan soň, durmuşyň nämedigine göz ýetirip ugradym... Ýagşy bilen ýamany, ak bilen garany, köçä, suw içen guýyma tüýkürmeli däldigimi sen öwredipdiň maňa, mähribanym! "Hemme ýerde perişdeler bar, sen nädip olaryň üstüne tüýkürip biljek?!" - diýipdiň heniz çagajykkam. Edep-ekramy senden öwrendim. Ikimiz bileje oturyp, heziller edip kitap okardyk. Sen söýdürdiň maňa kitap okamagy. Sen maňa kitap okamagy däl-de, ynsanlary, ähli janly-jandarlary, gül-gunçaly ene topragy... söýmegi-de öwredipdiň...
Meni şu günlere getiren seniň päkize kalbyňdy, eje!..
Men seni söýýän! Çagakamam söýdüm, şu wagtam söýýän, indem söýerin!!!


167

8

2

4

0

0

4
Teswirler:
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 23.06.2024 / 21:06

+0

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 25.06.2024 / 14:20

+0

haladm

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)


Adam islendik zada çyn ýürekden garaşýar. Emma ol bolmasa, ruhy ýykylma döreýär. Şonda “Haýyrlysy bolsun” diýmek bilen biz oňa teselli berýäris w...dowamy...
Erkin mowzuklar |
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:02)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)


Gurhany Kerimde «Siz bir zady halamaýarsyňyz, ýöne ol siz üçin haýyrlydyr» diýilýär. (Birgün wagtyň geçmegi bilen haýyrlysy bolanyna gowy göz...dowamy...
Erkin mowzuklar |
Pearl (Şugün, 14:46)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)


Hayyrlysy bolsun sozi adamlar oz-ozuni kosheshdirmek ucin ya-da oz-ozuni aldamak ucin tapadylar....dowamy...
Erkin mowzuklar |
Boniya (Şugün, 14:11)


Elimizden hiç zat gelmedikçe haýyrlysy bolsun diýýäs...dowamy...
Erkin mowzuklar |
Maleficent (Şugün, 13:32)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика