Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Fantom : - Я помню все это, как будто это было вчера. Правда, я не очень хорошо помню, что было вчера.

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Umumy bölüm

Kino sungaty
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
 26.06.2024 / 20:32
 Слава Аллаху.

Kinematografiýanyň düýbüni tutujylar hökmünde doganlar Lui we Ogýust Lyumiýerler hasaplanýar. Olar 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Pariždäky “Grand cafe” kafesinde sessiz, reňksiz ýagny ak-gara görnüşli, dowamlylygy 48 sekunt bolan “L’Arrivée d’un train en gare de La Ciotat” (Otlynyň Lýa Siota stansiýasyna gelmegi) atly dokumental filmi köpçülige görkezýärler. Filmde otlynyň demir ýol menziline gelmegi ekranda janlandyrylýar. Ekranda görkezilen täsinlige – “hereket edýän suratlara” heniz öwrenişmedik tomaşaçylar özlerine tarap gelýän otlyny görüp howsala düşüpdirler.

Ilkinji görkeziliş kafe 33 frank möçberinde girdeji getiripdir we şol günüň ertesi “janly suraty” – kinony görmek isleýän adamlar şol kafeniň agzynda nobata durupdyrlar. Şeýdip kino sungaty öz tomaşaçylaryny ýygnap, ýörgünli bolup başlapdyr. Kinonyň ilkinji görkezilen güni, ýagny, 28-nji dekabr – Halkara kino güni diýip bellenilýär.

Ilkinji düşürilen kinolarda belli bir wakanyň ssenariýasy bolman, onda diňe durmuşda adamlaryň töwereginde bolup geçýän zatlary görkezilipdir. Şol döwrüň teatr wekili – režissýor, aktýor hem prodýusser Georges Jean Melýes teatr sahnasyndaky ýaly dürli wakalary kinoda ulanmaga başlapdyr. Elbetde, kinoda dürli wakalary janlandyrmak üçin diňe bir kamera ýeterlikli däl. Onuň üçin ýörite kino tehnikalar we keşpleri surata düşürmek üçin bina gerek. Melýes öz kinolarynyň aglabasyny 1898-nji ýylda Montreda açylan kino studiýasynda düşüripdir. Ilkinji režissýorlaryň aglabasy asyl käri fotosuratçy ýa-da foto enjamlaryň fabrikalarynyň eýeleri bolupdyrlar. Kinogoýujylar – kinorežissýorlar köptaraplaýyn bolupdyrlar. Melýes hem öz kinolarynda dekorator, režissýor, ssenarist, operator, aktýor ýaly işleri özi ýerine ýetiripdir. Ol 500-e golaý gysga metražly kinolary düşüripdir. Olaryň içinde “Aýa syýahat”, “Bolmajak zatlaryň içinden syýahat”, “Polýusyň eýelenmegi” ýaly kinolary meşhurlyga eýe bolupdyr. Gyzykly wakaly gysga metražly kinolar tomaşaçylaryň güýmenjesine öwrülipdir.

Kinonyň dörän gününden tä geçen asyryň 20-nji ýyllaryna çenli kino sessiz bolupdyr. Şol sebäpli hem bu döwri “sessiz kino” eýýamy diýip atlandyrylýar. Ol wagta çenli kinolaryň dowamlylygy 15-20 minuda çenli ýetirilipdir. Ekranda görkezilýän kinonyň özünde ses bolmasa-da onuň ýany bilen zaldaky kiçiräk orkestriň ýa-da pianistyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde saz goşulypdyr.

Şol eýýamyň iň meşhur we gaýtalanmajak aktýorlarynyň biri, doly ady Çarles Spenser “Çarli” Çaplin, kinoaktýor, kinorežissýor, ssenarist, prodýusser we kompozitor, “Oskar” baýragynyň eýesi, gysgaça Çarli Çaplin diýlip tanalýar. Ol kino sungatynda, kino taryhynda ajaýyp we ýatdan çykmajak keşpleriň birini – sergezdan Çapliniň keşbini döretdi. Onuň oýnan kinolarynda tomaşaçylara kinoda sesiň, sözüň zerurlygy hem bolmandyr.
Internet sahypalaryndan


195

7

3

1

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 27.06.2024 / 09:36

+0

Mlds

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 27.06.2024 / 09:36

+0

Gowy eken

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 27.06.2024 / 09:36

+0

Yetirip dur


Özümiziňki
Jasmin  (27.06.2024 / 11:58) 

BAYOGUL, menem gosulyan mlds jorajgm yetrip dur yenede????

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Test


Onyaly soygi galdymow,senin indi oýune getirenine kayyl bolanaklar nm icin erkeklen sacy duship callt garrayalar,sebabi eltenini iyip on bilenem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Arsi (Şugün, 05:52)

Test


Biz dűnÿă gelende hiç zatsyz geldik. ALLA műñ şűkűr işlerimiz ugruna hem gaty gowi. Nesibeli gűn bardyr őÿlenmegiñem. Esasy zat men ony tanaÿan,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
@menin_dunyam (Şugün, 01:17)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Dushunmeyani uchin zeyrenip yzygider ideg isleyan,nu olam bolanyok shon uchinem sho kishi bozuklygy mende bolya...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:11)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy- mende bolyan yagday...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy -- Bu bozuklykdaky kişiler partnýorynyň özüne düşünmeýänliginden zeýrenip, yzygider ideg isleýänligi we manipulýas...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Aaýal açlykda erkek doklukda özini tanadar aýdyp geçipdirler könelerimiz. Uzak kommmentariýa ýazmagy halamok....dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Garrybay (Şugün, 00:53)

Seniň adyň näme?(3)


meňki P...dowamy...
Erkin mowzuklar | Seniň adyň näme?(3)
Sebap (Şugün, 00:27)

Seniň adyň näme?(3)


Meñki H welin. Guramaçlylykly işleri hic gowy yoredip bilyan daldirin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Seniň adyň näme?(3)
Pechine (Şugün, 00:18)

Seniň adyň näme?(2)


him menkide a bar...dowamy...
Umumy | Seniň adyň näme?(2)
Sebap (Düýn, 23:59)

Yşkyň hyýaly


erbet däl eken...dowamy...
Umumy | Yşkyň hyýaly
Sebap (Düýn, 23:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика