Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Daniel : Din bu durmuş synagynyň çözgüdidir

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dosta wepelylyk- asal hasyet
 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
 25.06.2024 / 01:28
 Allahym bir gun gowusudurar M❤😥

«Dostluk» düşünjesi irki wagtdan bäri jemgyýetçilik durmuşynda giň ýaýran düşünjeleriň biridir. Birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň we berkitmegiň möhüm ýoly hem dosta wepalylykdyr. Dostlugy berkidýän zatlaryň biri-de onuň bilen gylyk-häsiýetiň deň gelmegidir. Eger dostuň bilen häsiýetiň gabat gelmese, onda beýle dostluk uzaga gitmeýär. Ynsan ogly gamgyn gününde, kyn pursada duçar bolanda dosta mätäç bolýar, onuň göwünlik beriji sözlerine garaşýar. Şeýle ýagdaýlarda «Dost başyňa kyn iş düşende tanalar» diýlen aýtgynyň asyl manysy örboýuna galýar. Çyn dost adama kyn gününde kömek-goltgy berip, onuň derdini deň çekişýär. Şonda dostuň hoşamaý hem göwünlik beriji sözleri derdi egisýär. Türkmen edebiýatynda ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem dostluk babatda gymmatly pikirler, manyly jümleler, ajaýyp setirler giňişleýin berilýär. Ynsan özüni alyp barşyndaky, gylyk-häsiýetindäki kemter gaýdýan ýerlerini dostundan alýar. «Dost dostuň aýnasy» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar.
Käte biz töweregimizdäki ýakyndan gatnaşyk edýän adamlarymyzyň ählisini öz dostudyr öýdýär. Aslynda tanyşlyk bilen dostluk diýen düşünjeler bir-birinden düýpgöter başgaça bolan düşünjelerdir. Türkmençilikde dosta wepaly bolmazlyk ýa-da onuň saňa ynam bildiren syryny paş etmeklik erbet häsiýetler hökmünde bilinýär. «Ýigidi dostundan tana» diýlişi ýaly, özüňe mynasyp, seniň özüňi alyp barşyňa, pikirleriňe düşünýän we hormat goýýan adamy dost tutunmagy başarmak möhümdir. Halkymyzda «Seni öwýänleriň hemmesi dostuň däldir, seni ýamanlanyň hemmesi duşmanyň däldir» diýen aýtgy hem bar. Çyn dost ähli döwürlerde hem tapylgysyz hazynadyr, şeýle dostlar ynsan ömrüniň bezegidir. Şonuň üçin bize dostlukly göz bilen garaýan adamlaryň gadyryny bilmek, olara hormat goýmak, kömek etmek, olar bilen mähriban bolmak asylly häsiýetler hasaplanylýar. Söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesow şeýle belleýär:

Dost paýlansa, äber diýip gyssanma,
Alaňdan soň gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse, gözleriňem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git.

Ynsanperwerligiň, halallygyň, bagtyýarlygyň hem ruhubelentligiň durmuşymyza ýalkym saçýan döwründe dostluga wepaly, lebzine ygrarly, çyn dostlar ýar bolsun!


Azat AMANSÄHEDOW


138

11

0

1

0

0

4
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söhbet kakañ ýaşlygyndan


Öňler gülûp okayadym. Hazirem tasirini gaçyranok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söhbet kakañ ýaşlygyndan
FanB (Şugün, 15:40)

Ilki bilen Salam


Hoş geldin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Aixcam_nx (Şugün, 15:26)

Ilki bilen Salam


Hoş geldiñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Miss_minnosh (Şugün, 12:51)

Enäniň şanyna


Şu goşgyny ýatdan bilmeýänem barmyka 😊...dowamy...
Umumy | Enäniň şanyna
Gulmahrem (Şugün, 12:04)

Ilki bilen Salam


Salam, gowmy sen, hoş geldiň dosoglan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Khanture00 (Şugün, 11:07)

Ilki bilen Salam


Salam. Men hem edil şolar ýaly talyplarda kän mowzuk açamokdym. Aÿda 2 gezek ýa açýan, ýa-da açamokdym. Hoș geldińiz)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Аджап (Şugün, 10:20)

Ilki bilen Salam


Salam! Hoş geldiň....!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Orazjan (Şugün, 09:24)

Ilki bilen Salam


Ohow futbol barada gyzyklyja mowzuklary yagdyr oňkiň yaly talyplarda goryadim tanyșma mumkinçiligima bolmady wn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Bezzat (Şugün, 08:07)

Ilki bilen Salam


Bu saytda hemme zat pula durýandyr ýöne, ýa da bal-a.😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:44)

Ilki bilen Salam


Isleneninem islenen.ru wagty gideninmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:42)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика