Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeNa_MeLe : Utuldyñmy Gynanma yene Synanş belki utarsyñ!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Ilkinji telewizorlar barada
Premium
 BAYOGUL [1s]
 28.06.2024 / 10:49
 Yurekdesh.ru

1884-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Paul Nipkow mehaniki telewideniýäniň esasyndaky ýeňilräk enjamy – Nipkowyň diskini oýlap tapypdyr. 1907-nji ýylda Dikman ölçegi 3х3 sm, ýigrimi setir ekranly we ýygylygy towlap ulaldylýan 10 kadr/s telepriýomnigi görkezipdir.

1911-nji ýylyň maý aýynda Rus tehniki jemgyýetiniň maslahatynda Rozing ýönekeý geometrik şekilleriň telewizion şekillerine geçişini we olaryň elektron şöhle trubkaly ekranda alnyp görkezilişininiň usullaryny görkezipdir. Geçirilen şekiller gymyldysyz, ýagny hereketsiz bolupdyr. 1918-nji ýylda Adamýan Russiýada ilkinji bolup, telewideniýäniň ösüşinde uly ädim bolan gymyldamaýan gara-ak şekilleri görkezmäge ukyply enjamy ýygnapdyr.

1925-nji ýylda şotland oýlap tapyjysy Jon Loji Berd ilkinji gezek Nipkowyň diskini ulanyp, hereket edýän şekilli telewizion geçirilişi görkezipdir. 1920-nji ýylyň ahyrynda onuň esaslandyran “Baird Corporation” şereketi dünýäde ýeke-täk telewizor öndüriji bolupdyr.

Şekilleri optiki – mehaniki ulgamda ýaýlyma bermek bilen yzygiderli telegepleşik bermek ABŞ-da 1927-nji ýylda, Germaniýada 1929-njy ýylda başlapdyr. Elektron esaslarda ilkinji yzygiderli gepleşik UKW – diapazonynda 1935-nji ýylda Germaniýada, 1936-njy ýylda Angliýada, Italiýada we Fransiýada başlapdyr. Gepleşikleri bildiriş edip, ýaýlyma çykmak 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada başlapdyr.

“Rubin – 401” SSSR-de ilkinji reňkli telewizordyr. (1967). Onuň has köpçülikleýin öndürilen görnüşi “Rubin – 714” 1976-njy ýylda çykarylypdyr. 70 – 80-nji ýyllardan soň gara-ak reňkli telewizorlaryň ornuny ýuwaş-ýuwaşdan reňkli telewizorlar eýeläp başlaýar. 1980-nji ýylyň ahyrynda öňki SSSR-iň ilatynda eýýäm 50 milliondan gowrak reňkli telewizor bardy. Çen bilen 1990-njy ýyllara çenli telewizorlar başdan-aýak kinoskopyň esasynda (elektron şöhle trubkasy) ulanyldy. Ýöne şu döwürde kinoskoplar hem bütinleý kämilleşip, tekiz ekranly telewizorlar öndürilip başlanypdy.

XXI asyryň başynda bolsa, eýýäm suwuk kristallik we plazma ekranly telewizorlar köpçülikleýin öndürilip ugrady. Häzirki zaman telewizorlarynyň ölçegi birnäçe esse uly bolup, örän takyk görkezýär. 2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ilkinji lazer telewizory satuwa çykdy. 2010-njy ýyldan soň, telewizion priýomnikleriň mundan buýanky ösüşinde ýokary takyklykdaky 3D telewizorlar has ileri tutulyp başlandy.


146

5

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 28.06.2024 / 16:22

+0

dogry öňkidenem beter ösyar inda

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Birwagtlar Nowçany ýaňsylap ýazylan mowzukdy. Ýalňyşmasam @Garagujik agza ýazypdy öýdýän. Nowca lampa çalşanda otagy pyrlaýa, lampany däl. İçin...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Rabiya (Şugün, 18:29)

Sebäp


Gowy goshgy......dowamy...
Şygryýet | Sebäp
rexha (Şugün, 17:43)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


innikide mana düz...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
rexha (Şugün, 17:33)

Bagyşla meni


Bagyşlammok...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
rexha (Şugün, 17:31)

Bagyşla meni


Haý awtor diýip öldüňizleý näme bir goşgy üçin sudýa gitjek bolýaňzmy?...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Crazy-boy (Şugün, 17:26)

Bagyşla meni


Bir görgüliň azabyny ogurlap at aljak bolýanlara nälet bolsun...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Bentner (Şugün, 14:51)

Bagyşla meni


Hmbah, mundan gelip çykdow...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
BAY-HAN (Şugün, 14:47)

Bagyşla meni


Bäh, gowy ýazypdyr bu goşgyny diýjek bolup durdum. Edil beýdäýmeli däl eken. Bimany bolsada, öz goşgyň bolsun. Bolmadyk ýerinde düzetseň bolýa....dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Gulmahrem (Şugün, 14:42)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Admininkini gotermeda beydip...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Domen (Şugün, 14:23)

Eje 1


...dowamy...
Şygryýet | Eje 1
@menin_dunyam (Şugün, 14:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика