Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Memories never die #yurekdes
Görüşmek ýokmy
Gytyndan Aixcam_nx [off] 25.06.2024 / 18:43 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Bir-biregiň zaryn çekip ýörmeden
Çykyp gitdi biziň bizar-peteňmiz.
Bizi duşurardan ejiz bu ýyllar,
Diýmek, biderek-dä arzuw edenmiz?!
Indi ikimize görüşmek ýokmy,
Kesişýän ýerinde öwrümli ýoluň?
Hemem mundan beýläk deň bolmalymy,
Seniň bu dünýede barlygyň-ýoguň?
Hoşlaşyk zoguny çalan otly dek,
Gidibermelimi tebsirän günler?
Ot düşensoň oňa gyzgyn demimden,
Seni zol soraýar sensirän günler.
Seni ellem bilen ýok etdimmi ýa?!
Gazaplanýan ýumruklarmy düwýän-de.
Hak aşyklar bir-birinden jydadyr,
Bu şeýle bolmaly ýaly dünýäde.
Söýen kişi ýetýän bolsa myrada,
Hem-ä söýdük, hemem söýüldik mäkäm.
Aýrylmaly boldum senden, ezizim,
Söýgiň lezzetinden ganyp bilmänkäm.
Gynansagam, düşmedi bir küpeden,
Durmuş otlusyna alan petegmiz.
Bir-biregiň zaryn çekip ýörmeden
Çykyp gitdi biziň bizar-peteňmiz.
© MYRATGELDI HALLYÝEW,
Teswirler:
Gytyndan Yekejelai [off] Øzime_dønein? 25.06.2024 / 18:52+0
GytyndanAixcam_nx (25.06.2024 / 18:53) Yekejelai, sps
Soňky teswirler
Ilki bilen Salam
Salam. Men hem edil şolar ýaly talyplarda kän mowzuk açamokdym. Aÿda 2 gezek ýa açýan, ýa-da açamokdym. Hoș geldińiz)...
dowamy...Ilki bilen Salam
Ohow futbol barada gyzyklyja mowzuklary yagdyr oňkiň yaly talyplarda goryadim tanyșma mumkinçiligima bolmady wn...
dowamy...
Ýokaryk