Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Baýram han)
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
 25.06.2024 / 12:55
 ☪️🇹🇲

BAÝRAM HAN


Türkmenleriň baharly kabylasyndan bolan Muhammet Baýram han, takmynan, 1500-1505-nji ýyllarda Badahşanda dogulýar. Ol harby serkerde, döwlet işgäri, filosof, sazanda hem şahyr bolupdyr. Onuň ata-babalary 15-nji asyrda Günbatar Eýranda, Azerbaýjanyň günorta taraplarynda uly döwlet guran garagoýunly türkmenlerden bolup, hökümet gullugynda, harby işlerde edermenlik görkezen adamlar eken. Baýram hanyň babasy Şiraly beg Hyratda häkimlik eden Soltan Hüseýin Baýkaranyň (14711506) köşgünde hem hyzmat edipdir. Baýram hanyň kakasy Seýfaly beg Gaznada gubernatorlyk wezipesini alyp barypdyr. Ol Ýakyn Gündogarda ady belli taryhçy Mürze Jahan şanyň neslinden bolup, Hindistandaky Mogol imperiýasynyň baştutany Babyr bilen ýakyn gatnaşyk saklap, onuň goldawyndan peýdalanypdyr. Baýram han 16-njy asyryň başlarynda Balh, Badahşan sebitlerine göçüp baran Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inipdir, başlangyç bilimi hem harby hünärleri şol ýerde alypdyr. Balhyň iň güýçli alymlary oňa sapak beripdir. Baýram hanyň ylma we sungata bolan söýgüsi onuň harby serkerde bolandygyna garamazdan, ömrüniň ahyryna çenli saklanypdyr. Balhda pars we arap dillerini düýpli öwrenýär. Şol döwrüň okuw programmasynda goşgy düzmekligiň aruz formasyna esasy orun berlipdir. Baýram han hem aruz formasyüda goşgy düzen belli şahyrlaryň biridir. Ol orta boýly, bugdaý reňk, on iki süňňi ýerbe-ýer, mertebeliligi ýüzünden görnüp duran, peşeneli adam bolupdyr. Aýratyn çalasynlygy bilen illeri haýran galdyrypdyr, öz ata-babalarynyň kesp-käri bolan çapyksuwarlyk, gylyç oýnatmak, naýza sançmak, ok atmak ýaly birnäçe harby hünärleri ezberlik bilen özleşdiripdir. Baýram han on alty ýaşynda Humaýunyň goşunyna meýletin girýär. Goşunda ol çäksiz batyrlygy, dogumlylygy, düşbüligi, harby taýdan ugurtapyjylygy bilen tapawutlanýar. Hatda bir ýyl geçmänke, ol şazada Humaýunyň ýakyn egindeşleriniň biri we geňeşçisi bolýar. Baýram han ilki şa Ysmaýyl Hataýynyň (1487-1524), soňra Mogollar dinastiýasyny esaslandyran Muhammet Babyryň (1483-1530) goşun serkerdesi bolýar. Babyr ölenden soň, onuň ogly Humaýun (150856) imperator (1530-56) bolýar. Humaýunyň häkimlige geçen döwri Beýik Mogol imperýýasynyň gowşan döwrüne gabat gelýär. Mogol imperatory Humaýun bilen onuň doganlary Mürze Eskeriniň, Kamrad Mürzäniň, Mürze Hindalyň tagt üstündäki dawalary sebäpli Mogol imperiýasy dargaýar. 1539-njy ýylda Mogollaryň howply duşmany, owgan taýpasynyň sury tiresinden bolan Şir şa özüni imperator diýip yglan edýär. Humaýun ondan gaçyp gidýär. Baýram han Humaýunyň bähbidine güýçli diplomatik işler alyp barýar. Humaýun Baýram hanyň maslahaty bilen Babyryň mirasdüşeri, Eýran şasy Tahmaspdan harby kömek soraýar. Eýran şasy harby kömek berýär. Eýran goşunynyň kömegi, Mogollaryň edermenligi we owgan serdarlarynyň arasyndaky dawanyň Mogol goşun serkerdesi Baýram han tarapyndan oňat peýdalanylmagy netijesinde Demirgazyk Hindistanda Beýik Mogol imperiýasy gaýtadan dikeldilýär. Baýram han imperator Humaýunyň ähli ýörişlerine we diplomatik işlerine gatnaşýar, imperatoryň ýanynda uly wezipe eýeleýär hem-de onuň hakyky dosty bolýar.
Humaýun Baýram hanyň döwlet derejesindeki akyl-paýhasyna uly baha beripdir we öz aralaryndaky dostlugy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir. Baýram han hem özüniň Humaýuna wepalylygyny ençeme gezek subut edipdir. 1540-njy ýylda Kannawujyň etegindäki uruşda Baýram han Mogol goşunynyň awangardyna komandirlik edýär we Şir şanyň goşuny bilen bolan söweşde ýesir düşýär. Şol wagtlar batyr, harby serkerde Baýram hanyň şöhraty, at-owazasy eýýäm owgan ýurduna hem ýaýran eken. Şir şa her edip, hesip edip ol batyr türkmeni öz tarapyna yrmak isleýer. Oňa iň ýokary derejeler, ummasyz peşgeşler wada edýär, emma Baýram han Şir şanyň teklibini inkär edýär. Şol aralykda Baýram han bir oňaýyny tapyp, Humaýunyň tarapdary, Gwalioryň gubernatory Abul Kasym bilen gaçýar. Şir şa Baýram hanyň gaçandygyny eşidip, omy tutup öldürmegi buýurýar. Gujaratyň ýolunda ol iki gaçgak ýene-de ýesir düşýär. Bu gezek ony Gujaratdan gaýdyp gelýän Şir şanyň ilçisi ýesir alýar. Abul Kasymyň daşky keşbi Baýram hana örän meszeş bolupdyr. Şonda Baýram han öňe çykyp:– Men – Baýram han! Ine, näme etseňiz ediberiň! – diýýär. Onda Abul Kasym öz dostuny halas etmek üçin:
– Ýok, ýok, ol meniň hyzmatkärim, ol öz janyny gurban edip, hojaýynyny azat etmekçi bolýar. Men onuň dogumlylygyna, batyrlygyna we wepalylygyna haýran galýan, ol batyry goýberiň! Men – Baýram han! – diýipdir. Baýram han özüniň Baýram handygyny näçe subut etjek bolsa-da başa barmandyr. Netijede, Baýram han azat bolup, onuň wepaly, batyr dosty Abul Kasym öldürilipdir. Şondan soň Baýram han uzak wagtlap sergezdançylyk edip, Humaýuna ykrarly bolan Gujarat hökümdary Mahmydyň ýurduna barýar. Şeýlelikde, Baýram han iki ýyl geçenden soň özüniň ýolda toplan kiçiräk goşuny bilen Humaýunyň lagerine gaýdyp barýar. 16-njy asyryň ortalarynda Babyryň imperiýasynyň territoriýasy giňelýär. Munda talantly goşun serkerdesi Baýram hanyň hyzmaty uludyr. Baýram hanyň Mogollaryň ösüşlerine goşandy, onuň pähim-paýhasy üçin Mogol imperatory Humaýun Eýram şasy Tahmasp bilen bilelikde Baýram hana şol döwrüň iň ýokary harby derejesi «hanlaryň hany» we ähli türkmen taýpalarynyň aksakgaly diýen tituly berýär. Humaýunyň karary bilen Baýram han Gandaharyň gubernatorlygyna bellenýär. Baýram hanyň Gandahary dolandyrmaga bellenmegine Humaýunyň doganlary Kamran Mürze, Mürze Eskeri, Mürze Hindal garşy bolýarlar we Baýram hana her hili şyltaklar atyp, Humaýuna ýamanlaýarlar, ýöne paýhasly Humaýun beýle zatlara ynanman, ony öz ogly Ekbere atalyk belleýär. Ekber on dört ýaşyna baranda, Mogol imperatory Humaýun aradan çykýar we ýaşajyk Ekber Beýik Mogol imperiýasyna imperator bellenýär (15561605). Ekber on sekiz ýaşyna ýetýänçä, Baýram han Beýik Mogol imperiýasyny Ekberiň ady bilen dolandyrýar. Ekber Baýram hanyň wepalylygyna, pähim-paýhasyna hormat goýupdyr we oňa «Han baba» diýip ýüzlenipdir. Humaýunyň goýup giden wesýetnamasy esasynda Baýram han Babyryň agtygy, şa neberelerinden bolan Selime Soltan begime öýlenipdir we ömrüniň ahyryna çenli Ekberiň agalygy hem baş weziri bolupdyr. Baýram han ynsan üçin möhüm häsiýetlerden söz açyp, her bir ýigide üç sany sypatyň hökmandygyny nygtapdyr: 1. Häkimleriň ýanynda özüňi alyp barmagy başarmaly; 2. Garyp-gasarlaryň göwnünden turup, olara duýgudaşlyk etmeli; 3. Alymlaryň ýanynda aýtjak sözüňi bilip aýtmaly. Baýram hanyň Abdyrahym atly ogly bolýar. Oňa-da «hanlaryň hany» diýen ýokary dereje berlipdir. Ol bäş dilde goşgy düzen uly şahyr bolupdyr. Baýram hany 1561-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Gujaratda Mübärek Lohany diýen haýyn zalymlyk bilen arkasyndan pyçaklap öldürýär. Baýram hanyň diňe bir sany goşgular ýygyndysy ele salnypdyr, şonda onuň pars dilinde ýazan goşgularynyň 1216 setiri, türkmen dilindäki goşgularynyň 718 setiri ýerleşdirilipdir. Onuň türkmen dilindäki goşgularynda geçmişde türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, garagalpak halklary üçin ortalyk bolan çagataý diliniň täsiri duýulýar. Ulanan esasy goşgy for- malary gazal hem rubagydyr. Goşgularynyň agramly bölegi söýgi temasynda, galanlary harby gahrymançylyk we aýry-aýry şahslary taryp edýän şygyrlardyr. Baýram han özüniň döredijiligi, ýadawsyz tagallasy bilen Orta Aziýa, Owganystan, Horasan, Eýran, Hindistan ýaly gadymy Gündogar ýurtlarynda halklaryň medeni hyzmatdaşlygynyň ösmeginde hemde olaryň özara dostlugynyň pugtalanmagynda ägirt uly rol oýnan şahsdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


104

11

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Kadir [off]
  Geyani jinsi belli dal jynsy
 26.06.2024 / 12:13

+0

Muhammet Baýram han namaz okap otyrka arkasyndan pyçaklanypdyr diýip okadym şony. Çynmy ýalanmy ol zatlaryny bilemok toçna welin. Şu wagtam gonamçylygy maşatdan.bolmaly şoň. Yegeni getirýän bolmaly 17 ýyldan soň Maşada gonamçylygyny.


Täzeje
Bahar03  (26.06.2024 / 13:50) 

Kadir, Jellaletdin Menburun ya Soltan Sanjar namaz okayaka arkasyndan hanjarlanyp oldurilya


Täzeje
Kadir  (26.06.2024 / 14:04) 

Bahar03, Ona Soltan Sanjara olar ýalak dälmika diýän. 1153-56 yyllarda oguz türkmenlerine ýesir düşende, kapasan içinde saklanypdyr. Soňam öz serdese Muýýabetdin Aý Aba tarapyndan ýesirlikden boşadylýar. Ýesirlikden boşap kummetine gelip 7 aý geçenden soňam iç gussa keseli zerarly, ýogalýar şeýdip.


Täzeje
Bahar03  (26.06.2024 / 14:59) 

Kadir, Menburun onda


Täzeje
Kadir  (26.06.2024 / 16:34) 

Bahar03, Hawa şol 1230 yylda Alaýetdin Keýkubatyň bilen Mälik al-eşrefiň goşunyndan ýeňilýär. Soňam Hulagu han yzarlap ugraýar. Şeýdibem kürtleň bolýan tarapyna gaçyp gitýa. Soňam 1231 16-awgustynda arkasyndan naýza urulyp öldürilýär.

 Täzeje
 Kadir [off]
  Geyani jinsi belli dal jynsy
 26.06.2024 / 12:19

+0

Baýram hanyň doglan wagtyny 1497/98 diýibemä berýärler köp maglumata. Taryhda ýöne bu diňe çaklama bilen gitýäda.

Ýene bir zada aýdaýyn Muhammet Baýram hany turkmen edebiýatyna getiren goşgularyny. Berdi Kerbabaýew 1962 yylda esli goşgylaryny terjime edipdi


Täzeje
 (26.06.2024 / 13:42) 

Kadir, Sakally Senema taryhdan ylym goraymaly ylmyn barkenowcAp berekella


Täzeje
Kadir  (26.06.2024 / 13:45) 

Мерет, aý ýokla sakgally. Olar ýalam dälä


Täzeje
 (26.06.2024 / 13:45) 

Kadir, bolya bolya gowy umuman

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Deneşdirme


*ýöne goşguçy diýjek boldum...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 21:39)

Konfrensiya gijesi 6


Hezil gitýämi???...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 21:19)

Konfrensiya gijesi 6


Men baryan. Gelin sizem...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 21:15)

Konfrensiya gijesi 6


Goşulýalarmy onsaň?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 21:13)

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Şugün, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика