Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň Niderlandlar ― Fransiýa duşuşygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy göründi. Leýpsig şäherinde geçirilen we 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşyga mawy ýaýlym arkaly tomaşa eden janköýerler garşydaş münberiň öň hataryndaky türkmen baýdagyna birnäçe ýola gabat geldiler.
Bu duşuşyk şu ýaryşyň dowamynda derwezelere gol geçirilmedik ilkinji duşuşyk boldy. Hatda, 69-njy minutda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň derwezesinden geçirilen gol ofsaýt sebäbi bilen hasap edilmedi.
«D» toparçada her biri 4 utuk toplap bilen Niderlandlar bilen Fransiýa ýaryş tertibiniň başyny çekýär. 3 utukly Awstriýa üçünji, utuk toplap bilmedik Polşa bolsa soňky orunda. Toparçanyň 25-nji iýunda geçiriljek jemleýji duşuşyklarynda Fransiýa Polşa bile, Niderlandlar bolsa Awstriýa bilen güýç synanyşar.
Çeşme turkmenportal.com
Adam islendik zada çyn ýürekden garaşýar. Emma ol bolmasa, ruhy ýykylma döreýär. Şonda “Haýyrlysy bolsun” diýmek bilen biz oňa teselli berýäris w...dowamy...
Gurhany Kerimde «Siz bir zady halamaýarsyňyz, ýöne ol siz üçin haýyrlydyr» diýilýär. (Birgün wagtyň geçmegi bilen haýyrlysy bolanyna gowy göz...dowamy...