Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Hxbbl : Birhili bolmak gowy eken gowy bolsan problema kopelya

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Umumy bölüm

Daglaryň dagy (hekaýa)
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 13.07.2024 / 22:10
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

"Biziň obamyzdan daglar görünýär,
Şol daglaňam hersiniň öz dagy bar."

Daglar! Siz ne beýle beýik, siz niçiksi owadan , siz nähili keramatly? Nädip şunça ýyllap , ençe gaý-tupanyň, harasatly ýagmyryň, doňakly buzuň, jowzaly Günüň howruna döz gelip , başlarňyzy belent tutup, parahat oturyp bilýäňiz? Siz nüçin elmydama adamlaryň aýdanlaryny gaýtalaýaňyz? Olaryň şatlygyny artdyrýaňyz, dertlerini täzeleýäňiz. Öz şatlygyňyz, öz derdiňiz, öz sözüňiz ýokmy ?! Ýa-da ony biz duýamyzokmy? Daglara dyrmaşdygyňça daglaryň dagy gutarýarmy? Daglara dertleşdigiňçe daglaryň dagy gutarýarmy ?
1937-nji ýyl. Ýaňy ýedi ýaşa gadam basan Ýagmyryň gözlerinde edil şu wagt dünýe durşy bilen gözellik, şeýle bir hezillikdi. Gamsyz çagalygyň şadyýan günlerinde , durmuşyň agyr labyryny çekmäge taýýarlandymyka? Ir sagat on töwereginde , mähriban maşgalasy bilen gök çaýyň hözürini tebigatyň goýnunda görmek aýratyn lezzet. Ejesi bolsa balasyna mähir bilen , buýsanç bilen göz aýlap gazanda şu mahalky durmuşyndanam süýji mürepbe gaýnadyp otyr. Eýsem mürepbe süýjümikä ýa-da durmuş ? Eýsem onuň durmuşy şu gaýnadyp, agdarýan mürepbesi ýaly süýji bolarmyka? Şol belent daglardan güwläp gaýdýan harasat kimin belada birden geler ekeni . Böwrüne "Tiz kömek" ýazylgy dogtar maşyny göýä dagdan inen harasat ýaly edil olaryň alkymyna indi. Eýgilikmikä? Eýgilik bolarmy. Ulagyň içinden bäş sany adam çykdyda tupanly tüweleý deýin oturanlaryň üstüne şuwlap, daşyndan aýlandy.
-Annasoltan Kekilowa şu ýerde ýaşaýarmy? Haýsyň bolsaň derrew maşyna mün.
Duýdansyz gelen dag ýeli oturanlaryň hijisem aňşyryp ýetişmedi. Körpeje Ýagmyryň käbesi Annasoltan :
-Näme üçin münmeli,nirä gitmeli ?-diýip geňirgendi.
-Nirä bor psikbolnisa-diýip dogtarlar ony maşyna tarap çekeläp başladylar. Ýagmyr ejesini göýbermejek bolup, mamasy bilen aglap-eňräp , çekeläp başladylar . Gelen tüweleý garryja mama agzyndan gelen paýyş sözler bilen şuwlap,körpejäni gursagyndan bat bilen itip göýberdiler. Biçäre zenan:
-Waý balam- diýip oglunyň yzyndan gygyryp galdy. Ogly Ýagmyrda ysgyn-mejal galmady. Tiz kömek ýöräp başlandan , kijijek ellerine ilen ýarty kerpiji , güýjüniň ýetdiginden aýlap ulaga,olara tarap zyňjak boldy. Emma öz zyňan kerpiji edil öz aýagynyň aşagyna patlap düşdi...
Ine size gerek bolsa 1937-nji ýyl.

*   *   *

Hekaýa Annasoltan Kekilowanyň ogly Ýagmyr Ylýasowyň dilinden alyndy.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.

Çeşme: yazyjy.ucoz.net


175

8

1

0

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 14.07.2024 / 11:12

+0

meňem daga gidesim gelyadä

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Unudyp bilemok.


Goshgy gowy,her setirinin manysy has erbet yatlamalary yatlamagyna sezewar etya...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:03)

Unudyp bilemok.


Olam shol unudan adamyn senin aňyňda goyan yatlamalarna bagly,karoche unutdum diyenindede hokman birgun yatlanylyar...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:02)

Unudyp bilemok.


Unutmak kyn ish,yone unudanyndan son shony arasynda ya goz yash bilen yatlarsyn yada yuzunde bir yylgyrysh doredip yatlarsyn...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:01)

Unudyp bilemok.


Awtory kim?...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
Sebap (Şugün, 07:51)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Emeli añyn ozi terjime etyara...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Watjik (Şugün, 07:43)

Test


Onyaly soygi galdymow,senin indi oýune getirenine kayyl bolanaklar nm icin erkeklen sacy duship callt garrayalar,sebabi eltenini iyip on bilenem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Arsi (Şugün, 05:52)

Test


Biz dűnÿă gelende hiç zatsyz geldik. ALLA műñ şűkűr işlerimiz ugruna hem gaty gowi. Nesibeli gűn bardyr őÿlenmegiñem. Esasy zat men ony tanaÿan,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
@menin_dunyam (Şugün, 01:17)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


Dushunmeyani uchin zeyrenip yzygider ideg isleyan,nu olam bolanyok shon uchinem sho kishi bozuklygy mende bolya...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:11)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy- mende bolyan yagday...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


1. Narsistik kişilik bozuklygy -- Bu bozuklykdaky kişiler partnýorynyň özüne düşünmeýänliginden zeýrenip, yzygider ideg isleýänligi we manipulýas...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
rexha (Şugün, 01:10)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика