Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Yüregim ýa señ bilen ursun ýada ömürlik dursun ??

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Muña ykbal diýerler - Hekaýalar
Premium
 BAYOGUL [on]
 20.07.2024 / 17:07
 Yurekdesh.ru

Şäheriñ merkezindäki et dükanynyñ içi hümerlenişikdi. Şeýle-de bolsa, galmagal-gowur ýokdy, her kim nobatyna alyp durdy. Hortañ, ýañaklary içine çöküşen satyjynyñ mañlaýyndan düwmelenip-düwmelenip der akýardy. Daşyndan göräýmäge ol şunça märekä hyzmat edýänligine monça ýalydy. Et satyjysyna alyjylary razy etmek ýeñil-ýelpaý işem däl-ä.
Nobaty golaýlan orta boýly, etleki adam: "Şeýtana sapak beren bi. Eti gapana gatyrak oklaýar, tereziniñ "diljagazy" belli bir sana barmanka aýyrýar. Şeýdibem, ýüz elli gram kem berýä" diýip, satyjy barada oýlanýar. Adamlar muny bilmeýärlermikä ýa-da "ownukçyllyk" etmeýärlermikä?
Hawa, Didar aga obada magazinçidi. Zähmet rugsadyny alypdy-da, şäherde täze jaýa giren oglunyñka gezmäge gaýdypdy. Ýöne onuñ oba adamlarynyñ bir köpügini çileni ýadyna düşenok. Ýogsam, obalylar juda sada ahyyry.
Ynha, onuñ öñünde iki adam dur. Birden ol satyjynyñ gözlerine siñe-siñe seretdi. Ýüreginiñ urşu artan ýaly boldy. Dur-la, ol bi melguny bir ýerde görüpdi. Nirede? Aý, onsoñam, dünýäde meñzeş adam gytmy?
- Sakgaldaş, näçe kilo çekeýin?
Didar aga erbet düýş görüp, hopugyp ukudan oýanan ýaly, tisginjiredi: "Sesem-ä, tanyş munuñ. Be-e, şolmukanaýt".
- Öýüñde uklasañ, ýagşy bolardy, sakgaldaş.
Satyjynyñ içýakgyç ýylgyrmasy Didar aganyñ añyrsyny bäri getirdi:
- Bir ýüz elli gramy kem, üç kilo çek.
Satyjynyñ ýylgyrmasy şo bada sumat boldy, ýöne ýüzi gyzmady. Didar aga eti aldy-da, gyradaky köneje otyrgyçda ýerleşip, satyja ser salmagyny dowam etdirdi. Onuñ göz öñünde uruş wakalary janlandy. Sowet Goşunynyñ bölümleri yza çekilýärdiler. Daş-töweregiñ oýmur-oýmur çukur bolup, howadan däriniñ ysy ajymtyk gelýärdi. Esger Didar Berdiýew tümmegiñ ýanyndan geçiberjek bolanda iññildi eşitdi. Ol awtomatyny berk gysymlap, sakga durdy.
- Kö-mek ediñ!..
Didar ýaraly esgeriñ ýanyna baryp, mañlaýyna gan saçalanan kellesini galdyrdy:
- Dost jan, suw bersene.
Esger onuñ goşaryndan tutup, mytarasyndakyny boşadañkyrlady. Her hal, Didar suw gabyny çekio aýyrdy. Gyssanmak gerek, yzda nemes tanklarynyñ sesi eşidilýär.
Didar ýaralyny arkasyna alyp, öñe ugrady. Öñýanjagazyndaky tokaýa ýetmeli. Rus tokaýy... Halasgär ol. Didar tokaýa girenden soñam, tä ysgyny gaçýança gidip, çemeli ýer peýläp otyrdy. Demini dürsedi: "Biziñkiler eýýäm arany açdy. Zyýany ýok, men bir esgeri ölümden halas etdim". Ol bu esgeriñ snarýad ýarylanda señseläp, kellesinden ýaralanandygyny anyklady. Kellesini sarady. Biraz gurbatlansa, özem ýöräp biljek.
Goşhaltasynda galan ýekeje konserwini açyp, gatan döwüm çöregini ortada goýdy. Ýaraly ilki işdäsiz tamşandy. Didar iýdirmek üçin, ony gyssady:
- Çalt iý, dost jan, bu taýy öýümiz däl.
Bu täsir etdimi ýa işdäsi açyldymy halas edeni basym göwünjeñ iýip başlady, onsoñ Didar çekildi.
- Näme iýmediñ?
- Men dok.
Elbetde, Didar ortadakylary lak-luk atsa-da, doýjak däldi. Ol ysgyny gaçan ýoldaşyny gurbatlandyrmak isleýärdi.
- Adyñ kim?
- Hudaýguly.
Olar elleşdiler.
- Suw galmadymy?
- Az-kem bar.
Didar oña mytarasyny uzatdy. Hudaýguly galanja suwy sokga sordy. Ol kemterisinden gulkuldyny gözleri bilen ýuwudýan şekilli seredýän Didara bir owurdam mürähet etmedi. Didar beýlesini bakyp ýuwdundy-da, ýarçyk-ýarçyk bolan dodagyny ýalaşdyrdy.
- Gideli.
Ol Hudaýgula söýget berip galdyrdy.
- Başym aýlanjak bolýa.
- Ýöräbereli, aýrylar.
Olar ugradylar. Käte dem dürsäp, iñrik garalýança gitdiler. Tokaý gutarmady, özleriniñkem ýetdirmedi. Onsoñ düýbi köwlen agajy penalandylar. Gaýmalaşýan akja gar ýere düşýärdi. Uzak oturmak mümkin däldi, barha güýjeýän sowuk doñdurjak.
- Ýagdaýyñ niçik?
Hudaýguly sargyny elleri bilen barlaşdyrdy.
- Ýagşy, sargydyñ ýüzüne gan çykmandyr.
- Gorkma, tiz gutularsyñ.
- Uklasym gelýä.
- Bir sagat dynç alaly.
Olar biri-birine has gysylyşdylar. Didar ýoldaşyna sowal berdi:
- Öýlendiñmi?
- Juk.
- A meniñ bir çagam bar.
Ara dymyşlyk düşdi. Didar Hudaýgula gañrylyp seretdi. Ol uklapdyr. Didar ýoldaşyna şinelini örtüp, gezmeledi, ellerini owkalaşdyrdy. Bir sagat çeni bolanda, ony turuzdy. Hudaýguly süýji-süýji pallady-da:
- Gijelikde azaşarys.
- Barybir, ýola beletçiligimiz ýok.
Esgerler ýene ýola düşdüler, ahyry dañyñ ümüş-tamyşlygynda tokaýyñ çetine çykdylar. Gar indi torgaýlap ýagýardy. Agaçlaryñ başlary şuwwuldap ses edýärler. Töwerekde käte ýalpyldap gidýän yşygyñ ýagtysyna golaýjakdan ýoluñ geçýänligi bildirdi. Añryýanyndan ýene tokaýlyk başlanýar.
- Halys ysgyn-deramatym gaçdy, ýakynda oba-ha bolmaly - diýip, Hudaýguly madyrdady.
- Ýuwaş, ýöne ony nemesler eýeläpdir.
- Nätmeli, onda?
- Yza çekilip, agşama çenli garaşmaly. O tokaýlyga onsoñ geçeris.
- Barybir, açlyk, ýadawlyk heläk etjek.
Hudaýguly yrañ-darañ edip öñe ýöredi.
- Dur!?
Didar özüne erk edip bilmän, çirkin gygyryp, ony gujaklady. Onýança, yşk ýalpyldap, awtomat tatyrdady. "Wah" edip, Didar egildi-de, aýagyny tutup, gara süsdürildi. Ýoldaşy yza çekilip, sumat boldy... Ol gözlerini açanda, näçe mahal ýatanlygyny hakydasyna getirip bilmedi. Diñen gar ýarpy göwresini örtüpdir. Bir aýagy bütinleý jansyz. Agzynyñ içi gus-gury, göwresi buza dönüpdir. Esger ýene gözlerini ýumdy. Birden onuñ gulaklaryna ses eşidilen ýaly boldy. "Aý, bu göwnümedir, akylym çaşgynlaýar öýdýän" diýip oýlandy. Sesiñ weli, yzy üzülenok. Özem zenan sesi, kömege çagyrýar, aglaýar. Ejize kömek etmek duýgusy esgere biraz gurbat berdi. Ol dişlerini dodagyna geçirerläp gysyp, gozgandy-gozgandy-da, bir eline direnip oturyp bildi. Töweregine diñ saldy. Ses, asyl uzakda däl eken. Golaýjakdaky ýol ugrunda nemesiñ biri iku at goşulgy arabanyñ üstünden ýetişen gyzy düşürip, gozakly motosikline süýräp gelýär. "Wagşy"... Ol awtomatyñ gulagyny gysyp goýberip, arkanlygyna ýykyldy.
Didar bu gezek gor ýaly ýylyjak rus öýünde gözlerini açdy. Görse, bir kempir bilen ýetişen gyz üstüne abanyşyp dur. Gyz halasgäriniñ özüne gelenligine begenip, horkuldap aglady...
Ýatlamalaryñ arasy şarta üzüldi. Didar aga gozganjyrap, duluklaryndan syrygyşýan deri süpüreýinem diýmedi. Onuñ ysgyny gaçyp, gözleri peträp hanasyndan çykyp barýardy: "Jeñ meýdanynda ýaraly ýoldaşyñy taşlamak, dönüklik bilen barabar ahyry".
Duranlaryb oña gözlerini aýlany boldy. Bir ýaş ýigit bolsa, ýanyna geldi:
- Ýaşuly, saglygyñ ýokmy?
- E-e..., bi şol! Şol!!
Güñleç sese duranlar añk-tañk boldular. Ýaş ýigit gaýra çekildi.
- Şol bi, kezzap Hudaýguly!
Didar aga ýokary turup, yranjyrap satyja garşy ýöneldi. Satyjynyñ etli elleri howada doñup galdy, ýöne Didar oña ýetmedi. Çep gursagyny tutup, birýana gaýdanda eserdeñ hem çakgan ýaş ýigit tutmaga ýetişdi. Ol aljyraññy gygyrdy:
- "Tiz kömege" jañ ediñ!
Satyjy-da aýak üstünde zordan durdy: Jeñ meýdany... Özüni halas eden esger, soñ ol ýaralananda, taşlap gaçyşy göz öñünde janlandy.
Didar aganyñ endam-jany ot alan ýaly lowlap gyzýardy, hut ellerini çürşürip barýar. Ol guran dodaklaryny ýalaşdyryp, samyrdady:
- Bi şo... kezzap... dönük.
Ýaş ýigit gözlerini elek-çelek edip, bütinleý aljyrady. Alyjylar daşyna ýygnandylar.
Bi agyryly ýürekde gör, näçe pynhan syr barka? Ýaşuly özüni dürsese barysy belli bolar.
Hawa, muña ykbal diýerler.


161

8

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Arabchik [off]
  Ýagşylyk etseñ ynsana,Aýlanyp deper ýeñsäñe
 20.07.2024 / 17:10

+0

Gowy eken dos

 Täzeje
 Мерет [off]
 20.07.2024 / 17:13

+0

Shu hekayalarny okamadym dogrysy Sebabi onki yalydyr oydup, nastroyeniya bozlarmyka dp gorkym bar


Premium
BAYOGUL [1s] (20.07.2024 / 17:14) 

Мерет, :

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 20.07.2024 / 17:25

+0

Mundanam uzyny yok ekenimi

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 21.07.2024 / 09:43

+0

uzyn bolsada okadym oturypjyk

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Şugün, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Şugün, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Şugün, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Şugün, 20:05)

Ajy ýylgyryş


Yürek bilen okadymda gaty gowy gosgy eken ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Aixcam_nx (Şugün, 19:11)

Ajy ýylgyryş


Mmanyly eken sagbolun yetirenize...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Sebap (Şugün, 18:31)

Ajy ýylgyryş


Men ömürlik çaga bolmaga razy, Şol döwürler bir yzyna dolansa. Ajy ýylgyryşly hiç ýylgyrmazdym,...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Sebap (Şugün, 18:29)

Yone gyzyklanyan


Hawa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Boxer (Şugün, 17:58)

Senem söýermin?


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Senem söýermin?
Jasmin (Şugün, 17:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика