Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Ony hiç görmezlik başga biribilen göreniñden gowudyr.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Diñe söýgi hakynda..)
 Öwreniji
 Miss_minnosh [off]
 24.06.2024 / 04:15
 Armandan kän puşmanym...

Oglan gyzy ýüreginden arzuwlap söýýärdi, gyzyñam her minudynyñ manysyny diñe şol oglan tutýardy! Olar bir-birini ýüreginden söýýärdiler.
Durmuşynyñ ýekeje gününi birek-bireksiz geçirip bilenokdylar. Bir gün bolsa oglan gyzyñ garyndaşlaryndan öz mähreminiñ agyr derde uçranyny bilýär! Gyzyñ ýüreginde kemçilik bar eken, oña ýaşamaga üç aýa golaý wagt galandygyny aýdýarlar. Gyzy diñe bir usul bilen bejerip bolýardy. Ol hem başga ýürek goýmalydy. Ýöne bu az wagtda nireden täze ýürek tapjak?! Özem donorlaryñ ýüregi üçin ondan başga-da müñlerçe ýarawsyz adamlar kösenýärdiler we garashýardylar. Gyz öz ölümini boýnuna alyp ýaşap başlaýar. Ýöne oglana aýdyp bilmeýärdi. Çünki ony gynandyrasy gelmeýärdi. Ol öz içinden soñkuja günlerinem bolsa, diñe şonuñ mährinden ganyp ýashajak, galanja ömrümi diñe shoña bagş etjek diýip pikir edýärdi. Ýöne, ynha, gyzyñ bir jorasy oglanyñ ýanynda bu zatlary dilinden sypdyrýar. Oglan şol bada gyzyñ ýanyna barýar. İki sany goşa gumra meñzäp duran aşyklar gujaklaşyp zaryn-zaryn aglaýarlar. Olar biri-birisiz nädip ýaşasynlar?! Oglan bärde ýalñyz, gyz bolsa añyrda! Bir-iki günden birdenem olaryñ durmuşyna ýagtylyk aralaşdy duruberdi, gyza onuñ üçin ýürek tapylany aýdyldy. Oglan bilen gyz muña uçaýjak bolup begendiler. Dünýäniñ içi söýgüden dolup giden ýaly boldy. Haýal etman gyzy hassahana ýerleshdirdiler we operasiýa etdiler. Operasiýa şowly geçdi, gyz gözlerini açan badyna oglany sorady. Ýöne daş-töweregindäki adamlar onuñ gelmändigini aýtdylar. İkinji günem oglandan habar bolmady. Ýöne onuñ adyndan gyza ak bägüller geldi. Gyz muña gaty begendi. Oglan şu wagt gyz bilen görüşip bilmeýändigini hatynda ýazýardy we soñuny "Ezizim, seniñ şu dünýäde ýaşap, dem alyp ýöreniñ meñ üçin iñ uly bagt!" diýip ýazýardy. Gyz muña gaty ruhlandy we geljekde öz söýen ýary bilen neneñsi bagtly boljakdygyny göz öñüne getirip wagtyndanam öñ gutuldy. Bir aý töweregi wagt geçdi, oglandan habar bolmasa-da gül bilen hatlar gelip durdy. Gyz hassahanadan çykdy. Öýlerine gelensoñ oglana jañ etdi. Ýöne onuñ eli öçükdi. Şol günüñ gijesem gyza ak bägüller bilen hat geldi. Hatda sheýle sözler bardy: Mähribanym, gutulansyñ diýip umyt edýän! Meñ üçin edil şu wagt ýekeje gezek ýylgyrsana! Bolsana, näziñi çekdirme-de, meñ üçin ýekeje gezek...! Ynha-da, sen ýylgyrdyñ! Men bagtly! Gaty bagtly, gülüm! Ýöne señ üçin bir habarym bar. Meni bagyşla, biz indi hiç-haçan görüşip bilmeris. Men bu gülleri hatlarym bilen bile saña her gün ugratmagyny dostumdan haýyş etdim. Mähribanym, men seni söýýän! Şunça wagtlap görüşip bilmesegem, men hemişe seniñ ýanyñdadym. Çünki seniñ içiñde meñ ýüregim urýar ahyryn...! Bagyşla..! Men seniñ bütin ömrüñ asmanda goragyñ bolaryn...! Meni bagyşla men seni söýýän...

Maksat Saryýew.


139

11

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 24.06.2024 / 04:22

+0

Daňa golaý beýdibem beýtme ana gynannym innni dislike basşak şoňçün


Öwreniji
EjegyzS  (24.06.2024 / 10:20) 

Agzamen, ?✅


Öwreniji
Miss_minnosh  (24.06.2024 / 21:26) 

Agzamen, ýerçeken adambolmangeçersiñwara

 Premium
 мэdiнaм [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 24.06.2024 / 09:53

+0

Gyz nahili bolupdyr soň ozunden gidipdirmi aglaapdyrmy name bolupdyr bashga birine barypdyrmy....gyzykly sho yeri

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

"Haýyrlysy bolsun" #Part1


Hayyrlysy bolsun sozi adamlar oz-ozuni kosheshdirmek ucin ya-da oz-ozuni aldamak ucin tapadylar....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Haýyrlysy bolsun" #Part1
Boniya (Şugün, 14:11)

"Haýyrlysy bolsun" #Part1


Elimizden hiç zat gelmedikçe haýyrlysy bolsun diýýäs...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Haýyrlysy bolsun" #Part1
Maleficent (Şugün, 13:32)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)

Aÿyplaşma!!!


Täsirli, duýguly goşgy eken. Galamyň ýiti bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Gulmahrem (Şugün, 09:15)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Durmuşda bar zatlar bu ýagdaýlar; gabat gelýä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Orazjan (Şugün, 08:30)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Salgysy nirede muñ...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Счастья (Şugün, 08:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика